Arzuw etdim ýeke bagty, Söýenim gelin boldy. Ak bagtymyň çyragy, Saýanym gelin boldy. Gündiz doýman käte gije, Duşuşardyk nije nije. Aýralyga düşdi bije, Arzuwlanym gelin boldy. Söýdüm gara gözlerini, Söýdüm näzli uzlaryny, Gyşa öwürdiň ýazlarymy, Baharym gelin boldy. Ýatlamalar yzda galdy, Jigerimde yza galdy. Göwnüm özge gyzda däldi, Saýlanym gelin boldy. Indi maňa ýetme ýok, Saňa tarap ätme ýok, Salan ýaraň bitme ýok, Söýlänim gelin boldy. Ýetginjeklik ýaş wagty, Köp gördüler bu bagty. Yşk bagymyň daragty, Deregim gelin boldy. Diýerdiň sen geregim: "Özge tutmaz deregiň, Sen dünýede diregim" Diýenim gelin boldy. Ykbal bize ýazypdyr, Aýralygy gazypdyr. Indi söýgim gazapdyr, Ak bagtym gelin boldy. Arzuwlapdym umyt baglap, Käte ýatlap, kä hem aglap. Şum kysmatdan bagrym daglap, Täji tagtym gelin boldy. Şat geçipdi bile günlem, Desse bogup beren güllem. Waspyň eden şirin dillem, Alma narym gelin boldy. Indi boldy besdir maňa, Puç söýgini ýatlap daňa. Gözýaşlarym dama dama, Dildarym gelin boldy. Zamir indi batma gama, Umytda bol elmydama. Özge gözel duşar saňa, Ol gyz indi gelin boldy. Köňlüm otly ýalyn boldy, Pany dünýe ýalan boldy, Umytlarym weýran boldy...

Köneler, Zamir tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir