möminleriñ emiri Alydan ( ondan Alla razy bolsun) $eýle rowaýat edipdirler: -men bir gün Resul Hudanyñ ga$yna baryp gördüm.Resuly Huda aglap oturan eken,$ol wagtda men: -ýa Resul Huda,näme üçin ýyglar siz?-diyip soradym. Resul Huda: -ýa Aly,Magraja baramda köp zatlary gördüm we men $olar ýadyma dü$üp ýyglaýaryn -diýdi. $ol wagt men -ýa Resul Alla,maña ol wakany habar beriñ- diýdim. Resul Huda: -Hak Tagala meni Magraja iberdi,men onda örän uly we haýbatly bir peri$de gördüm.ol peri$de örän gazaplanyp oturan eken...-diýip aýtdy. Ýene Resul Huda aýtdy: -ol peri$däniñ haýbatyndan gaçyp ,Jebraýylyñ ganatynyñ astyna bardym we ondan soñ: -eý doganym Jebraýyl,bu kimdir-diýdim. $ol wagt Hezreti Jebraýyl aýtdy: -...ol dowzahyñ mäligidir... $ol wagtda Resul Huda: -eý Mälik.dowzahy maña görkezgil-diýdi... Resul Huda ýene aýtdy: Men: -eý mälik,bu dowzah näçe ýerden ýeri köýdürer?-diýdim. Mälik: -bu dowzah müñ ýyllyk ýoldan garany ak eder,müñ ýyllyk agy bolsa tä kyýamata çenli gara eder. Ýene mälik.: -bu dowzah ýedi deredir. Owwal Jähennemdir. Ikinji lazadyr. Üçinji hutamdyr. Dördünji jehimdir. Bä$inji sagyrdyr. Altynjy sakardyr. Ýedinji häwiyedir. -diýdi. Men: -eý mälik,her bir deresi kimleriñ jaýy we mekanydyr ?-diýdim. Mälik: -owwalky dere mynafyklaryñ (iki ýüzlileriñ) jaýydyr. Ikinji dere,hezreti Nuhuñ kowmunyñ jaýydyr. Üçünji dere $eýtan betbagtyñ jaýydyr. Dördünji dere,Hudaýlyga dawa edenleriñ jaýydyr. Bä$inji dere,tekepbirlik kylyjylaryñ jaýydyr. Altynjy dere,jöhütleriñ jaýydyr. Ýedinji dere ... Günä sagyra we günä kebire eden we bitoba bolup duran ymmatyñyñ jaýydyr - diýdi. Ýene Resul Huda: -eý Mälik!mañ dowzahdaky asy ymmatymy görkez-diýdim... ... Men ýene bir jemagaty gördüm,dowzahyñ ortasynda durupdyrlar.olaryñ gollarynda otdan gamçy bar.olar bendäni örteýäler.$ol wagt men: -eý mälik,bular kimler- diýip soradym. Mälik aýtdy: -bular dûnýäde pynhan nähak i$ edenler,halk arasynda nähak i$ etmedik ýaly bolup ýörenler we toba etmän bu dünýä gelen adamlardyr... Ýene Resul Huda aýtdy: -men bir hatyny gördüm welin.göwsünden asypdyrlar we zakgun onuñ damagyndan akyp dur. Men aýtdym: -eý mälik,bu nähili hatyndyr? Mälik: -bu hatyn ärinden birugsat halklaryñ balalaryna süýt beripdir-diýdi. Ýene bir hatyny gördüm,saçyndan asyp goýupdyrlar.onuñ beýnisi gaýnap dur. Men: -eý mälik,bular kimlerdir- miýdim. Mälik: -bular bimany söz aýdyp.ärlerini agyrdypdyrlar- diýdi. Ýene bir hatyn gördüm,özüniñ teninden etini üzüp alyp iýip dur. Men: -eý mälik,bu nähili hatyndyr? -bu hatyn dünýäde özüne zynat berip,nämähremlere özûni görkezenlerdendir- diýdi. Ýene bir bölek hatyn jemagatlaryny gördûm,aýak gollary bagly,ýylan içýan etlerini iýip durlar. Men: -eý mälik!bu ne hatynlardyr ?- diýdim. Mälik:: Bular täretini nädürs edenlerdir-diýdi. Ýene bir bölek hatynlar gördûm,ol hatyny otdan bolan tabyda salypdyrlar. Men: -eý mälik.bular kimlerdir?-diýdim. Mälik: Bular zynadan ogul edip,ol oglany "atasyndan bolupdyr"-diýen bihaýa hatynlardyr-diýdi. Ýene bir hatyn gördüm,ba$y a$ak ,aýagy ýokary durupdyr,otdan bolan tamdyra salyp asyp goýlupdyr. Men: -eý mälik,bular kimler?- diýip soradym. Mälik: Bular nämähremler bilen bu ilden ol ile ýolda$ bolup ýören hatynlardyr- diýdi. Ýene bir hatyny gördum,it sypatynda bolup durar.ol hatynyñ ot içinden ötüp agzyndan çykyp durar. Men: -eý mälik,bu kimdir?-diýdim. Mälik: Bular zynadan ogul edip,ol oglany öldüren hatynlardyr-diýdi... ... ("ajaýyplyklaryñ dûri" kitabyndan(gysgaldyp) alyndy)
Nur...
