Gorogly etrabynyn chaginde gadym dowurlerden bari yashayshyn bolandygyna shayatlyk edyan deliller,tapyndylar gaty kop dush gelyar.Olaryn in esasylary kone galalar,irki dowurlerden galan yadygarlikler,mukaddes hasap edilyan yerlerdir.Shol yadygarliklerin biri-de gadymy Yzmykshir (Zamahshar) galasydyr.Yzmykshir galasy Yagtylyk dayhan birleshiginin chaginde yerleshyar.Onun tutyan meydany 18 gektara barabardyr,Galanyn diwarynyn umumy uzynlygy 1500 metr bolup,ol demirgazykdan gunorta 450 metre, gundogardan gunbatara 400 metr chenli uzalyp gidyar.Onun beyikligi 10 metr bolup,chig kerpichden we lay-palchykdan inli,berk edilip salynypdyr.Galanyn gundogar tarapynda Mahmyt Zamahsharynyn aramgahi hem bar.Gala uzakdan howalanyp gorunyar,Onda antik dowrunde we orta asyrlarda yashayshyn bolandygy chaklanylyar.Gala wagtyn gechmegi bilen kichi shahercha owrulyar. X-XIII asyrlarda gala ulalyp, berkap,orta asyryn medeni merkezlerinin birine owirlipdir. Ol Beyik Yupek yolunyn ugrunda yerleshendigi uchin,dunyanin char kunjegi bilen sowda aragatnashygynda bolupdyr.Asyrlaryn dowamynda galanyn yashayjylary onlarcha gezek talanchylar bilen chaknyshmaly bolupdyrlar.Dashky dushmandan goranar yaly,galanyn dash-toweregi garym bilen gurshalypdyr.Onun oran berk demir derwezesi,goterme koprusi bolupdyr.Ol gijelerine ya-da yagy chozanda yapylar eken. XX asyrda alnyp barlan arheologik barlaglarda Yzmykshirin uly bazarly,koshki,ylymyn - bilimin mesgeni bolandygyna, metjit - medreseli,atly shaher derejesine yetendigine shayatlyk edyan kop sanly deliller tapyldy.Gundogaryn meshur alymy Abul Kasym Mahmyt ibn Omar ibn Ahmet az-Zamahshary hem Yzmykshir shaherinde onup-osyar.Onun jaylanan yerinde,yagny Yzmykshir galasynyn gapdalynda ajayyp aramgah bina edildi.Hazir shol yadygarlik bu yere gelyan her bir syyahatchynyn,myhmanyn unsuni ozune chekyar.Shonun bilen birlikde, ol etrabyn tasin yadygarliklerinin hataryna goshuldy.

Köneler, Mergen0492 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir