bu gun seni yene yatladym telefon goyuldy. ornashanyma bir yyla yakyn bolup gelyar, emma name uchindir, shu wagt mana ilkinji gezek otagym dar gorundi, ichinde ozumi yygnara yer tapmadym. aynany achyp dasharyn sowuk howasy bilen ichimi basyp alan duygylara bir- neme suw sepmek isledim. dasharda ir baharyn serin shemaly garankylap gelyan asmanyn astynda uch dort sany agachlaryn shahalaryndan owusyardi. agachlara seredip yatlamalara batdym. edil shu wagt aynamyn ashagyndaky shu agachlara seredip durshym yaly, bir wagtlar seyilgahin gyrasyndaky agachlara seredip sana garashyp durdym. indi ol agachlar uzakda. senem uzakda. dasharyn salkyn shemaly bat alyp birden agachlaryn uzyn boyuny yrady. garanky kolegelerinin yrgyldysynyn arasynda doreyan durli keshplerin arsynda bir salymlyk seni goren yaly bolup gitdim. salam m. yagdaylaryn gowumy? senin bilen hyyalymda gurleshjek bolsamam tolgunyan, name diyjegimi bilemokda. hamala gurrun gitmejek yaly, sen jogap bermejek yaly. onler agsham, sana jan edyan wagtlarymam sheyledi, jan etmakam name gurrun ederis, nahili gurrun bolarka diyip sahel salym oylanyadym. endamymy tiken tiken edyan yakymly sesini eshidyancham, yuregimin gursagymdaky sahel ajy, sahel suyji urshuny dinleyadim. yone her gezek gurrunimiz yenil bashlap, dagdan akyan cheshme yaly yenilem dowam edyadi. shondada her jan edenimde, ta sesini eshidyancham tolgunyadym, hazirem sheyle. adam duygulara, duygularam adama owrenshyan ekeni. bu gun seni yene yatladym. name uchinligini ozumem bilemok. bu kolegeler hemishe bar, emma seni ilkinji gezek goryan. belkem shu gun ozumi sheyle umytly duyyanym uchin, menin onki ahli umytlarymy uzen, sen yadyma dushensin. aslynda birinin adamyn yadyna dushmesi uchin sebabem gerek dalmika, onler seni pikir etmani gechyan sagadym gaty az-azdy. indi bolsa seni yatlamadygyma epesli bolandyr, hatda nache bolanynam bilemok. buda bir ozbolushly bagt, bilyan bolsan. seni hich hachan yadymdan chykarmaryn oydyadim, bu gun, belkem shu agachlar bolmadyk bolsan gor yene nache wagtlar yadymada dushjek daldin. gor nahili yalnyshyan ekenim. sen name ishleyarkan? her gun irden ishe gidip, ishden song oyune gaydyp...mekdepde chagalar aydanyny edyarlermi? hakyky durmushyn gunde gaytalanyp gelyan ownuk ushak wakalary senin yiti arzuwlaryny soldyrmagy bashardymy? yada edil onkin yaly mung durli renkli arzuwlara batyp yorsunmi? yzyna men yaly bagtyyatan biri dushup, ayly gijede kochede yeke ozi adimlerini sanayarmyka? nirede biri...onusy! olaryn kellesinden gechyan zatlary hyyal edip bilyarin, seninem olara beryan jogaplaryn, yylgyryp seredishin goz onume gelyar. shuncha wagtyn ichinde seni gaty gowy tanap yetishipdirin. emma, shu gechen dowurde men uytgedim, senem uytgedinmi? byah...nadip sen mana sheyle guychli tasir edip bildinkan? menin durmushym kitaplara bolunen bolsa, senin menin durmushyma giren gunin, birinji kitabymyn dolmadyk sahypasynda, gutarmadyk sozlemde sonky nokat goyuldy. kitap yapyldy we chunke zynyldy. haysy chunkediginem bilip yetishmedim. taze kitap bolsa, duybinden uytgeshik kagyzda, bashga renkler we bashga shrift bilen yazylyp bashlady. senden ong gyzlarda menin unsumi owadanlygy, dash keshbi, geynishi chekyardi. sana dushanymdan song men o zatlara uns bermegim galdy. onun deregine menin uchin gyzlaryn yoreyshi, sesi, gurleyshi we bakyshy ilki bilen unsumi cheker boldy. hawa, gozleri dal, bakyshy! owadan bolmadyk gozler bilenem owadan seredip bolyar ekeni welin, senden bashga shony basharyan barmyka? senin sesin, gurlande sozler bilen oynayshyn bolsa ayry bir gudrat. aydyan sozlerin yadyma dushenok, hich hachan menin yuregimde galjak, ony yylatjak mahirli sozler aytmadyn, yone her gezek gurlande gurleyshine galan hayranlygym yadymda. hawa... edil shol hayranlygam meni gun gunden has gowy adam bolmana ityardi. gelshiksiz hereket etsem oz-ozumden sana mynasyp dalligime utanyp ozumi iyyardim. aslynda, hazirem sheyle...wah, men uytgeman gechjek oydyan. m. sheyle yonekey at. adyn adamy bezeman, adamyn ady bezeyanligi chyn ekeni. m. atly biri bilen tanyshamda bada-bat shol adama simpatiya doreyardi, hamala m. atly gyzlaryn barysy kemsiz perizat, hemmesi yuregime sheyle yakyn gelyardi. indi m. adynyn mana tasiri bashga. m. ady eshidenimde ichimde yumrylan umytlar, oyke, kine, yuregimi gysyan sowuk duygy, barysy birden guyzde yuzune uryan sowuk, yagyshly shemal yaly birden ichimden gechyar. emma, men eyyam berkapdirin. yuregim shemalada, yagyshada, bulutlarada owrenshipdir. agyr duygylary yureginde gotermek uchin yuregin guychli bolmaly ekeni, emma wagtyn gechmegi bilen shol agyr duygylaram agyrlygyny yitiryarler. ana shonda, dine shonda oz ichinde haysy duygyn guychlidigini,haysy duygyn ejizdigine goz yetirmek mumkin.

Köneler, Gagu tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir