Durdy aga oglanka obañ traktyr byrgadasynyñ çaýyny gaýnadýar eken. Ýarawsyzrak eken, bir gözi plasmas, beýleki gözem shampan çüýshe. Birtopar traktyrys, bularam göknar içýar diýä, üýshüp ýer tekizliýämish 10-20 sany traktyrys. Üüüýshürip ullakan tañkalary hatara goýup, häzirki zaman ýaly gaz-tok ýok. Sygyr tezek, salýarka, gemre, jagrama bilen diñe, ala tütün bolup tañkalary goýýar welin, ýañkylar 8 bolup 15 tañka çaýy çägä sepilen ýaly edip gidýäler diýä. Traktyrly ugraýalar warr edip - "durdy jan, çaý goýaweri!" güne sheýle. Ahyrynda bir gün gaty ýadapdyr, traktyrçylaram üýshüp çaý içip oturan. Traktyr byrgat: -Adamlar, indi Durdy jan ýigit çykdy. Muñ gözi ýaramaz diýmeseñ, ýañky, häki, myña byrgatda gelin-gyzam seredýä. Hää, shoñ üçin Durdyjan, indi saña çaý goýdurjak däl! Durdy: -Adam bolmadygym diý! -Adam bolmadygym Durdy jan, saña çaý goýdurjak däl. -Onda menem adam bolmadygym, gaýdyp tankalara bushugaýsam! Içiniñ ýangyjyna nemedäýýän eken! Urush döwürleri. Her hepdäñ 1-nji güni hat gelýär diýä woýenkamatdan, bashlygyñ adyna. "Bashlyk! Ýene pylança sany adam alda, mal bazara bar 6-njy gün, bazar gün ursha ugramaly!" Ahyrynda obada ursha ýaraýjak erkek gutaryar, ýarawsuzrak bolansoñ Durdy aga, bashlyk, sho wagt birzent ädik geýip ýören dogumly zwenowod Güljemal daýza galypdyr. Bashlyk çagyryp aýtdy, Güljemal daýza: -Güljemal daýza, adamyñdan galan erkek adamyñ eshikleri bar bolsa geýishdir, woýenkamatdan hat geldi, 3 erkek alyp mal bazara barmaly! Shoñ birä sen borsuñ, birem men bolaryn, Durdy jan senem 3-nji bolup gitmeli borsuñ! Gözüm beýlekim diýip bahana etme! Durdy kör: -Wwaý, bashlyk! Görýäñä meni, shu ikarada senem tanammaga?! -Durdy! Saña tanysh at diýýän ýok! Nemis atmaly, mün mashyna! Durdy aga ursha taýynlanyp, äkitmeli zatlaryny taýynlap öýüniñ gapdalynda soñky demi alaýyn diýip - arkan ýatyp, han ýatyshyny edip ýatyrka, gara papakly goltugy gyzyl päpkelije biri gelip girdi, Durdy agañ ýanna: -Salowma! Durdylañ öýümi...? -Walikim! Näme bolmanda siziñ öýñüzmi?? -Ýashshsuly, men poçtadan! -Nirden? -Poçta! -Näme salam hat getirdiñmi? -Ýok, men hak ýygnaýan! -Öküz hakmy? -Ýok! Hol bäsh manatlyk radioñ haky, sim radio pul ýygnaýan! -Näme sim radio alynjak bolýarmyñ? -Ýok! Biz radio uzel bilen üpjün edýäs, shoña siz pul tölemeli! -Bermen. -O nähili bermersiñ ýashshuly?! -Bermen. -"Bermen" - diýip, ýashshuly geçen ýylam bermedin! -Näme sözümde tapylmadymmy! Bardy mal bazara Durdy kör! Kamissar spisok okaýar: -Pylanyýew pylany! -Men! -Nanyñy görkez? -Ynha! -Geç stroýa. -Myradow Durdy! -Mmmeen! -Nanyñy görkez? -Sho sadagasy bolduguma öýde-de ýok! -Ýashuly ursha barýañ, aç ölersiñ. -Aç öleýin, dok öleýin, shu hepde size ölüp bereýinle, bolmanda kurorta baramok! -Ady okalanlar, ertir irden mal bazara gelýäñiz, 10-a geliñ! Bu gün bosh! Aý, agshamlyk üýshdüler Durdy agalara: -Iñ soñky günümiz, aýdym-saz edäýeliñ! Durdy aga: -Wey, dutar ýoga? -Pylanylarda bar, äkeldäýeliñ! -Äkeläýiñ! Pylanylar diýilýänem ýaman gysganc eken. -Pylan kaka! Bizä Durdy körlerden gelýäs! -Hawwa? Näme gerek? -Ertir oglanlar pronta gitýä, gitmänkäler aýdym-saz edäýeli diýdik, dutaryñyzy berseñizläñ?! -Oglanlar dutar dilemäñ! -Gayrat et, ertir oglanlar ursha gidya! -Nirä gitseñizem gaýrat et, dutary dilemäñ! Ursha gitseñiz tupeñ alyp gidiñ! -Ýoook! Urhsa gitmänkak aýdym-saz etjek bolýas, dutaryñyzy soraýas?! -Oglanlar men dogrusyny aýdaýyn, ýeññeñizi sora welin, dutar soramañ! Geldiler yzlaryna gaýdyp. -Durdy aga, ola berenok dutaryny! -Näme diýýä? -Aý, "ýeññeñi sora welin, dutary sorama" diýýä! -Bar onda ýeññeñi alyp geläýiñ ertire cenli!

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir