söýgi näme?” diýip soradym taldan. ol diýdi: “söýgimi gidirip goldan, örtenip, miwesiz galdym men, guzym. indi miwäm ýok-da, boýum bar uzyn”. “söýgi näme?” diýip soradym hozdan. hoz diýdi: “ýeňilip bir ajap gyzdan, gabygym gatady, çürüşdi maňzym. ondan beýlesinem özüň bil, oglum!” “söýgi näme?” diýdim bi gara garga. ol diýdi: “sataşyp yşk diýen ugra, garalyp galdym men: bişirdi hazan. edil pamyk ýaly ak guşdum ozal”. “söýgi näme?” diýip ýüzlendim serçä. ol diýdi: “entedip gijeden gijä, agrammy mysgala getirdi yşlym. men ozal dünýäde iň uly guşdum”. “söýgi näme?” diýdim zynjyrly dälä. (pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!) däli jogap berdi elhenç ses bilen: “men, men, men… ynha, söýgi men!..” “söýgi näme?” diýdim bir ajap gyza. ol iki elini uzatdy yza, diýdi: “söýgi meniň edebim, haýam. ýogsa şol ýigidi guçardym eýýäm!” “söýgi näme?” diýdim şahyra garap. şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap. diýdi: “sorag bar-da, jogap ýok yşka, jogap bir başgadyr, söýgi bir başga!”
" söygi näme "
-
Jasminka91
12 years ago
- Aytsana sen aslyñ gúldenmi söygi
aramyza dù$dún köz bägùl bolup,
kalbymyz ýyladym cekdin özune
alnymyzda dogdun bir ak gùn bolup
&
aytsana sen aslyn sildenmi söygi
dagdan gaydan sil dey yñdarlyp gaytdyñ
bu giden äleme sygmady duygyñ
$ygra salyp aýdym edip aýtdygym
&
aytsana sen aslyñ baldanmy söygi
gaynap-gaynap kemsiz goyalyp gitdik,
dilden ucup kem-kem siñdiñ ýùrege
soñ ýenil sözlerden uyalyp gitdik.
&
aytsana sen aslyn ildenmi söygi
senin bilen ile go$ulyp gitdik
ile berip,alyp ilden alanyny
beyik ýa$aýy$y berkarar etdiñ.
&
sen hakda hey bir zat bildimmi söygi
söyùp,söyùlse-de acan yok seni
aslyn o:tmy
aýt haysy gudratyn,
kereminden $ahyr etdiñ ynsany
-
makgush
12 years ago
- Söýgiñ nämedigini, bilýän adam ýok!:-)
-
garypjan
12 years ago
- Söýgi bu baky söýgi
söýgi bu baky duýgy.
Saña dushdum bahar ýaz
geldi yalñyz kalbyma
ashyk boldum shirin näz
söýýan diyyan aydymyña
baky diydim ilki söýgi
iki ýûregiñ owazy
owadan ýazyma sary
güýz gelmejek ýalydy.
Söýgi ahhh söýgi bu baky söýgi owadan söygi.
Yegen 12 years ago- "Söýgi näme?" diýip, soradym garynjadan,
Ýöräp barýan eken otluja ýorunjadan.
Garynja murtlaryn jaýtardyp diýdi:
"Bilemagaý agam menä, soraýsana bilýänjeden!"