ilki, şeýtanyň ynsan nesline näme üçin duşman bolandygyna ýeke jümlede degnip, soňra-da ynsany azdyrmak üçin haýsy ýollara ýüz urýandygyny aýatyň çäginde, şeýtanyň öz sözlerini esas almak arkaly düşündirmäge çalşalyň. şeýtan "çyk bu ýerden, sen indi kowuldyň we daşlaşdyryldyň" (hijr, 15/34) aýatynda beýan edilen "ylahy şarpygy iýenden", ýagny kowlandan soňra, durky bilen ynsan nesline garşy gahar-gazaba, ýigrenç duýgusyna bürenýär. hawa, hz. adam aleýhisselam bilen baglanyşykly rabbimiziň şeýtany synag etmegi we onuň bu synagdaky şowsuzlygy, şeýtana gaty agyr degýär we: "rabbim! meni azdyrandygyň üçin men hem ýer ýüzünde olary (günäleri) bezärin, zynatlandyraryn we olaryň (ynsanlaryň) ählisini hökman azdyraryn. ýöne yhlasly gullaryňdan beýlekileri" (hijr, 15/39) diýip, kasam edýär. diýmek, şeýtan bu hadysalar sebäpli diňe bir hz. adam aleýhisselama däl, onuň külli nesline gazaplanýar. köňli kinedir gahar-gazapdan doly bolanyň özüni kadaly alyp barmagyna garaşyp bolmajakdygy düşnüklidir. şeýtan hem, kuranyň araf süresinde bildirilişine görä, özüniň gahardyr gazabyny şu sözler bilen beýan edýär: "meni azdyrandygyň üçin, ant içýän, men hem olary ýoldan çykarmak üçin seniň dogry ýoluň üstünde oturaryn. soňra hökman olara öňlerinden, arkalaryndan, saglaryndan, çeplerinden ýakynlaşaryn we sen olaryň köpüsiniň şükür edýänleriň hataryndan çykandygyny görersiň." (araf, 7/16,17)
Şeýtanyň duşmanlygy.
-
Oguzogly
12 years ago
- Salam mirasymyz sen dogry aytyan nalek sinen iblis mydama bize yakynlashmak isleyar biz hem shona gora teswih dogalarymyzy kopeldip agsham namazlarymyzy okap dursak tobamyzy kylyp dursak Inshalla sheytandan dash durarysmykam oytyan.
-
makgush
12 years ago
- Oňa belli bir möhlet berilendir, ahyrýede çenli nälet siñen iblisi, ynsanlary dini ýolundan çykarmana, azdyrmana çalyşar. ahyrýet hacan boljagyny bir beýik allah(c.c) bilýändir, namaz okalyñ, ahyrýet üçin iman gazanalyñ.
-
makgush
12 years ago
- Oňa belli bir möhlet berilendir, ahyrýede çenli nälet siñen iblisi, ynsanlary dini ýolundan çykarmana, azdyrmana çalyşar. ahyrýet hacan boljagyny bir beýik allah(c.c) bilýändir, namaz okalyñ, ahyrýet üçin iman gazanalyñ.
-
Yegen
12 years ago
- Beýik HUDAÝA iman edip ýaşamaly, şeýtanyň ýoluna gitmeli däl.
-
Oguzogly
12 years ago
- Dogry aytyan makgush biz hem shol ahyryetin geljegini bilmeli we shona tayynlyk gormeli. Bu dúnýáden barsañ o dúnyá gardash nâler górúnjek gu gara basha haýyr gazan ýanyña ýoldash ýogsa gawra ýeke ýeke gider sen.
-
ata
12 years ago
- Miras aga, Allah razy bolsun paylashan zatlaryn ucin!
Men hem ertirlerdaki yazgylardan peydalanyp, mowzugyna goshant goshmak isleyarin!
Sheýtanyñ tagat---ybadatdakylara bolan hileleri:
1."Artykmach zahmet chekme,Alla keremdir"diyip ybadat edyan adamy ybadatdan gaytarar.
2.Amaly gijikdirmage buyrar"Namaz wagty gelse, "Entek wagt bar"diyip...
3.Amal edyan adamy howlukdyrar...
4."Edyan amalyny bashgalara gorkezip et"diyip aydar.
5."Ajap,sen gaty akyl etdin,hushyar bolup bu amaly yuze chykardyn!Senden bashga hich kim beyle hushyar (hazir) bolmady" diyip aydar...
6."Amalyny gizlin et,hich kime yzhar etme! Alla tagala seni yakyn wagtda halk arasynda sherif hem has salyhlardan edip hormatlar" diyip aydar.
7."Eger Alla Tagala seni bagtly yaradan bolsa, amal etmesenem bolar.Eger betbagt yaradylan bolsan,sana amal peyda bermez.... Name ucin,artykmach zahmet chekip,birahat bolyarsyn,nebsine zelel beryarsin?!?"
ceshme: ertir.com-dan GoldBagt
-
ata
12 years ago
- Araf süresi, 7/8-18 aýatlary
8-Ol gün terezi hakdyr. Kimiň (sogap)
terezisi agyr gelse, ine, şolar
(hakyky) gutulyşa (jennete we
Jemalullaha) eýe bolarlar.
9-Kimiň (sogap) terezisi ýeňil gelse,
ine, olar aýatlarymyzy (ýalanlap)
haksyzlyk edenlikleri üçin, özlerine
zyýan edenlerdir.
10-Dogrudanam, biz sizi ýer ýüzüne
ýerleşdirdik we ol ýerde
güzeranyňyzy görmegiňiz üçin
sebäpler berdik. Nähili az şükür
edýärsiňiz!
11-Ant bolsun, sizi ýaratdyk, soň size
şekil berdik, soňra bolsa meleklere
Adama sejde ediň! diýip emir berdik.
Iblisden başgasy sejde etdi. Ol sejde
edenlerden bolmady.
12-Allah şeýle diýdi:Men saňa buýruk
beren ýagdaýymda seniň sejde
etmezligiňe näme sebäp boldy!?
(Iblis):Men ondan has üstün. Çünki
meni (dumansyz) otdan ýaratdyň, ony
palçykdan ýaratdyň! - diýdi.
13-Allah:Şeýle bolsa Düş(çyk) ol
ýerden! Ol ýerde ululyk taslamak
(men-menlik etmek) seniň heddiň
däldir. Çyk! Çünki sen pislerdensiň! -
diýdi.
14-Iblis: Maňa (ynsanlaryň) täzeden
direldiljegi güne(Kyýamata) çenli
möhlet ber! - diýdi.
15-Allah: Bolýar, sen möhlet
berilenlerdensiň! - diýdi.
16-Iblis şeýle diýdi: Şeýle bolsa, meni
azdyranyň üçin, and içýän, men hem
olary ýoldan çykarmak üçin,Seniň
dogry ýoluň üstüne oturjak.
17-Soňra bolsa, elbetde, olara
öňlerinden, yzlaryndan, sag tarapdan
we çep tarapdan sokularyn
(ýakynlaşaryn) we Sen olaryň
köpüsini (yhlaslylar munyň daşynda)
şükür edýänleriň hatarynda tapyp
bilmersiň! - diýdi.
18-Allah şeýle diýdi: Hany,
tankytlanan we kowulan hökmünde
ol ýerden çyk! Ant bolsun, olardan
kim-de kim saňa tabyn bolsa, onda
siziň hemmäňizi jähenneme
dolduraryn!
-
ata
12 years ago
- Şeýtan jähenneme atyljagyny bilip
durka-da, näme üçin küfürinden
dänmeýär?
Şeýtan sözi öz manysyna görä, Hakyn
dergahyndan kowlan, rahmetden
uzaklaşdyrylan, gazanan dere-jeleri
öz garşysyna öwrülen, nygmata
ýetjek mahaly mahrum galan
diýmekdir. Ol düşen bu ýagdaýy
sebäpli, hak-hakykata düşünmez ýaly
daşlyga gaýyp giden, bozuk halkanyn
gurbanydyr. Bir hususa ünsünizi
çekmek isleýärin. Bozuk halka
jümlesini asyl ulanyşyndakydan biraz
tapawut-ly şekilde ulanýaryn. Asyl
manysynda bozuk halka, meselem,
nerw öýjüklerinin işleýşni bozýan
zäherli gaz ynsanyn öýkenine
düşende bozulýar. Şeýlelik bilen hem
gazyn düzü-mi bozulýar hem nerw
öýjükleri zaýalanýar. Netijede biri-
birine zyýan ýetiriji bozuk halka
emele gelýär. Şeýtan ilki başda men-
menligi we tekepbirligi bilen öne
çykdy. Meselem: «Men ondan has
haýyrlydyryn» diýdi we ilkinji şeýtany
düşünjesi döräp, ilkinji dialektiki
nukdaý nazardan bozuk halkanyn
birinji aýlawy döredi, öldüriji girdaba
ilk-inji ädimini ätledi, ähli istygfar
ýollaryny özüni aklajak bolmak
palçygyna basdyrdy we «Men ondan
has haýyrlydyryn» diýdi. Munda ilki
bilen özüne göwni ýetmeklik we
sonra daşyna çogan tekepbirlik, men-
menlik bardyr. Netijede, bu hereket
bilen bozuk halkanyn birinji aýlawy
orta çykýar.
Şeýtan günä iş eden mahaly, Hezreti
Adamam hata edipdir we ol gadagan
edilen miwä elini uzadypdyr. Emma
Hezreti Adam ýagdaýyna düşünen
badyna dyza çökýär. «Rabbim
nebsimize zulm etdik. Eger
bagyşlamasan, bütün-leý, ähli zadyny
ýitirenlerden bolarys» diýipdir.
Bagyşlamak ara düşen son Adam
atanyn daşynda bozuk halka
döremändir we Adam ata halas
bolupdyr. Şeýtan bolsa, şeýtanlarça
özüni aklap nebsini gorajak bolýar.
Özüne berlen duýduryşyn tersine
günäsini boýun almakdan gaçdy we
«Men ondan haýyrlydyryn» diýip heläk
boldy. Bir az sonra-da ynsanyn baş
duşmanyna öwrüldi.
Görün, ol nähili bet niýete münýär.
«Senin uluhyýetin-den ant edýärin,
olaryn ählisinin başyny aýlaryn».
Başga bir aýatda: «Saglaryndan,
sollaryndan, önlerinden, arkalaryn-
dan gelerin we olaryn köpüsini
şükürsiz görersin. Hemmesi gadyr
bilmez mugthor bolup ýaşar. Senin
nygmatyny iýer-ler başga birine-de
gulluk ederler. Senin nygmatlaryn
içinde ýüzerler emma seni
tanamazlar...» diýýär. Kur'any Kerim
has köp ýerlerde şeýtanyn bu
babatda samahyllamalaryny, ynsan
ogluna duşmandygyny we Rabbine
garşy isýan edişini düşündirýär.
Şeýlelikde, bu isýany sebäpli, Allah
tarapyndan kowuldy. Ol «Men ondan
haýyrlydyryn» diýende, Hak Tagala:
«Düşün aşak, hemmäniz»59 diýmek
bilen olary zyýanda goýdy. Bir
tarapdan, bahanasy
gabahatyndanam uly, beýleki
tarapdan-da, kasam edip, ynsan
ogluna duşman bolmagy ony Rabbyn
geçirimli, ýalkaýjy, beýgeldiji rah
metinden büs-bütin uzaklaşdyrdy.
Has sonra dolulygyna şeýtany
mantyga özüni aldyrdy we «Yzzatyna
ant bolsun, olaryn hemmesinin
başyny aýlaryn» diýip hümürdedi.
Şeýlelikde, ýol edinip, aldadyjylygy
saýlady. Aldatdygyça uzaklaşdy.
Uzaklaşdygyça öji artdy. Netijede,
bozuklyk, pyssy-pujurlyk bilen
bütewileşip ikinji bir häsiýete eýe
boldy. Uzaklaşdygyça azýardy,
kowuldygyça kinesini, ýigrenjini, bet
pälinden dönmejekligini, men-
menligini, lagnetkerdeligini aýdyp
durýardy. Allaha garşy jedele girýär,
dialektikadan söz açýar we
şeýdibem, Allahyn rahmetinden
uzaklaşmagy ony isýana, isýan hem
uzaklaşmaga iterýärdi we şeýtan
bozuk halkanyn gurbany bolup pälin-
den tapdy, ýagny kalby möhürlendi.
Munun manysy şudur, içinde
ýaramazlykdan başga hiç zat
galmady we gowulyga degişli ähli
düşünjeler, yşyk çeşmelerinin ählisi
sönüp gitdi.
Muny göz önüne getirip bilmegimiz
üçin bir mysal getireýin. Ynsan örän
mükerrem (kerem edilen) bir
barlykdyr. Özüne bagş edilen
mümkinçilikleri ulanyp bilen
ýagdaýynda melekleşer. indi örän
mähriban, namazynda, nyýazynda,
orazasynda, hajynda, zekatynda we
ynsanlar bilen gatnaşygynda göwni
açyk üýtgeşik bir ynsany göz önüne
getirin. Emma bu üýtgeşik ynsanyn
bir ýerde mertebesine deglipdir,
namysa galypdyr, duýgulary
depelenipdir we ynsan hökmünde
asla hasaba-da alynmandyr. Şeýle
hal-daka beýnisine beýik
daglardanam agyr agram düşüpdir.
Hatda bir döwür şeýle bir hala
düşüpdir çydam edip bilmän, beýnisi
ýarylara gelipdir. O pursatda onun
kellesinde ne dözümsizlik, ne paýhas,
ne geçirimlilik, ne-de ginlik galar.
Dünýesi tutuşlygyna kine we
ýigrençden dolan bu adamy anynyzda
janlandyrsanyz jähennemden syçyran
uçgunlar ýaly dine öýke we kine
görersiniz. Şol wagt hernäçe nesihat
bersenizem ona hiç zat düşündirip
bilmersiňiz...
Herkes özünin şahsy durmuşynda
muna menzeş zatlary görendir we
başdan geçirendir. ine, şeýtan
durmuşynyn her dem salymy
ondanam az pursatda şeýle kinelerin,
ýigrenç-lerin, bet pälden el
çekmezligin içinde goluny gerip
duran bir barlykdyr. Tutuş
durmuşynda, näçe ýaşasa,
erbetlikden başga zadyn pikirini
etmedikdir. Ol şeýle dartgynlylyk
içindäki ýaşaýyşdyr. Bu, elbetde,
peýdaly, haýyr işin hatyrasyna
ýaşalýan dartgynlylyk däl-de, şeýtany
dartgynly-lykdyr... Bu haly bilenem ol
dine şeýtanlyk etmegin pikirindedir.
içi erbetliklerden dyp-dykyz doly
bolanson, gowulyk etmäge wagt
tapmaýar. Bu sebäpden hem, bir
seretsen, Allahy bilýän ýaly bolsa-da,
öýkeli müminin Allahy bilibem
öýkede mahaly paýhas-parasady
unudyşy ýaly, ol hem Allahy bilýänem
bolsa Allahy ýadyna salmaýar we
iman etmeýär. Çünki içindäki zatlar
muna böwet bolýar. Beýle
bozuklyklaryn yzygiderliliginin
gurbany bolan şeýtan ýaly, edil şonun
kimin zaýalanan örän köp ynsan-da
bardyr. Olar hem şeýle erbet duýgy
we düşünjänin gurbany bolan men-
menligine we nebis butuna
çokunýandyrlar. Bu meselede hiç
kimse hemişelik goragda däldir. Biz
mümin musulmanlaryn ýeke-täk
hemaýatkäri Allaha (jelle jelaluhu)
ynamymyz we Ona bil baglaýanly-
gymyzdyr. Ona bil baglaýarys we Ona
daýanýarys.
Rabbim şeýtany ýollary arçap o
ýollardan ýöremekden bizi Özi
gorasyn.
-
ata
12 years ago
- Şeýtanyň niýeti:
Ynanan ynsan pany ömürde baky
sagadata we ölümsizlige ýetişi ýaly,
inkär eden hem ebedi şowsuzlyga we
betbagtlyga uçrajakdyr. Ýogsa,
Zahyry Adalatyñ talabyna laýyklykda
her kimiñ öz ybadatyna we
ýagşylygyna ýa-da kezzaplygyna we
ýamanlygyna görä lutf we yhsana,
gahara we azaba duçar bolamagy
göwne makuldyr. Bu-da ýagşylaryñ
jennetlerde boljak döwrüniñ ýagşy
ynsan bolup ýaşan ýyllaryça,
ýamanlaryñ hem jähen-nemde galjak
döwrüniñ eden ýamanlyklaryça
boljaklygydyr.
Netijede, ebedilik ýaramazlar
üçinem, gowular üçinem gazanan iñ
soñky ýagdaýlarydyr we mundan soñ
hiç bir zadyñ pikirini etmäge
mümkinçilik bolmaz.
