saglyk.info saytyndan maglumat Çilimkeşiň tüssesinden esasan-da maşgaladaky çagalar ejir çekýändirler. Bütindünýä saglygy goraýyş (BSG) guramasynyň geçiren ilkinji giň gerimli barlaglarynyň netijeleri her ýylda çilimkeşiň tüssesinden dem alýan adamlaryň 600 000 töwereginiň ölýändigini mälim etdi. Bu adamlaryň üçden bir bölegi bolsa çagalardyr. BSG-yň geçiren barlaglarynyň çäklerinde 192 ýurtdan alnan maglumatlaryň üstünde işlenildi. BSG-yň hünärmenleri çilimkeşiň tüssesinden dem alýan adamlaryň ýürek we dem alyş ýollarynyň kesellerine uçrap bilýändigi, şeýle-de öýken ragynyň döremegine sebäp bolýandygy barada duýdurýarlar. Lukmanlar esasan-da ene-atasynyň zyýanly endiginden ejir çekmeli bolýan çagalaryň saglyk ýagdaýy babatda howatyrlanýanlar. Täze doglan çagalaryň duýdansyz ölümine, çagalarda öýken sowuklamasynyň we demgysmanyň döremegine hem çilimkeşiň tüssesinden dem almaklyk sebäp bolýandyr. BSG saýasynda geçirilen bu barlaga ýolbaşçylyk eden Armando Peruja: «Biz indi çilimkeşlik zerarly bolýan ölümleriň hakyky möçberini kesgitläp bilýäris» diýip aýtdy. «Ölüm howply utgaşma» Lukmanlary Afrikada we Günorta — gündogar Aziýada ýaşaýan çagalaryň çilimkeşiň tüssesinden dem alýandyklary zerarly dem alyş ýollarynyň kesellerine uçrap ölýändigi diýseň howatyrlandyrýar. Bu ýurtlaryň paýyna 165 000 çaga ölümi düşýändir. Armando Peruja: «Ýokanç kesellerini we çilimkeşiň tüssesinden dem almaklygy utgaşdyrmak — ajal atyna münmekdir» diýip habar berýär. Şeýle-de hünärmenler ene-atasy çilim çekýän çagalaryň öýkenleri çilim çekilmeýän ýerde ýaşaýan çagalaryň öýkenlerine garanyňda has haýal ösýändigini belläp geçýärler. Geçirilen barlagyň netijesinde 2004-nji ýylda çilimkeşiň tüssesine çagalaryň 40%, çilim çekmeýän erkekleriň 33% we aýallaryň 35% duçar bolandyklary kesgitlenildi. Bu ýagdaý 379 000 adamyň ýürek keselinden ölmeklerine sebäp boldy. 165 000 adam çilimkeşiň tüssesinden dem almaklary zerarly dem alyş ýollarynyň kesellerine ýolugyp öldüler. Şu sebäpden 37 000 adam demgysma, 21 000 adam öýken ragyna uçrap öldüler. Şeýle-de lukmanlar çilimkeşiň tüssesinden dem almaga mejbur bolýan pidalaryň 280 000-den gowragynyň aýallardygyny belläp geçdiler. Çilimkeşiň tüssesinden esasan-da Ýewropanyň we Aziýanyň ilatlary dem almaga mejbur bolýarlar. Amerikada we Gündogar Ýewropada ýaşaýan adamlar bolsa çilimiň tüssesinden azat diýen ýalydyr.
ÇILIMKEŞIŇ TÜSSESI...
-
vipboy
13 years ago
- chilimkesh
-
durmush1
13 years ago
- ýewropada ýaşaýan
adamlar bolsa çilimiň
tüssesinden azat diýen ýalydyr.shuny kim yazanam bolsa yewropa gelip gormandir oyityan.
-
vipboy
13 years ago
- a?
