NÄBELLI GAHRYMANA Ukrain chölünde,yapyn ustunde Ak shelpeli derek ygshyldap otyr. Gan oyulen gara toprak astynda Turkmen esgerinin mazary yatyr. Gok chuyshe dek dury asuda asman, Derek-de bash egyar gubura sary. Enayy shelpeler owazyn kesman, Huwduleyar yalnyz yatan mazary. Turkmen enesinin jan-jigerbendi Ukraina uchin ganyn dokupdir. Tebigatam sylap batyr perzendi, Ustunde solmajak guller ekipdir. Gonur gullakjanyn yyldyzy indi Mazaryn bashynda sachyp dur yalkym.... Armanly olse-de gerchek perzendi, Adyny aydyma owurdi halkym. Aydym bolsa omurbaky olmeyar, Aydym adamlaryn gowun syrdashy. Ol esgerin adyn adam bilmeyar, Emma ol adamlan baky gardashy. Ukrain chölünde,yapyn üstünde Ak shelpeli derek hgshyldap otyr. Gana yuwlan gara toprak astynda Turkmen esgerinin mazary yatyr.

Köneler, Mergen0492 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir