Pany söýgülerde jemal, kemal, daşky şekil, gözellik, baýlyk, güýç, wezipe, abraý, maşgala we perzent aladasy we ş.m. ýaly zatlar söýlüp gelnipdir. Kämahal-da, bulara garşy duýulan çakdanaşa isleg, höwes, muhabbet bilen şirke girenler hem bolupdyr. (Aslyýetinde, butparazlygyň hem birnäçe görnüşiniň döremeginiň baş sebäbi, şol söýgüde öte geçmeler bolmagy mümkin.) Bularyň yşgyna düşenler köplenç jemala maýyl bolupdyr, kemaly öwüpdir, jisme-bedene haýran galypdyr, güýç we ululyk garşysynda dyza çöküp, baýlyk we häkimiýet ugrunda adamçylygyny we erkinligini pida edipdir, wezipe we abraý höwesi bilen kimleriň elini-aýagyny togap kylypdyr...
Söýgi seriýasy (3)
-
mirasymyz
13 years ago
- Müminler owaly bilen Allahy söýerler we Ondan ötri başgalara garşy mähir duýarlar, ynsanlar bilen gatnaşygynda, olara bolan söýgi we ýigrenjinde, Allahyň ryzasyny özlerine esas alarlar; ähli barlyklara Onuň atlarynyň we sypatlarynyň dürlüçe şöhlelenişi hökmünde mähir-muhabbet duýarlar.
-
mirasymyz
13 years ago
- Haýsydyr bir mümin pany jahanda görýän ähli jemallarynyň, kemallarynyň, ululyklarynyň, beýiklikleriniň, gözellikleriniň Onuň eseridigini görüp, duýup bilen wagty, bu duýgunyň köňlünde hasyl eden muhabbeti bilen Oňa ýöneler we Ony, Oňa mynasyp söýgi bilen söýer.
Mümin barça zatdan owal, barça zadyň öňünde Allahy söýer, her haly bilen Onuň guludygyny beýan eder; soňra-da Ondan ötri, ilki bilen Älemleriň Serwerini (s.a.w.), soňra ähli nebileri (pygamberleri), welileri Onuň sypatlaryny iň aýdyň görnüşde şöhlelendirýän arassa, dury aýnalary, ylahy dergähiň sadyk bendeleri we Onuň maksatlaryny, isleglerini ýer ýüzündäki gullaryna ýetiriji ilçileri hökmünde söýer. Älemi we ondaky barlyklary, Onuň kämil ýaradyş sungatyndan dörän ajaýyp eserleri hasaplar. Ene-atany mähir-muhabbet, garşylyksyz söýgüniň belent nusgasy hökmünde söýer... Bularyň ählisi Allahdan ötri söýgüniň mysallary hasaplanyp bilner.
-
mirasymyz
13 years ago
- Müşrikler söýen zatlaryny Allah ýaly söýerler, hudaýlaşdyrarlar. Mümin bolsa, Allahdan ötri barlyklara garşy söýgi we mähir duýgusy bilen gurşalar. Barlyklary hudaýlaşdyrmak bilen barlyklary Hudanyň ryzasy üçin, Hudanyň ajaýyp ýaradyş sungatyna delillik edýändigi üçin, Hudanyň atdyr sypatlaryny şöhlelendirýändigi üçin söýmek düýbünden başga zatlardyr.
-
Hezretli
13 years ago
- Gowy ýazylypdyr, sagbol Mirasymyz
-
Aristokrat
13 years ago
-
Aristokrat
13 years ago
- Sagja bol mirasymyz
-
1merdan
13 years ago
- sagja bol mirasymyz, gaty ýerlikli dowamly tema açýaňyz pikirlendirýän temalar (köp-köp sag bol)
-
magnit
12 years ago
- ylalashýan turkmene geregi ýok sho zadyn, samsyk sumsuk zatlar.... Welin yashlaryn añyndan pozup bolyamy name ...
mirasymyz 13 years ago- Her pursatda dürli yhsan we lutuflary bilen, nygmatlary bilen, keremi bilen özüni bize tanadýan hakyky jemal we kemal eýesi, gudraty-güýji çäksiz, barça zada hökmi ýöreýän Allaha garşy görkezilmeli söýgüni birgiden ejiz barlyklara dargatmak bilen, muhabbet jöwherini bady-howa sowurmak bilen bir wagtyň özünde, köplenç ugrunda ýanyp-köýýän pany magşugynyň äwmezekligi, wepasyzlygy, şeýle çuňňur söýgä mynasyp däldigi, söýgüsini äsgermezligi, görmezden-bilmezden gelmegi; kämahal-da öz ugrunda ýanyp-köýýänleri eliniň aýasyna almagy, özüne baş egdirmegi, gula öwürmegi bilen sansyz-sajaksyz gezek ölüp-direlipdir.