käte oýa batyaň durmuşyň hakda, ýeňişleriň hakda, ýeňlişleň hakda, ýatlamak nähili agyram bolsa düzedip bolmajak ýalňyşlaň hakda. ++ gynanmana sansyz sebäp bolsa-da, begenýäň dostlaryň barlygy üçin. ýöne käte ýeke galaýan wagtyň, gynanýaň hataly ýaşlygyň üçin. + gynanýaň artykmaç gepläniň üçin, märekeli ýerde, ýa başga ýerde. gynanýaň howlukmaç kararyň üçin, garaşmaly ýerde, ýa başga ýerde. + gynanýaň duşmedik azabyň üçin, okabam gowy ýer almanyň üçin, ýa ugrunda arman-ýadaman işlap işiňde in gowy bolmanyň üçin. + gynanýaň söýgiňde ýenleniň üçin, mert bolup ýaryny söýmaniň üçin, ýaryň başga birine söz berenini eşitmezden burun, ölmäniň üçin. + gynanýaň, gynanýaň yene gynanýaň, herbir şowsuzlyga erksiz gynanýaň. şonda-da dikelip ýöräniň üçin dostlaň arasynda çäksiz sylanýaň! + ajysyz ýaşaýyş bolsady eger, hemmeler bagtly bolardy meger, ýöne baky dunýä göz ýumýan wagtyň bir şatlanyp bilseň barsyna deger!
Gynanyan
-
garypjan
12 years ago
- gowy goshgy saola
-
Gagu
12 years ago
- Sposiba vam
-
Medik
12 years ago
- Sende şahyr K.Gurbannepesowyn payhasy berlipdir öÿtyän
-
nlo
12 years ago
- tüweleme gagu
-
sahett
12 years ago
- tuweleme gosga onat bolupdyr
market 12 years ago- baaaaaaaaaaaaa betay sen