Adamyň oňat niýetde, ýagşy dü şünjede bolmagy onuň ýaşaýşa bolan oňyn garaýyşyny artdyrýar. Hatda, durmuşda şadyýan, göw naçyk ýaşamaklyga-da uly ýar dam berýär. Belki, şonuň üçin, “Amallar niýetlere görä” diýilýän dir. Alymlar bolsa, oňat niýetde bolma gyň ýüregiň sagdyn bolmagyna peýda berýändigini ylmy taýdan barladylar. Olar 2 müň 800 ýüre gagyryly adamyň arasynda sowal nama geçirdiler. Sowalnamanyň iň esasy soragy bolsa olaryň bu kesel barada geljekdäki pikiri bol dy. Sowalnama alnandan soňra has salar 15 ýyllap göz astynda saklan dy. Netijede, geljek barada ýagşy düşünjede, oňyn pikirde bolanla ryň bolmadyklara garanyňda, has sagdyn bolýandygy anyklandy. Bular barlaga gatnaşan hassala ryň 30 göteriminden ybarat bol dy. Bir zady gözel görmek, gözel dü şünjeleri döredýär. Gözel düşünje ler bile bolsa, durmuşdan lezzet alyp ýaşap bolýar. Bu ylmy barlag hem şuny, hem-de ata-babalary myzyň “Ýagşy niýet- ýarym döw let” diýen pähimli sözleriniň nä derejede dogrudygyny has aýdyň görkezýär.
Ýag$y niýet - ýarym döwlet
-
Friendship
13 years ago
- ...Türkmenba$ymyz!:-)
-
pida
13 years ago
- sagja bol friend!gaty govy edip yazypsyn.
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, pida!
-
pida
13 years ago
- friend mevlanynyn sozlerindenem bar oydyan arasynda.
-
Friendship
13 years ago
- Mümkin. Bu "zaman" gazetinden alnan makala.
-
AHAL
13 years ago
- yagshy niyet ugrunda yashayakang dunyade, soyyan garyp bolsada soyulmane degmezmi?
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- niyetin palin yoldasyn bolsun friendship
-
Friendship
13 years ago
- Birhiljek edip aýtdyñ-la, bibisara?!:-)
-
pida
13 years ago
- tekegyzytatyana sen yazan zatlana edil gargynja menzeyaroooooov.bashgarak soz tapmadynmay.
turkmenntug 13 years ago- hava.friend.dogry aýdýañ.maglumat üçinem sag bol.
Sussy pesler jany sagat hassadyr...diýärä...