mämmetweli kemine (1770-1840) kemine xix asyr türkmen edebiýatynyň ajaýyp söz ussadydyr. onuň eserleri özüniň sadalygy, çuňňur ideýalylygy we ötgür ýumory bilen tapawutlanýar. kemine türkmen halkynyň ýüreginde gündogaryň beýik ependisi hökmünde ýaşaýar. mämmetweli kemine saragt töweregine 1770-nji ýylda garyp daýhan garadöwletiň maşgalasynda eneden bolýar. agyr durmuş ony eklenç gözleginin agyr syýahatlaryna ýollapdyr. kemine ýaşlykda saragtda bir molladan ýazyp-bozmany öwrenýär. harçsyzlyk sebäpli esli wagtlap okap bilmeýär. kemine wäşi, degişgen, şorta sözli ýigit bolupdyr. onuň halk arasynda tanymal bolmagynda hem şol häsiýeti uly rol oýnaýar. ýaşlykdan gazanan abraýy onuň argyşa gidýän kerwenlere goşulyşyp buhara barmagyna kömek edýär. buharada hem hüjre tutup okabermek kemine başartmaýar. şu ýerde hem ony ýoksulluk köseýär, ol hem kyşiň hyzmatyny edip, hem okap başlaýar. ýöne yzynda galan maşgalasynyň ýagdaýynyň pes bolmagy, onuň yzyna dolanmagyna sebäp bolýar. şahyrda okamaga bolan höwes, ony indi hywa alyp gelýär. äraly işanyňkyda birnäçe wagt bolup, ol ýene-de saragta dolanýar. kemine öz obasyndan gurbanbagt diýen gyza öýlenýär. gurbanbagtdan ogul bolýar. 29 ýaşyna ýetende gurbanbagt ýogalýar. ölümiň agyr labyry ony öňküden-de beter horlaýar. şahyr ömrüniň ahyryna çenli garyplykda ýaşapdyr. kemine mollanepss bilen gowy aragatnaşyk saklapdyr. kemine 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. şahyryň nebereleri baýramaly, türkmengala töwereklerinde ýaşaýar.   keminäniň lirikasy   keminäniň baý döredijiligi tematik taýdan örän giň hem her-taraplydyr. onuň döredijiliginde ahlaky, sotsial deňsizlik, yşky-liriki eserlerde bar. durmuşy tema. kemine durmuş wakalaryny öz zamanasynda başardygyça real görkezmege çalşan şahyrdyr. onuň eserlerinde türkmen halkynyň durmuşy, isleg-arzuwlary beýan edilýär. keminäniň durmuşy temada düzen goşgularynyň arasynda "garyplyk", "garyp", "barynda", "içmek" diýen goşgulary ideýa-çeperçilik taýdan has tapawutlanýar. kemine "garyplyk" diýen dörtlemesinde pakyr-pukaralaryň näçs işleseler-de, oňat durmuşa ýetip bilmändiklerini suratlandyrýar:   günde müň kowlasam, baý ýers gitmez, goş basyp, dulumda ýatar garyplyk.   kemine ezýän we ezilýän gatlaklary seljerip bilipdir. muny şahyryň "garyp" diýen goşgusynyň:   ýalbarar men "baý aga!" diýip, göýäki ak mumdan beter, baýlaryň basgançagy boldum - gysym gumdan beter, "ber hakym" diýip gyssasaň, çişer otyr humdan beter, ogry şum, orramsy şum, belki ol şumdan beter... -   diýen setirleri subut edýär. döwrüň adalatsyzlyklary zerarly agyr durmuşy başdan geçiren hemme zähmetkeşler bilen birlikde "garyplykdan" keminänin. hem içleri otly tütün bolupdyr. keminäniň. bu pikiri onuň "içmek" goşgusynda dowam etdirilýär. bu goşgy garyplygyň bütin elementlerini özünde jemleýär:   ertir turup seretsem, dag keýginiň derisi, saryna ýagyş degen, hiç galmandyr sarysy, tüýli ýerindsn köpräk, tüýsüz ýeri-ýarysy, kimden galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek.   sotsial-tankydy goşgular turkmen klassyky edebiýatynda keminäniň ady satirik şahyr hökmünde tutulmaga mynasypdyr. öz döwrüniň sotsial garşylyklaryny görkezmek, halkyň agyr ýagdaýlaryna duýgudaşlyk bildirmek keminäniň bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. şahyryň "beýle", "bir tüýsli", "kazym" ýaly essrleri hut sotsial-deňsizligi görkezýän eserlerdir. "beýle" goşgusynda şahyr güne işi hut din adamlarynyň özleri edýärler diýen pikiri öňe sürýer:   dowzahy diýer sen dutar çalany, behişdi eýlär sen hüşür alany, bular-toýa, sen gözlär sen öleni, pirleriň dünýäde bolasy beýle.   kemine "kazym" diýen şygrynda kazy-sopulardan söz açyp, olary tankytlaýar we magtymgulynyň pikirlerini döwrüne görä ösdürýär. mysal üçin, magtymguly:   pygamber ornunda oturan kazy, para üçin elin aça başlady   -diýen bolsa, kemine:   diýsem kazylar kärini, aýdyp bolmazla ýaryny, ýalan sözleriň baryny satarsyňyz pula, kazym -diýen ýaly setirler bilen çykyş edýär.   keminäniňsöýgi lirikasy keminäniň söýgi lirikasyna degişli döreden "derdiňden", "gelinler", "meňzär", "zülpüň", "bile gel" şygyrlary adamyň gowy ahlaklaryny gelin-gyzlaryň gözelliklerini wasp edipdir. kemine özüniň ýurduny, ilini-halkyny söýşi.ýaly, türkmen gelin-gyzlaryna hem uly hormat goýupdyr, olaryň gözelligini, çeper hünärlerini nusga hökmünde belende göteripdir. şahyryň gelin-gyzlar barada ýazan goşgulary özüniň çeperçiligi bilen beýleki şygyrlaryndan tapawutlanýar. "bolar", derdiňden", goşgularynda şahyr eli hünärli gelin-gyzlaryny taryplaýar:   ýagşyny ýasan ussalar, pähm etmez akly gysgalar, köneden gelen nusgalar – hünärli goluň derdinden...   meniň dilim, seniň eliň hünäri, nusga bolup galsyn ilden-illere.   kemine şahyr "zülpüň", "bile gel", "gelinler", "meňzär", "içinde" goşgularynda gelin-gyzlaryň görk-görmeklerini, edep-ekeramlaryny, hoş gylyklaryny taryplapdyr. şahyr "meňzär" goşgusynda:   ýagşy gelin, ýagşy gyzlar, mysaly gülzara meňzär -   diýip, hemme tarapdan saýhally, salyhatly gelin-gyzlary gülzra meňzeden bolsa, elinden hiç bir iş gelmeýän nalajedeýinler barada şeýle setirleri döredipdir:   başy çykmaz hiç bir işden, emma görseň, aýal daşdan, ak ýüplükden, gök erişden, saçyna ýüpden bag eder.   kemine "zülpüň" diýen bäşlemesinde zülpi genji-hazynany ýassanyp ýatan ajdarha, kementli dara, örüm-örüm saçlary uly äpet mara (ýylana) meňzedýär. mollanepes şahyryň aýdyşy ýaly "zülpi taryplamaga söz goýmaýar".   zülpüň her bir taryna ýüz müň tümen isteseň, nagt bereýin pullaryň bir-birden sana zülpüň.   kemine  gelin-gyzlaryň owadanlygyny taryplanda, deňeşdirmedir, meňzetmeleri örän ýerlikli ulanýar.   bag miwesi bolmaz şirin dil ýaly, belli-belli sözüň bardyr bal ýaly, kemine diýr akly-gyzyl gül ýaly, aşygnyň janyny alan gelinler.   şahyryň şygyrlarynyň ählisi ýürekden çykýan joşgun bolup, essriň has-da täsirli, obrazly berilmegine hyzmat edýär. keminäniň söýgi lirikasyna degişli "zülpüň", "derdiňden", "gelinler", "bile gel" goşgulary halkyň iň söýgüli aýdymlaryna öwrüldiler.   keminäniň adyna aýdylýan şorta sözler   kemine türkmen edebiýatynda satiranyň düýbüni tutujydyr. kemine öz zamandaş şahyrlarynyň arasynda hemmeden öň batyrgaýlyk edip, halky ezijileriň garşysyna gülki bilen çykyş eden şahyrdyr. keminäniň gyjalatly, ötgür sözleri mugthorlaryň içinden ok bolup geçýär. şahyr adam hukuklarynyň goragçysy, ola-ryň geljege bolan umytlarynyň ruhlandyryjysy bolupdyr. ol bu meseleleriň hemmseini umumy sözler bilen beýan etmän, konkret şahslaryň üsti bilen çözýär. şonuň üçin halk keminäni söýüpdir we onuň adyna dürli şorta sözleri döredipdir. şahyryň adyna aýdylýan şorta sözlerde süýthorlar, ruhanylar, kazylar we olaryň bet işleri rehimsiz paş edilýär. mysal üçin, kemine "ýylyň näme" diýen şorta sözde ruhanylaryň açgözlüligini gemriji haýwanlara meňzedýär:   ... bir oturylyşykda kemnne äraly işana ýüzlenip: -  pirim, siziň ýylyňyz näme? - diýip sorapdyr. onda piri: -  molla kemine, biziň ýylmmyz-a syçandyr - diýýär. kemine: -  aý boldy, asyl bir gallany gowy görmäňiz bar-la! - diýip jogap beripdir.   äraly işanyň husytlygyny masgaralaýan "basym tazy bolar", nahary bissymylla gutardy" diýen şorta sözler halk içinde has-da şöhratlydyr. "palta gözleginde" diýen şorta sözde keminäniň garyp güzeran zerarly hudaýyň adyna hem kineli sözleri aýdandygyny görmsk bolýar.   bir gün keminäniň aýaly agşam garaňky düşensn soň, oňa: - odun aýryp ber - diýýär. kemine hem paltasyny alyp, teňňeni aýryp başlaýar. ol paltany aýlap salyp durşuna, paltasy sapyndan çykyp, zyňlyp gidýär. ol gözläp tapyp bilmeýär. - ahyrda: "hudaýýoluna bir okara bugdaý" diýip, garaňkynyň içinde elini eýläk-beýläk aýlap, sermenip barşyna eline gyrasy döwlen okara ilýär. kemine: - älhspus, bu hudaýa serediň-le! bermeli bolsa tapylanok, almaly bolsa weli, edil iki paý ýaly. ýreri meniň bir okara bugdaý bagyşlanymy näbildikä, eýýäm okarasyny somlap gelýer - diýip, kinaýaly sözler aýdýar.   keminänyň öwrenilişi. ähli türkmen klassyklary ýaly satirik şahyrymyz keminäniň döredijiligi hem şu wagta çenli öwrenilip gelýär. onuň eserleri halk arasynda toplanyp alyndy. keminänin ýüz ýyldan gowrak wagt halk içinde ýaşap gelen eserleri biziň döwrümizde neşir edilip, okyjylar köpçüligine hödürlendi. şahyryň eserleri dürli dillere terjime edildi. ajaýyp şahyra bagyşlanyp şahyrlar, ýzyjylar dürli žanrly birnäçe eser döretdiler. olara p.skosypýewiň "kemine", g.gurbansähedowyň "kyrk teňňe", powestini, b.amanowyň "kemine" komediýasyny, w.muhadow we a.şapoşnikowyň "kemine we kazy" opasrasyny mysal edip bolar.   keminäniň edebiýat meýdanyndaky orny.   mämmetweli kemine türkmen edebiýatynda özüne mahsus orunlaryň birini tugýar. ol xix asyr türkmen şahyrlarynyň arasynda iň demokratik we progresiw şahyrdyr. magtymgulynyň başlan realistik däplerini öz döwrüne laýyklykda ösdürip, türkmen edebiýatynda satira žanryny has öňe süren klassyk şahyrlaryň biridir. keminäniň döredijiliginiň esasy aýratynlygy - onuň eserleriniň hüjüm edijilik häsieti bilen ýugrulanlygydyr. türkmen halkynyň keminä bolan söýgüsi örän güýçlüdir. halk onuň eserlerinden göwünlerine teselli tapypdyr.

Köneler, Merw92 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir