Iki dost çölde ýöräp barýarkalar, birden olaryň sözleri azaşypdyr- da, biri beýlekisine bir şarpyk ça­ lypdyr. Şarpyk iýeniň jany agyrsa-da, dos­ tuna hiç zat diýmändir-de, çägä­ niň ýüzüne şeýle ýazypdyr: “Bu gün dostum maňa bir şarpyk çal­ dy.” Soňra olar ýollaryny dowam etdirýärler. Biraz ýöränlerinden soň olaryň öňlerinden derýa çykýar. Olar on­ dan ýüzüp geçmeli bolýarlar. Ýü­ züp barýarkalar ýaňky şarpyk iýen oglan oňat ýüzüp bilmeýänli­ gi üçin gark boljak bolýar. Dosty ony halas edýär. Suwdan çykanla­ ryndan soňra şarpyk iýen daşa şeýle ýazýar: “Bu dostum meniň janymy halas etdi”. Dostuny uran hem halas eden og­ lan: – Men saňa şarpyk çalamda, gu­ ma ýazdyň, halas edemde, daşa ýazýaň, munuň sebäbi nedir? – di­ ýip soraýar. Dosty oňa: – Biri saňa ýamanlyk etse, guma ýazmaly. Ýel öwüsse öçer gider, wagt geçer, ýatdan çykar. Saňa bi­ ri ýagşylyk etse, ony unudyp bol­ maz. Ony ýel-ýagmyryň bozmazly­ gy, ýatdan çykmazlygy üçin daşa ýazyp goýmaly – diýip, jogap be­ ripdir.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir