maňa seniň gözleriňden gitme ýok. maňa seniň sözleriňden gitme ýok düşün bu dünýede soňky güne çen seniň şatlyk hem gussaňa bagly men seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok bu garagol jahyllykdan giderin. ol hasaly gojalykdan giderin çünki men olardan gitmän bilemok emma seniň ykbalyňdan gitme ýok men zemin. sen bolsa ullakan asman saçyňy nur edip üstüme dökýäň emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar saçlaryň gar bolup üstüme ýagar. şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme gararyn belentden ýeriň ýüzüne men bir gyzda gözleriňi görerin men bir gyzda sözleriňi görerin şapakda görerin-ýaňagyň alyn gijede görerin-ýaňagyň halyn synlap ýapraklaryň ýüzünde derin onda seniň gözýaşyňy görerin. zemin aýlanyp dur. oňatlyk örän! hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok. dünýäň her gülünde men seni görýän, şoň üçinem bu dünýeden gitme ýok.
Goshgy.
-
makgush
12 years ago
- Gowja goşgy.
-
Kurtoy
12 years ago
handsome1 12 years ago- berekella, minnetdar!!!
Okap lezzet aldym,
sebap lezzet alman bilemok.
Halypam sen gurbannazar sahyrym,
mana senin gosgulandan gitme yok.