Taryhdan mälim bolşy
ýaly, altynjy-ýedinji
asyrlarda Orta Aziýa ýöriş
eden araplar öz basyp
alan ýerlerinde yslamy
ornaşdyrdy hem-de öň
başga dinde bolan
adamlara ýokarda ýalňyz
Hudaýyň barlygyny
ündedi. Adamlara jebir-
jepa berýänlere Hudaýyň
özüniň jeza berýändigi,
ýagny olary Hudaýyň
tutýandygy hakdaky
ündewler yslamyň
parzlary we maslahatlary
bilen birlikde adamlaryň
aňyna ornaşdyryldy.
1917-nji ýylda Russiýada
sosialistik rewolýusiýany
amala aşyran Wladimir
Ilýiç Ulýanowyň (Leniniň)
guran sowet hökümeti
bolsa diniň-de, Hudaýyň-
da, dine ynanýanlaryň-da
garşysyna göreş alyp
bardy. «Hiç hili Hudaý
ýok, ähli barlyk tebigata
degişli» diýip öwreden
sowet hökümeti
dindarlary konslagerlere
ugratdy, metjit-
medreseleri ýykdy hem-
de çagalar üçin dünýewi—täze mekdepleri açdy.
Bularyň haýsy birine
ynanmaly?
«Dünýäniň esasy, dünýäni
ýaradan hem kesgitleýän
başlangyç obýekt
hökmünde ýaşaýan,
adama, adamlara garaşsyz
nähilidir bir ruhdur» diýip,
filosof alymlaryň
«obýektiw idealistler»
diýen ady alan toparlary
adamlaryň arasynda
ündew geçiripdirler, ýazyp
gidipdirler.
Biz bularyň haýsy birine
ynanmaly? Dünýede pikir
kän, ündew kän, filosofik
akym kän. Iň gynançly
ýeri hem — dine salýanlar
hem, dinden çykarýanlar
hem müňläp-müňläp
adamlaryň janlaryna kast
etdiler. Dinden çykmajak
bolup, adamlar sowet
hökümetiniň
konslagerlerinde çüýredi,
sowet hökümeti
tarapyndan atyldy. Dini
kabul etmejek bolanlar
arap gylyçlaryndan öldi.
«Alla hiç kime
görünmeýär, emma Onuň
özi (Hudaý) hemmeleri
görýär» diýip, din
öwredýär. «Hudaý
hemme zady görýär,
ýagşylyk edýänleri
ýalkaýar, ýamanlyk
edýänlere jeza berýär»
diýlip, ýene dini kitaplarda
nygtalýar.
Türkmen intelligentleri
Ine, bu günki gün bizi
«dine gir» diýip, gylyçdan
geçirjek bolup duran arap
hem ýok, «Dinden çyk»
diýip, atjak bolup duran
sowet hökümetem ýok.
Bu günki gün türkmenler
ynam boýunça erkin. Islän
dine, Hudaýyň barlygyna
ynanýar, islemedikler öz
erkine gezip ýör. Bu günki
gün biz «Allanyň hemme
zady görýänine, ýagşylyk
edýänleri ýalkap,
ýamanlyk edýänlere jeza
berýänine ynanyp
ýaşamalymy ýa-da
«Edeniňi edibermeli,
ýaman iş üçinem hiç hili
garaw ýok» diýen
ideýadan ugur almalymy?!
1932-nji ýyldan başlap
sowet hökümeti öz basyp
alan respublikalaryndaky
düşünjeli, bilimli, batyr
adamlary «sowet
hökümetiniň duşmanlary»
diýen ýarlyk bilen ýygnap,
konslagerlere ugradyp
başlaýar. Üstüne
ýüklenýän günäni boýun
almadyklary her hili jebir-
jepalara, jeza çekmelere
sezewar edýärler.
Türkmen intelligentlerini
hem «sowet hökümetiniň
duşmanlary» diýen
bahanalar bilen ýygnap,
türmelere, konslagerlere
ugratmakda Döwlet
syýasy uprawleniýesiniň
işgärleri edibilen ýaman
işlerini edýärler. Görnükli
türkmen intelligentleriniň
başyny iýen şol —döwlet
syýasy uprawleniýesiniň
işgärleriniň özleri hem
soňra hut sowet hökümeti
tarapyndan atylyp
öldürilýär.
Ganhor Beriýa hakda-da
ýatlalyň. Bütin Sowet
soýuzynyň
territoriýasyndaky ähli
respublikalaryň iň gowy
düşünjeli adamlarynyň
ganyna galan Beriýanyň
özüni-de sowet hökümeti
atyp öldürdi ahbeti.
Garaşsyzlykdan soň…
Indi gürrüňimizi Garaşsyz
Türkmenistanyň
mysalyndan dowam
edeliň. Türkmenistanyň
hukuk goraýjy
edaralarynyň
ýolbaşçylary, polisiýada
demleri bilen dag ýaran
ýolbaşçylar, Milli
Howpsuzlyk Komitetiniň
öňki başlyklary hem
olaryň edermen işgärleri,
Saparmyrat Nyýazowyň
egindeşleri we ýene-
ýeneler... Hany olar? Olar
näme üçin hernäçe
hökümete wepaly
bolsalar-da, ösüp
gitmediler, işleri olara
nesip etmedi, maňlaýlary
türmäniň diwaryna uruldy?
Olar türmede oturan
ýerlerinde halky agladany
üçin jezanyň bar ekenligi
hakda pikir
öwürdimikäler? Çaga
ekleýän adamlary çöreksiz
goýanlary üçin, bigünäleri
türmelere ugradanlary
üçin jeza çekmeli
pursadyň gelenine göz
ýetirdimikäler?
Wezipede oturan wagty,
eline pul düşen wagty
adam absolýut belentlige
galandyryn öýdýär.
Mysallardan görnüşi ýaly,
edilen günäler welin
adamlary sypdyrmaýana
meňzeýär. Günä-sogaba
şeýle bir içgin düşünýän
adamlar bar, olar hatda
garynjany-da
öldürmeýärler, günä
gazanmakdan gorkýarlar.
Kä kişi welin maňlaýy gara
daşa degýänçä edenini
edýär.
Ine, şu aýdylanlar dini
pelsepe däl. Ýaman iş üçin
dünýede jeza bar. Ol jeza
Hudaýdan gelýärmi, ýa-
da obýekt hökmünde
ýaşaýan Ruhdan, ýa-da ol
tebigatyň
deňagramlylygy saklamak
kanunymy, matematiki
hasapmy, men ony aýdyp
biljek däl, men diňe bir
zady aýdyp biljek —
adamlara kast edýänlere
jeza bar eken. Bu hakdaky
mysallary siziň özüňiz hem
töweregiňizden tapyp
bilersiňiz.
Özüňizem göwnüňize biri
nähak degse, hiç
gynanmaň, siziň
göwnünize nähak degene
jeza garaşýandyr...
Meniň bilen
ylalaşýaňyzmy?!
Bizi Hudaý tutýarmy?!
-
Friendship
13 years ago
- www.azathabar.org
-
Mergen0492
13 years ago
- ............................................
-
sweetbala
13 years ago
- barda name dushundirjek bolyan
-
Aristokrat
13 years ago
Bu dünýede adamlara ýamanlyk eden adam hökman Beýik Allanyñ gazabyna duçar bolar.
Jebislik 13 years ago- Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.