Eje, meni öldürip, sen meni ýatdan çykararyn öýdýärmiň? Belki-de sen, menden hem has garaşylan, has gerek çagalaryň bolar diýip pikir edýänsiň? Eje, meniň olardan nämäm kem? Eje, sen meniň gözlerimiň nähilidigini bilmän, meniň geljekki doganlarymyň gözüne nädip seretjek? Eje, näme üçin siz ulularda hemme zat şeýle çylşyrymlyka? Sen hiç haçan kiçijik güjüjegi ýa-da pişijegi suwa gark etmersiň-ä? Seniň olara haýpyň geler. Näme üçin maňa seniň haýpyň gelmeýärkä? Men ultrases barlagyndaky gözgyny nokatjyk däl. Men bölek-bölek edilip bedrä zyňylandan soň, öwrüljek gan lagtasy hem däldirin. MEN ADAM! Sende dörän birinji günümden bäri men adamdyryn!
Eje jan, meni halas et!
-
Kuraldyshy
12 years ago
- 'sizi bir damja suwdan yaratdyk...ene garnynda biz şekil berdik...'
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Owwal ataň bilinden syzyp nahana geldiň,
Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň,
Enede surat bolup, bu şirin jana geldiň,
Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiň,
Emip enän süýdüni, gundalyp, dona geldiň.
we statistige göra abortyn esasy sebabi name?
-
Friendship
12 years ago
- sheýle "eneleriñ" bardygyna gynanýan...(aslynda olara "ene" diýmäge-de dilim baranok!)
bular ýaly adamlar "ene" diýen belent adyñ mukaddesligine shek ýetirýäler.
Sag bol, agam, paýlashanyña!
-
wulkan
12 years ago
- Bet tema dost sagja bol brawo!
-
magnit
12 years ago
- saglyk.info sayty gowy maglumatlar beryar
-
Bilgi
12 years ago
- gynansagam sheyle "ejeler" barda!
Adgjmptw 12 years ago- Dowamyny okamak üçin şu ýere basyň!