-
Merw92
13 years ago
- çilim çekmegil
janyňa kast etme, düýdkeşim, özüň,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
pendim bu, roza tut, oky namazyň,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
çilimden ýylanlar düşer boýnuňa,
agzyn açyp, haşlap girer goýnuňa,
her zaman zäherni salar iniňe,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
tenleriň tisginip, andan gaçar sen,
suwsuzlykdan zäher-zakgum içer sen,
i̇çim ýandy diýip, agzyň açar sen,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
ýylan aýdar: “bu gün gaçar sen menden,
ol hakyň emridir, aýrylman senden”,
oşal wagtda bizar bolar sen andan,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
ýalançy dünýäde isteme wepa,
ot iýmek bolarmyş bizowk-u sapa,
düýdkeşler ummat däl diýdi mustapa,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
bu dünýä panydyr, durmaýyn geçer,
her kimse akyldyr, bil, andan gaçar,
şeýtana ýol berme, imanyň öçer,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
amanat janyňa kylmagyl töhmet,
sarpasy nedir, gel, sen imdi pähm et,
magşar gün nä diýr sen, jowabyňny aýt,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
i̇blise berme, ýuwtmagyl nary,
gül diýip özüňe salmagyl hary,
bigaýratlyk etme, saklagyl ary,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
terk eýle çilimi, dogry dur haka,
her zaman toba diýp, tutgul sen ýaka,
diýrlermiş, suw bermez düýdkeşe sakka,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
i̇çdigiň zakkumdyr, iýdigiň otdur,
bilmez sen, şeýtanlar kesbiňe şatdyr,
bu gün hoşnud bolsaň, taňla heýhatdyr,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
bir sapar hatadan çekipdir aly,
seýl üçin sähraga çykypdyr weli,
bir mesjidi görüp zerli-sapaly,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
mesjidi görüpdir ajaýyp zada,
tomaşa eýleýip, girmiş pyýada,
sütüni syýamyş, örtenmiş oda,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
oşol demde gaýdyp gelmiş resula,
habaryn söýlemiş sahyp usula:
“sütüni syýamyş nädir wusula?”
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
resul aýdy: “aly eşitdim sözüň,
sypatyň, suratyň görüpdir gözüň,
düýdkeşlik zyýandyr, eşitgil özüň,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
görüp sen mesjidi, turpa ýaranmyş,
şeýtap saňa bu gün keýpi berenmiş,
anyň üçin sütün oda bürenmiş,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
adamyñ sütüni – bilgil, – imany,
bu şeýtan mekriden saklagyl any,
gapyl bolsaň ýakar, etme gümany,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil”!
şol pursatda haýdar çykdy meýdana,
gahr ile kast etdi lagyn-şeytana,
şondan bäri şeýtan boldy pynhana,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
andan owwal şeýtan äşgär gezermiş,
adam aldap, dinin beýle bozarmyş,
“bissimilla!” diýseň, umyt üzermiş,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
magtymguly, pendiň illere söýle,
öz halyň niçikdir bir pikir eýle,
sapar kylmak lazym, azygyň eýle,
haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!
magtymguly
-
magnit
13 years ago
- sagbol merw92 ýerine dùshdi :-)
-
ependi
13 years ago
- aý şu günler çilim gymmat bolansoň allygyna arak içýän
-
ependi
13 years ago
- öňler arak alyp gaýtargysyna çilim alynýady inni çilim alyp gaýtargysyna arak alynýa
-
makgush
13 years ago
- Hahahahahuuuw dooooo
-
magnit
13 years ago
- ependi öýdäkiñ käýänokmy icdin diyip
-
ependi
13 years ago
- ýoklaý
-
vipboy
13 years ago
- vipboy
*ROFL*
-
magnit
12 years ago
- :лопну от смеха:
-
makgush
12 years ago
- Indä tm'da çilim tapmagam görgimikä diýýän=) çekýänlere žalko:(
magnit 13 years ago