Ine şeýle, hem gutarmaýan sagadat,
hem-de tükeniksiz bir azap we
bagtygaralyk ynasanyñ niýetiniñ
miweleridir. Ebedi iman we
istykamat düşünjesi ebedi sagadata
wesile bolşy ýaly, ebedi küfr we
azgynlyk düşünjesi ebedi bet-
bagtlyga getirer.
Soñky minutlarynda kalby gulluk
düşünjesinden doly bir ynsan,
müñlerçe ýyl ömri bolsa, düşünje
dünýäsi istyka-matynda sarp
etjekdigi üçin, niýeti edil amal eden
ýaly kabul ediler, oña görä
çemeleşiler. «Mümüniñ niýeti ama-
lyndan haýyrlydyr». Edil şonuñ ýaly,
soñky minutlaryny ýaşaýan inkärçi ol
dinsizlik we küfür düşünjeleriniñ
içinde, geljegiñ müñlerçe, ýüz
müñlerçe ýylyny garaltmak niýetinde
bolandygy üçin niýetine görä jezasyny
hem alar.
Diýmek, bu meselede esasy zat
olaryñ ýaşan pany we çäkli
ömürleriniñ wesileliginden has
zyýada a slyýetinde ol pany ömür hem
niýetiñ netijesidir olaryñ niýetleridir.
Ebedi sagadata iman we ony
gazanmak m iilionlarça ýyla bagly
bolsa hem mümin ynsana ebedi
jenneti gazandyrýar, käfire bolsa,
tersine, jähennemi.
Inkärçi öz arzuw islegi bilen ýaşan
küfrüniñ jezasyny çekjekdigi ýaly,
ähli küfüre we dolup-daşmalara
sebäp bolan şeýtan hem bagrynda
boý aldyran irginsiz inkär
düşünjesiniñ jezasyny üznüksiz
azapda çekjekdir.
Aslynda ýaradylyşynda paýyna düşen
zatlar sebäpli şeýtanyñ edýän ep-esli
işleri we hyzmatlary hem bardyr.
Ynsanyñ bir topar häsiýetleriniñ we
ukyplarynyñ ösmeginde, ynsanyñ
ýaradylyşynda bar bolan ençeme
ýagşy magdanyñ arassalanyp orta
çykmagynda, hatda kalbyñ we ruhuñ
oýa we gözlegde bolmagynda inkär
edip bolmaz ýaly derejede şeýtanyñ
täsiri görünýär.
Hawa, ol şahslara we jemagatlara
musallat bolar. Olaryñ ýüreklerine
zäherli tohumlar taşlap, şol ýürekleri
şeriñ we garañkylygyñ ösdürilip
ýetişdirilýän ekin meý-danyna
öwürmäge jan eder. Onuñ bu
zaýaçylykly we azaşdyryjy gaýratynyñ
derek gurluşyndaky manewi duýgu-
lar herkete geçer, edil antibiotige
garşy bedeniñ oýanyp işjeñligini
artdyrmaga başlaýşy ýaly... Bu bolsa
ynsanyñ lat-ifeleriniñ ösmegine,
kuwwatlanmagyna, hatda bu iñ
ganym duşmanyñ garşysynda ýygy-
ýygydan Ýaradana sygynmagyna
getirer. Bu-da ynsanyñ kalp we ruhy
ýaşaýşynda örän az zyýan çekmek
ähtimallygyny artdyrmak bilen örän
köp zat gazanmagy diýmekdir. Şeýle
magnewi täsiri bilen ynsan oglunda
göreşmek azmynyñ gamçylanmagy,
onuñ dykgatly we hatyrjem bolmaga
höweslenmegi, birgiden magdanyñ
sap altyn we niçe öwlüýänyñ we
asfiýanyñ, beýik mujahit-leriniñ we
gahryman gazylaryñ orta çykmagyna
wesile bolupdyr.
Emma, şeýtan bu saýlantgy ynsanlary
garşylyk görkezmäge we göreşmäge
iterip uly derejeleri
gazandyrandygyna derek, özi üçin bir
serpaýam gazanyp bilen däldir.
Çünki, ol bu eden işlerini Hakyñ
dostlary köpelsin diýip etmeýär,
tersine, olary günälere iteklemek
üçin edýär...
Bu ýerde şeýtanyñ hem niýeti, hem
amaly bozuk diýip aýtsa bolar. Ol
başgalara gazandyran beýikligi bilen
däl, özüniñ pesligine niýet we
hereketleriniñ ýaramazdygy sebäp
bolýar we muña mynasyp görülýär.
Şeýtanyñ niýeti bozuk, hereketleri
hem ýaramazdyr. Ol isýanyny
düşünjeli we ýoldan azaşdyrmalaryny
bilip edipdir. «Men saña sejde etmegi
emir edemde, seni sejde etmekden
saklan nämedi? Ol (Iblis) diýdi: - Men
ondan has haýyrlydyryn. Meni otdan
ýaratdyñ, ony palçykdan ýaratdyñ.
Allah (jelle jelaluhu) buýrdy: - Düş
aşak ol ýeriñden (jennetden), ol
ýerde tekepbirlik etmek gelişmez,
çyk! Çünki sen pes we ýaramazsyñ.
Iblis: - Maña gaýtadan diriliş gününe
çenli möhlet ber - diýdi. Allah hem: -
Sen möhlet berlenlerdensiñ buýrdy».
Bu ilkinji isýan we baş götermek,
düşünip edilen jedel we soñra küfür
ýoluny seçip almakdyr. Ynsany
azdyrjakdygyna degişli şeýtanyñ
kasamlary bolsa adamzadyñ
tükenme-gutarmany bilmeýän
dramalarynyñ esasyny düzýär.
Şeýtan bu gelen karary we niýeti
sebäpli, onuñ duşmanlygy saýasynda
oýanan birnäçe duýgular, ol duýgu-
laryñ sahybyny faziletlere, belent
mertebelere göterenem bolsa, şeýtan
ol gaýratlaryndan ötri, hiç bir serpaý
almaz.
Netije hökmünde şuny aýtmak bolar.
Niýet müminiñ ömründe ähli zatdyr.
Şahsyñ öli hereketlerine janlylyk
beren niýeti bolşy ýaly, onuñ tutuş
ömrüni birini müñ eden ekin
meýdanyna öwürenem oldur. Bäş
günlük bu ömürde ebedi sagadata
tarap ähli gapylary, penjireleri
açanyñ niýet bolşy ýaly, ebedi
betbagtlyga we ebedi azaba
taýýarlaýan hem oldur.
«Amallar niýetlere görädir».
Çemeleşmegem amala görä bolup
geçer.
-
ata
12 years ago
- «Iş bitirilenden, ýagny, kyýamat
gopup, höküm edilenden soň, şeýtan
olara şeýle ýüzlener: «Allah size
hakykaty wada berdi. Men hem size
wada berdim, emma sözümden
dändim. Aslynda mende size zor
edere güýjüm ýokdy. Men diňe sizi
küfür we isýana çagyrdym. Siz hem
meniň çakylygyma ylgap geldiňiz.
Onda meni günäkärlemäň. Özüňizi
ýazgaryň. Ne men sizi, ne-de siz
meni halas edip bilersiňiz. Men öňem
meni Allaha şärik goşmagyňyzy ret
edipdim. Elbetde, zalymlar üçin
elemli azap bardyr», (Ibrahim, 22).
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbolun Ata aga. Gaty gowy maglumatlar goyupsynyz, tema degishli. Kawagt sheydip bu garypja sahypamyzada aylanyp durun. Siz Talyplar.com futbol komandasynyn oyunchysysynyz. Arada aktiw agzalammyzdan yitirenlemmiz bar. Shondan son sahypamyz yetim galan yaly bolaydy.
Agzalan arasyndan sizinem adynyz gozumize ilse begenyandiris.
Dine jogaba dal, tema achmagynyzada garashyas. Onarsanyza Brawo yaly kawagt gelyan agzalardanam yzynyza dushurip alyp gaydyn.
-
1merdan
12 years ago
- mirasymyz sagja bol gaty gowy tema açypsyňyz, ata aga sizem giňişleýin teswirlerňiz üçin minnetdar...
..Ata aga aýagyňyz gowlaşýarmy,(ertirde agyrtdym diýipdiňiz) arasynda mirsymyzyň diýişi ýaly aýlanyp duryň.siz toparymyzyň serdarysyňyz
Oglanlar ýoldaşlyk oýyn gurnaýsak nädýär, iň bolmanda özlermiz üýşip 2 bölinip oýnasagam, ýygynda saýlama oýynçylary-ha anyklardyk, hem şou oýyn bolardy.?
gaplan 12 years ago- shonung uchin imanymyzy berk tutmak gerek.