her gun irden  ejemin  sesi bilen suyji ukudan oyanmaga bashladym. ejemin hic  yuzi gulmeyar, her gije aglayardy,  sachlarymy  ogshayar , gozlerime bakyar, ''gyzym  sha gyzym menin''
emma nache  sorasamda name uchin aglayandygyny  aytmayardy intek kichijeksin gyzym, ulalanda  dushunersin'' diyyardi.
kakamyn  yanyna ylgayardym, kakam ashhanada  chilim  chekyardi '' sen oz otagyna  gech  gyzym  chilim seni  hassa eder ''  diyyardi,  sen  name  uchin  chekyan onda  diyyardim  chilim  seninem saglygyna  zyyanly dalmi name...  yadaw  gozleri  bilen  bakyp  ''gyzym''  diyip  gulumseyardi. bu  ajy bir gulumsemedi, onler  menin  kakam  beyle gulumsemezdi,  we gozlerime  ajy-ajy  bakyp  hany  oz otagyna gech  diymezdi...
name uchindir  kakam  sonky  wagtlarda  kop  uskuryardi,  ejem  kop  aglayardy...
ejemin  sesi  bilen  oyanmaga  bashlapdym  ertirlerine, ne multifilmleri  halayardym ne  barbi gurjaklaryny  gowy  goryadim indi...  kakamyn  yuzi  gulmeyar, ejemem  aglayardy... 5 yarym yashymdadym hich  gunlerim  gechmeyardi. 6 yashyma  hich  yakynlashmayan  yalydym.
ertirlerine  ir  turyadyk, ejem   meni  gonshymyza  eltyar  ve kakam  bilen yan-yana   yorap  yitirim  bolyardylar  kochanin  gyrasy  bilen. ejem  ishlemeyardi  yone  name uchin her  gun irden nira gidyanini  aytmayardy.  men  olaryn  gelerine  sabyrsyzlyk  bilen  garashyardym, aynadan  olaryn  oye  tarap  gelyanini  dagy  goraysem  begenjimden  uchayjak  bolyardym.
sonra...  yaz  geldi  doglan gunume  iki  gun  galypdy,  her kim  name  isleyan diyyardi. aslynda  hich zat  islamokdym we  birhili  susgundym  name uchindir...
sonra...  sonra,  name  bolan  bolsa  shol gije  boldy,  ejemin  sesi  oyi  tutdy  hamala  yer  titreyan  yalydy, men  otagymdan  chykamda  ichki otagdan  sesler  gelyardi, oyde  gaty adam  kopdi. dogan-garyndashlarym  aglayardy...  gonshylar meni  tutyardy. gozlerim  bilen kakamy  gozledim, oyde adam  kopdi kakam  shol  adamlaryn  arasynda  yiten  yalydy...  men  kaka  diydim,  kaka...  kaka,   ejem  balam  diydi  yanyma  golaylashdy  hamala  yyllardyr  gormedik  yaly gujaklady '' gyzym  iki gozum''  kakama   name  boldy  diydim,  birbada   jogap  bermekden  saklandy mende  aglamaga  bashlanymy bilemokdym...  kakan  indi  yok diydi,  kakan  indi  yok, oldi...  kakan  oldi  balam,  kakan   indi  hich  uskurmejek,  eje  olum  name  diymek??  name  diymek?   olmek  nahili  zat  eje  diydim ejem  daliran  yaly  aglayardy  we  kakan  indi  gijelerine  rahat  yatjak  diydi,  sonra ozunden  gitdi...  ''men  olsem  bolmayarmy''  diydi  mamam... kakamyn  yuzuni  zor  bilen  gorkezdiler  mana,  ylgadym  gujakladym,  kaka  oyan diydim,  kaka   oyan men  sensiz  name  ishlarin,  kaka  oyan  ertir  doglan  gunim  menin , kaka...  kaka  6 yashyma  giryarin  oyan,   hich  zat  islamok  soz beryarin, seni  hich gynandyrman  soz  beryarin  kaka,  soz beryarin.  kaka  hany  ach  gozlerin  oyan...  oyan... kakam   doglan  gunumde  topraga  berdik,   doglan  gunumi  sheyle  gutlady  kakam. chilim  otlayan  chakmagy  intagem  mende  duryar,  o meni  kakamdan,kakamy menden  ayyran...     her  doglan  gunumde  intagem shol guni  yadyma  salyardy...  kaka,  kaka  nirelerdesin.  nirdesiniz  kakalar,  kakalar  oyanyn,  oyanyn...   sho:l chilim  tussesinde  indi  ulalmasyn  bashka  balalar...  bashka  chagalar. bashka... :(  
Shol dumanda ulalmasyn bashka chagalar, bashka...
- 
                mirasymyz
                13 years ago
                
 - Sivee sagbol, nache wagt bari talyplarda shunun yaly tasirlendiriji hekayaly mowzuk okamandym. Yene yetirip dur. 
Adam ogly garramasa, olmese,
garysh yer tapylmaz ekin ekmage.
Bu dunya synag meydany, kimleri geroin bilen, kimleri chilim, kimleri arak, kimi tekepbirlik, kimi yalan soygi, kimi baylyk, kimi saglyk, kimi kesel, kimini garyplyk, kimsini ylym bilen synap goryar. Allah her kimi bu synaglardan hayyrlysy bilen gechirsinda! 
- 
                wulkan
                13 years ago
                
 - Bee gozlerime yash aylanyp gitday. Sagja bol. Gaty gowy tema.
 
- 
                chopanjyk
                13 years ago
                
 - sagjabol
 
- 
                Jasminka91
                13 years ago
                
 - Gaty gyzykly,manyly tema sag bolun paylashanynyza
 
- 
                Gokasman
                13 years ago
                
 - durmushdaky bolyan wakalar!gaty gowy
 
vento 13 years ago- Wo malades s s s sivee . Gowy bolupdyr berekella.