Äjit we mäjid Kuranda – ýe’jüj we me’jüj Töwratda bolsa gok we magok diýlip atlandyrylýar. Kurany Kerimiň beýanyna görä äjit-mäjit Zülkarneýn (Aleksandr Makedonskiý däldir) döwründe bar eken. «Eý, Zülkarneýn! Äjit we mäjit Ýer ýüzünde pyssy-pujurlyk edýär», diýlip,(Kehf, 94) aýatynda Zülkarneýne äjit we mäjit barada şikaýat edilýär. Kurany Kerimde doly düşündirilmeýän bu kowumlar hakda hadys we taryh çeşmelerimizde giňden gürrüň edilipdir. Kä wagt olaryň sidre agajy ýaly uzyn, kä wagt bolsa garyş boýludyklary aýdylýar. Olaryň boýlarynyň uzyn-gysgalygy meselesinde gadymy medeniýetleriň täsiri bardyr. Ýöne esasy mesele ahyrzamanda äjit we mäjidiň uly pitneleri döretjekdigidir. Manjur we mongol taýpalary taryhda ençeme gezek Aziýany we Ýewropany haraba öwürendikleri üçin, mufessirler olary äjit-mäjide meňzedipdirler. Äjit-mäjidiň gelejekde edil şol taýpalaryň edişi ýaly uly apat bolup ösen medeniýetleri ýumurjakdygyna yşarat edilýär. Çünki ynsanyň ýüreginden hormat we merhemet göterlen wagty akyl we zehin şol ynsanlary aýylganç ganhor we wagşylara öwürer. Kurany Kerimde äjit we mäjidiň öňüne päsgel bolýan bir diwar barada söz açylýar: «Äjit-mäjidiň diwary ýykylanda olar çar tarapa ýaýrarlar», (Enbiýa, 96). Bir düşündirişe görä bu diwar maddy däldir. Bu bir pitne bolup erbetligiň ýaýramagydyr. Äjit we mäjidiň öňünde böwet bolýan ruhy sütünleriň ýykylmagy hiç hili kanuny, düzgün nyzamy bilmeýän diňe ýykyp-ýumurmakdan lezzet alýan ýyrtyjy güýjüň örç alyp galmagydyr. Çünki rowaýatlarda äjit-mäjidiň iň esasy aýratynlygy weýran ediji bolmagydyr. www.ylmyhal.narod.com
Äjit we mäjit
-
durmush1
12 years ago
hytaýlylar bolup bilermi?
olar edil biz yaly adam. a ajitler bolsa ne haywana menzedip bolar nede adama. ne dushundirip bolar, nede dushunerler diyipdir yokarda
-
mirasymyz
12 years ago
- Ajit-majit diyerler,
bir-birini iyerler.
Birin iyip goyarlar,
bir yerine on dorar.
sukomoto 12 years ago- hytaýlylar bolup bilermi?