Yslamda “tesettür” diyip bir düşünje bar. Örtünmek, yapynmak manysynda gelyar. Gurhanda Nur süresinin 31-nji ayaty “tesettür” ayaty hasaplanyar. Edil sheyle hem Nur süresinin 60-njy ayatynda-da tesettür meselesi “aydylyp” gecilyar. Nur 31: "Mü`min zenanlara ayt, gözlerini haramdan gorasynlar we namyslaryny gorasynlar, zynatlaryny açmasynlar! (Zynatlaryn dakylyan boyun, baş, gol, ayak we gulak yaly yerlerini görkezmesinler) Dine bulardan görünyan kysymlar (yüz we el yalylary) bularyn daşynda. Yaglyklaryny yakalarynyn üstünden atsynlar. Zynatlaryny açmasynlar. Dine öz arlerine, öz kakalaryna, öz arlerinin kakalaryna, öz ogullaryna, arlerinin (başga ayallaryndan) ogullaryna, öz inilerine/agalaryna, inlerinin/agalarynyn ogullaryna, gyz doganlarynyn ogullaryna, Musulman ayallara, ellerindaki gyrnaklaryna, ayallara hiç-hili duygusy bolmayan erkeklere, heniz ayallaryn gizli yerlerinin parhyny bilmeyan çagalara açyp bilerler. (yagny bularyn yanyda örtünmekleri hökman dal) Gizlan zynatlaryny bildirmek (görkezmek) maksady bilen ayaklaryny-da urmasynlar..." Barde, görşümiz yaly, zenanlaryn geyinme ölçegleri görkezilyar. Zynat sözi - bezeg manysynda gelyar. Alymlaryn aytmagyna göra, zynat iki derejeli bolyar: 1- tebigy zynatlar (saç, ten we ş.m., yagny ayallaryn yokardaky aydylyp geçilenlerden başgasyna garşy gizlap saklayan beden kysymlary. Bular ayalyn bir bezegi bolany üçin tebigy zynatlar ady berilyar), 2- ikinji derejeli zynatlar, bular bolsa ayallaryn önküsinden hem has owadan görünmek üçin ulanyan zatlary (gulakhalka, monjuk, bilezik, kolye we ş.m.) Yene-de Nur süresinin 60-njy ayatynda şeyle buyruk bar: "Nika umydy galmadyk (aybaşydan we çagadan galan) yaşuly ayallar bardyr! Zynatlaryny erkeklere görkezmezlik şerti bilen perenjelerini ayyrmaklarynda bir güna yokdur. Şunun bilen bilelikde özüni ahlakly alyp barmaklary olar üçin has hayyrlydyr. Alla her bir zady eşiden, haky bilen (in dogry yagdayda) bilendir." Yokardaky ayatlarda bize hemme zadyn in dogry şekli, bolmalysy yaly aydylyar. Emma şu döwürde okuw, iş, ene-ataň närazylygy we ş.m. kabir ýagdaýlar sebapli bulary doly yerine yetirip bilmeýänini aýdýanlar bar. Emma yene-de “Allajan bagyşlasyn!” diyip, onun geçirimliligine sygynyarlar we geljekde hemme zady bolmalysy yaly ederis diyip umyt edyarler. Ýene bir ýagdaý: Bir zady doly yerine yetirip bilmesen, şony durşuna taşlamaly diylen zat hem yok. Biz özümizi naçe gorap bilsek, bize şonça-da peydasy bar! Yagny doly yapynyp bilmesek hem, koyneklerimizin yenlerini uzynrak, yakalaryny yapygrak edip geyip bilyas. Bir pikir: Ayal maşgalanyn yaradylyşy erkeklerden tapawutly. Zenanlar has ejiz we nazik, özüneçekiji bolyarlar. Öz owadanlygy bilen başgalarynda (erkeklerde) kabir duygylary oyaryp bilerler. Munyn üçin hem yapygrak geyinmeleri has amatlydyr. Sonam ayal maşgalanyn tebigatynda uyalmak, utanmak duygusy bardyr. Bir gezek ostanowkada bir ors gyzy gördüm, darajyk bermudy bilen darajyk top geyipdir welin, figurasynyn formalaryny görmage pasgel yokdy, şol dereje dar. Özi owadanjady. Şol eşikleri geyip özüni rahat alyp barayjak yalydyr welin, yöne eylesini-beylesini onardy durdy. Diyjek bolyanym, gyzlar özüni naçe rahat, döwrebap alyp barjak bolsalar hem, tebigatyndaky duygylary (instinct) has üstün çykyar. Hatda, gaty açyk geyinyanler hem özleri bihabar gaty açyk yakasyny düzeldenini ya-da yubkasyny onaryşdyranyny bilman galyarlar.

Köneler, durmush1 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir