Salam mähriban talyplar.com-yň agzalary!!! armaňda??? Size uly bir haçyşym bar ene hakda goşgy gerek mümkin bolsa ene, mähriban käbelerimiz hakynda goşgy tapyp bermeňizi haýyşt edip ! ! !
Ene hakynda.........
-
Barmaley
12 years ago
- Gowy goshgy eken. Ene hakda heýde goshgy düzmän bolarmy.
-
heartbreaker
12 years ago
- säher bilen hemmämizi oýadýan
süýt bişirip çaýymyzy gaýnadýan
soňra bolsa-başymyzdan sypalap
gapa çykyp ak mekdebe ugradýan
Mähriban enemizdir
ugradyp yenede seredip duran
"usaymegin" diyip owredip duran
ta garan yityança yzyndan garap
boyuna guwanyp, syn edip duran
mahriban enemizdir
saçy agarsada yuregi juwan
her bir sozi huwdi gujagy bossan
ayazda ygyşak yssyda çarbag
garanky gijede yyldyzly asman
mahriban enemizdir
beyik arzuwlary bitirip duran
her bir taze dany atyryp duran
butin yer şaryny çagajyk yaly
emdirip gujagna goterip duran
Mahriban enemizdir
-
heartbreaker
12 years ago
- sen eneni juda soyyandigini
bildirjek boluplar oda dusyarsin
gijeler hekaya yazyan hakda
gundizler o hakda goshgy yazyarsyn
menin welin sana nebsim agyryar
name uçin çekyan sen munça azap!
enene soyguni bildirmek uçin
bar ahyr bashga bir yonekey hasap
saher bilen turup yuzlerine syl
manlayyndan ogsap gashynda otyr
shuny goz uçin dal yurek bilen et
yssy bolsun yhlas çyn bolsun gadyr
ene halky senin gownun gulidir
yone olardada bolyandyr gowun
ona erte goshjak goshgyna derek
birje yyly soz ayday sen bu gun
yogsam birden gija galmagyn mumkin
enelerin omri in gysga omur
ene bolup biweç ogla syn etmek
ey allam! nahili agyrdyr agyr
-
mirasymyz
12 years ago
- Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...
Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: “Özüň et oň ýaly işi!”
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
“Öýe wagtynda gel, giç gelme balam..”
Ogly bolsa enä çenedi daşy.“Wah, nätsemkäm?” Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
“Indi ata bolduň, adam bol, oglum!”
Gysyldy gysyldy enäniň dişi.
Ene dişin gysdy otuz iki gezek,
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...
Kerim Gurbannepesow (enanin yashy)
-
Karat
12 years ago
- Soranmy$ bir wagt ay gune bakyp,
dunýäniñ görki ne aydyp bersene
gün hem diýenmi$in nuruny seçip
dünýäniñ bar görki enedir ene...
-
Filip
12 years ago
- Eneler hakda gowy zatlar yazypsynyz! Eneler in gowy sozlere in gowy durmusa mynasyp!
heartbreaker 12 years ago- Ejem jan
Enaýy aýdylan ajap sözleri
Bal gatyp ýüregme guýan ejem jan
Başym syzlan wagty nurly gözleri
Derdim duýup melhem bolan ejem jan
Çagajykkam başujymda otyrdyň
hüwdiň bilen yrap meni ýatyrdyň
uklamazdyň şeýdip daňyň atyrdyň
perzendini jandan söýen ejem jan
ýaşlygymda aýdan şirin gazalyň
aýdymlaň naýbaşy seniň owazyň
hüwdüňden döredýän dünýäniň ýazyn
bilbil deý owazly mährem ejem jan