Sen yzyňa ahmyr bilen seretme, bolan işe peýdasy ýok ahmyryň. Sen yzyňa gahar bilen seretme, bolan işe peýdasy ýok gaharyň. Sen yzyňa bakyp, gyýylma hergiz, görüp bilmäniňe aly, hiläni. Sen yzyňa bakyp, aglama hergiz, giden getirilmez gözýaş biläni. Sen özüňi har edeni har etjek, hor edeni hor etmekçi bolma hiç. Haka tabşyr elýeterden uzagy, hem gyssanma, haklaşar ol iru-giç. Sen yzyňa ejir bilen seretme, gaňyrylma urulanyň ar bilip. Sebäbi sen gitdiň, ýykdyň serheti, galan galdy gara güni ýar bilip...
Sen yzyña ahmyr bilen seretme...
-
magnit
13 years ago
- nirden kopia? Bet yazdyn
-
Jasminka91
13 years ago
- Gowja goshgy.3 bendi hasam gowy,durmushda köpumize degishli. sag bol
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Шемкам урярлармыя сени?
-
littil
13 years ago
- sposiba gowja goşgy.
-
charyyarovich
13 years ago
- owadan goshgy
-
byagulechka
13 years ago
- Manyly goshgy !!! Berekella sapa
-
muzazzi
13 years ago
- sagja bol!
-
Jamila
13 years ago
- O diyena gowu dal yöne boljak
-
Friendship
13 years ago
- :-):-):-)
-
akylym1989
13 years ago
- mena gownim yetdi oran onat gosgy
menbet 13 years ago- betje goshgy