Şu kitabyň ähli baplaryny talyplarda ýazaýmagym ähtimal eger isleg bildirseňiz. AHALYŇ SOŇKY SÖZLERI — Habarlaş! — diýip, gapyda keserilen iki atlynyň biri öýe tarap gygyrdy. Beýleden ýetip gelen Ilaman: — Habaryňyzy aýdyberiň — diýip, atlylaryň alkymynda häzir boldy. Birdenem ol atlynyň ýüzüne çiňerilip: — Bo-how, Çaşgyn kaka, salawmaleýkim! Hoş geldiňiz! Düşüberiň — diýip, bedewiň jylawyna ýapyşdy. — Ilaman batyr, bu asyl senmidiň? — diýip, Çaşgyn serdar atdan agdy. — Gurgunmyň? Hemme çaga-çugalaram gurgunmydyr? Il-gün aman-esenlikmi? Iner kakamam jany sag gezip ýörenmidir? Oba arasy asudalykmy, mal-garaň başy bitinmidir? — diýip, Çaşgyn serdar onuň üstüne soraglaryň uly toparyny ýagdyrdy. — Şükür, şükür Hudaýa — diýip, Ilaman Çaşgynyň yzyny üzmän ýagdyran soraglarynyň toplumyna birsydyrgyn jogap gaýtardy.

Köneler, nohurlyagza tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir