Bu ne syrdyr ýaýma ýakyna ýada/Delmirip gelip men gapyña dada/Ýakyp sen örtäp sen salyp sen oda/Duzladyn söz bilen dildiñ dil bilen.
Sizem özinizde täsir galdyran gowja gosgylardan ýazaýynda.
-
AHAL
12 years ago
- asyl shu goshgyny gaty gowy goryan yone essasan shu setirleri bir hili agymy tutdurya
Durna geçýär... misli adam durmuşy.
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.
... Adamlara hiç etmändim erbedi‚
Ýagşylygy bolsa az etdim juda.
Köçede maksatsyz entäp ebedi‚
Tekepbirdim. Düşdüm dostlamdam jyda.
Hiç kim maňa erbet adam diýmedi.
Ýöne ýagşam diýmediler‚ elbetde.
Şeýle agyr jeza meni gynady.
Şeýle jeza goýdy meni ezýetde.
Köp ýalňyşdym. Bu ümmülmez dünýäni‚
Kitap däl-de‚ ýalňyş bilen öwrendim.
-
sahett
12 years ago
- söýgim — juwanlykda açylan gunça,
söýgim — kämillikde mäkäm diregim.
ýlňyşyň, näz ediň,
ýeke dilegim,
söýmäň meniň goşgularym boýunça.
söýüň säherleri täzeden açyl,
söýüň bar ýürekden.
söýüň wepaly.
söýüň
ynsan ogly şunça ýol geçip,
sizden öň söýüşii görmedik ýaly!
gurbannazar e.
-
1merdan
12 years ago
- --Näme, indi asyl gelenok daýym?
Diýip ejesinden sorardy gyzy.
--Işi köpdür, basym geler—diýsede,
Bu “geler-geleriň” gelenok yzy.
Goňşulara geläýdigi bir adam,
Gyz ýene daýysyn salady ýada.
Daýysynyň beren oýnawaçlarny
Öňüne süýşüren çagy negada.
Egirýän iginden sowaşyp eli,
Gurjaklara garap doňardy ene
--Ýegençi nirede, hany ýegençi?—
Diýip, söwer dogan
Gelermiň ýene?
Ak depeli dor atyňy sepjedip,
Ak telpegiň buýralarny ykjadyp,
Gyz baryny gözenekden jykladyp,
Çynar boýly dogan
Gelermiň ýene?
Gapynyň agzynda kişňärdi atyň.
Dünýäme degerdi boýyň-syratyň.
Dulumda saralyp gitdi suratyň.
Gerçek sypat dogan
Gelermiň ýene?
Unutdyňmy obamyzyň ýolyny.
Sypalaýyn bedewiň ýalyny.
Soramaga Bibigüliň halyny
Gül ýüzli doganym
Gelermiň ýene?
Dula bakyp doňup galan enäniň,
Ilmezdi gulagna gyzynyň sesi.
Bir gün agşam goltyklary pişekli
Öýe geldi gyzjagazyň daýysy
Hyrçyn dişläp, için çeken Bibigül
Hemä aglaýardy, hemem gülýärdi.
Soldat bolsa çep duldaky keşbine
Ylla müýnli ýaly nazar salýardy
Diýýär göýä: “Geň görme sen ýaşlygym,
Seň öňüňde däldirin men günäli”
Surat bolsa yraň atýar yşyga,
Hamana, başyny ýaýkaýan ýaly
-
garypjan
12 years ago
- Men seni henizem unudyp bilemok. Hamana unutsam ölaýjek ýaly,
saña duýgularymy aýdyp bilemok.
Aýtsam ýüregim duraýjak ýaly.
AHAL 12 years ago- Birden gök asmana dikildi gözüm.
Ah‚ ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.
Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm‚
Göwnüňi göterip‚ durnalar barýar.
Her ýyl san edýärin men bu görnüşe‚
Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar.
Durna geçýär... misli adam durmuşy.
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.
... Adamlara hiç etmändim erbedi‚
Ýagşylygy bolsa az etdim juda.
Köçede maksatsyz entäp ebedi‚
Tekepbirdim. Düşdüm dostlamdam jyda.
Hiç kim maňa erbet adam diýmedi.
Ýöne ýagşam diýmediler‚ elbetde.
Şeýle agyr jeza meni gynady.
Şeýle jeza goýdy meni ezýetde.
Köp ýalňyşdym. Bu ümmülmez dünýäni‚
Kitap däl-de‚ ýalňyş bilen öwrendim.
Durnalar!
Durnalar!
Ine‚ şuň ýaly
Ýollar bilen sizi garşylan mendim.
Öňem uçupsyňyz hatarma-hatar‚
Ýene uçarsyňyz uzakdan-uzak.
Ýöne bir gün meňem ahyrym ýeter‚
Bir gün ajal gurar ömrüme duzak.
Oňat bilýän‚ menden soňam aýlanyp
Geçersiňiz. Şu akym bir durmasyn.
Ine‚ şu ynanja mäkäm baglanyp‚
Kükregimde ýürek goýar urmasyn.
Ýöne az ýalňyşsyn menden soňkular‚
Ýöne durmuş gara günler görmesin.
Durna geler!
Durna geler!
Durna ger!
Il dam çykyp garşy alar durnasyn!
...Her ýyl san edýärin men bu görnüşi‚
Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar.
Durna geçýär... misli adam durmuşy‚
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.