-
makgush
12 years ago
- dowzah odundan allah gorasyn, mena okap bir-hili boldum.
sagbol nejep aga paylashanyn ucin. Shular yaly yazgylary halk arasynda wagz edilsedi, gunalerine toba eder yaly.
-
ata
12 years ago
- Allah razy bolsun, Nejep!
Okap inin tikeneklap gidyar, aslynda. Yone yokardaky beyanlar Jennetin(ucmah) arzan daldigini, Jahennemin (dowzah) hem gereksiz daldigini ashgar edyar.
Pygamberimizin degishli beyanlaryndan paylashayyn men hem:
bütin arşy-kürsi heyejana getirip, ýazgyt galamlarynyň boljak-geljegi ýazyşyna şaýat bolmaklyk, Jennet we dowzahy aýlanyp görmeklik ýaly aýratynlyklary özünde jemleýän ýeke-täk pygamber, Aleýhissalatu Wesselem Pygamberimizdir. Ine, bize-de şeýle magraç bagyş edilipdir. Ol magraç syýahatyna çykanda Rebbimiziň sowgadyny bize getirdi. Bu sowgat namazdyr. Namaz müminiň magrajydyr.
Biz bu ýerde Pygamberimiziň (s.a.w.) edebinden söz açýarys. Sözümizi bu ýere getirmäge iteren sebäp bolsa "Onuň (s.a.w.) ahlagy, edebi nähili?" diýen sowal boldy. Aslynda onuň edebiniň, ahlagynyň nähilidigini pikir etmeklik zerur hem däldir. Jogap gysga hem-de aýdyňdyr: "Allah Resuly (s.a.w.) kimiň ýanynda özüni nähili alyp baran bolsa we nähili alyp barylmagyny isleýän bolsa, ine şeýle..." diýmek ýeterlikdir.
Bu ýagdaýda, ynsan ulularyna, halypasyna, mugallymyna, serkerdesine, ýolbaşçysyna hakykatdan daş düşmezlik şerti bilen we olar-da hemişe hak we hakykat ölçeglerine görä hereket eden ýagdaýynda, hormat goýmaly, sözlerini diňlemelidir; bu-da edebiň bir görnüşidir. Ýöne edebi bir taraplaýyn göz öňüne getirmek ýalňyşdyr. Ulularyň kiçilere we ýokardakylaryň-da aşakdakylara garşy saklamaly edebi bardyr. Hakyky edep-de, bu iki ganatyň her biriniň özlerine düşýän edep borjuny doly ýerne ýetirmekleri bilen mümkindir.
Ol (s.a.w.), ynsanlardan bir ynsan bolup ýaşapdy
Pygamberimiz (s.a.w.) dostlary bilen bir hatarda edilmeli işlere işjeň gatnaşardy. Öý işlerinde-de aýallaryna ýardam bererdi. Hiç kime hökmüzorluk bilen şahsy işlerini etdirjek bolmazdy. Belki dostlary Onuň işlerini etmek üçin göýä bir-birleri bilen ýaryşardy. Ýöne, her gezeginde, iş etmek üçin ilkinji Ol meýil ederdi.
Meselem, bir gezek ýolda düşlänlerinde nahar taýýarlamaly bolýar. Bir sahaba “Goýny men keserin” diýse, beýlekisi “Etleri-de men bölüşdirerin” diýip, her kim bir işi öz üstüne alýar. Pygamberimiz-de (s.a.w.) derrew ýerinden turup, “Odun ýygmak-da meň boýnuma” diýýär we odun ýygmaga gidýär. Hendek gazmak işine gatnaşandygy, mesjidiň gurluşygynda sahabalary bilen deň durup kerpiç daşandygy hemmämize mälimdir. Ol özüni şeýle alyp bardy we dostlaryny-da şeýle ahlakda ýetişdiripdi. Şonuň üçin-de, Ebu Bekirler, Omarlar, Osmanlar, Alylar (r.anhüm) aklyňy haýran etjek derejede hak we hukuga üns berip, adalata baglylykda ýaşadylar. Muny olara Allah Resuly öwredipdi.
Amr b.Asyň (r.a.) bu mowzukda talapkär hereket etmeýändigini eşiden halyf Hz. Omar (r.a.) oňa ýazan hatynda şeýle diýýärdi: “Ynsanlar enelerinden azat ýagdaýda doguldylar. Haçandan bäri olary gul hökmünde ulanmaga başladyňyz?!...”
Bu ölçegi saklap bilmek-de olaryň Pygamberimizden öwrenen edepleri saýasyna mümkin bolýardy.
Diýmek, bu günüň we ertirleriň ynsanynyň öňünde bir Edep ýol görkezijisi bardyr. Onuň edebine uýmak bilen şahslar we jemgyýet her dürli howpdan, gorkudan gutulyp; asuda, päkize, parahat durmuşa gowşar. Ýöne biz, bu gysga makalanyň dowamynda Onuň ýokary edebini we ahlagyny doly beýan edip bilmändigimize gynanýarys. Mowzuk bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumatlara ulaşyp, iň kämil we ýokary ahlak bilen iberilen Ynsany has ýakyndan tanamagy okyjylarymyzyň özlerine goýýarys.
Ceshme: www.mugallym.narod.ru
-
ata
12 years ago
- Resul alaýhyssalam aýtdy: Men Magraç gijesi asmana çykdym. Asmanda misli gögüň owazy dek bir owaz eşitdim. Men ol ýere garadym. Bir topar adamlaryň garynlaryny misli gümmez dek gördüm. Men soradym:
— Eý gardaşym, Jebraýyl bular kimlerdir?
Ol aýtdy:
— Bular süýthorlardyr.
Resul alaýhyssalam aýtdy:
— Her kim süýthor bolsa ahyrýetde ol bendäniň garnyny otdan doldurarlar. Her kim süýthorlukdan mal gazansa, ol bende malyndan sadaka etse kabul bolmaz we onuň sogaby bendä nesip bolmaz.
Resul alaýhyssalam aýtdy:
— Süýthorlukdan ýetmiş dürli günä hasyl bolar. Ol günäleriň pesi enesi bilen zyna edeniň günäsiçe bolar. Her şäherde, her kentde, ýa her ilde süýthor bolsa, Allatagala ol şäheri bela-beterlerden aman etmez. Ýagy köp bolar, ýa agramçylyk bolar. Zalym patyşalara musallat eder. Her niçik belalara mübtela (duçar) eder.
Bir gün Mälik ibn Dinar[1] bir syrkawyň halyny soramaga bardy. Ol bimar hem bitakat bolup ýatyrdy.
Mälik Dinar aýtdy:
— Eý bende, niçik bitagatlyk eder sen!
Ol aýtdy:
— Eý Mälik Dinar, aldymda iki dagdan ot bar. Gije-güňdüz ýanyp durar. Men ol oduň hesretinden bitakat bolýaryn.
Mälik ibn Dinar aýtdy:
— Sen süýthorluk edip iki daş saklapsyň.
Ol aýtdy:
— Eý Mälik, hawa men süýthordym. Iki daşym bardy. Biri ýeňil, biri agyr.
Mälik ibn Dinar aýtdy:
— Eý bende, ölmezden öň toba etgil. Ol syrkaw Mälik ibn Dinaryň ýanynda toba etdi. Bir zamandan soň Mälik ibn Dinar sorady:
— Halyň niçik boldy?
Ol bende aýtdy:
— Alhamdulillahy repbil älemin. Ol ýanyp duran iki ot ýok boldy.
Mälik ibn Dinar aýtdy:
— Onuň ýaly bolsa, tobaň kabul bolupdyr.
Ýene Mälik ibn Dinar aýtdy:
— Eý bende, mundan öň hiç bir alyma barmanmydyň?
Ol syrkaw aýtdy:
— Şäher alymsyz bolarmy? Alymlara ýolukmaýan adam bolarmy? Men alyma ýolukdym. Alymlar bilen oturdym. Aş iýdim. Ýoldaş boldum. Her sapar ýolugandan aýrylyşýança, ol gözüme zalymdan ýaman göründi. Indi ýaňy musulman boldum. Mundan öň kapyr ekenim. Men her wagt namaz okap, oraza tutup ýöresem hem musulman däl ekenim – diýip keleme şahadaty aýtdy we jan berdi.
Eý Taňrymyz! Hemmäniň tobasyny kabul et! Ämin!
Ceshme:
ELLI SEKIZINJI BAP SÜÝTHORLARYŇ AZABYNYŇ BEÝANY
-
ata
12 years ago
- yene-de shol cheshmede Turkmen Zaman gazetinden alynan bir yazgy bar ekeni Magrac gijesi we ahmiyeti barada, onam shu yerden okap bilersiniz!
-
turkmenntug
12 years ago
- alla razy bolsun ...doganlarym.
-
missmaysa
12 years ago
- amin.yetireniniz un minnetdar allah razi bolsun
-
Gapgaraja
12 years ago
- salam ahlinize.....
Dushnukli zat biraz gorkunchrakdyr....yone musulman halymyzda tayyn bolmalydyrys..cunki alla-tagaala kurany-keriyminde sheyle diyya:
"olara (yagny musulmanalra) dowzah bilen gorkuzgyjy ayetler gelende olar gaty gorkuda bolarlar...yone her wagt plara jennet bilen bushlyk gelse olar demini arkayyn alyp begenen halynda bolarlar"
-
Oguzogly
12 years ago
- Sagja bol Nejep aga paylashanyna.
Alla seni oz penasynda aman saklasyn.
-
turkmenntug
12 years ago
- SAg bol Meken aga.
Karat 12 years ago- Minnetdar. Yene yetirip dur.