Wasp etmäge mejbur etdi dillerim, Derdime derman bolup, ýaran näzleriň. Ýigit baryn perwaz edip ugruňda, Messan basyp, assa ýörän uzlaryň. Saçlaryň owsunlar, ylla mar ýaly, Sende üýtgeşik jady bar ýaly. Alkymyň misli akja gar ýaly, Mährine bendi eden, şirin sözleriň. Her göremde haýran, nurly keşbiňe, Nädip ýaratdy zemin, ajap keşp diňe. Meni bendi eden, çeken keşdime, Kirpigi ok, ol garaja gözleriň. Bagda bilbil bolsaň, menem bagbanyň, Görküne görk goşar, gözel çarbagyň. Güller gurşap alsa, dolap çarýanyň, Bahary bahar eder, seniň ýazlaryň. Aklym haýrandyr nurly jemala, Saçlaryň tolkunar ygyp şemala. Gül bilen bäsleşýän ýaly hamala, Bark urar anbar ysy, ýörän yzlaryň. Gara gözleň jan almanyň kastyna, Durabilmen ol bakyşlaň astyna. Aýdymlarym diňe seniň waspyňa, Bagyş edeýin iň ajabyn sazlaryň. Bir-birinden görmegeý serwi gözeller, Ýene näçe ýazsaňam azdyr gazallar. Deňäp bolmaz size altyn-gyzyllar, Yegen waspyn eder, gözel gyzlaryň.
Gyzlara
- 
                wulkan
                13 years ago
                
- Yazyber,yazyber yenede yazxber.
- 
                makgush
                13 years ago
                
- deňäp bolmaz size altyn-gyzyllar, 
 makgush waspyn eder, gözel gyzlaryň.
 
 gowja setirler, saul yegen ýetirenin ucin!:-)
- 
                dilya87
                13 years ago
                
- berekella. Yegen birine aşyk bolupsyň öýdýän
- 
                magnit
                13 years ago
                
 ohhow cözupsinay dost, berekella ohhow cözupsinay dost, berekella agsham yatmadyn weli asyl .... agsham yatmadyn weli asyl .... 
vipboy 13 years ago- +  yegen sana dine gije ylham gelya oytyan :)