KOFE: Uzak ýyllaryň dowamynda kofäniň saglyk üçin , ylaýta-da ýürege erbet täsir edýändigi baradaky ýalňyş pikirlere eyerilip gelindi.Dogry ulanylanda, bu içginiň zyýan ýetirmek beýlede dursun, hatda oňa içden we daşdan oňyn täsir edip, ähli ulgamlaryň işine itergi berýändigini dürli ýurtlaryň alymlarynyň geçiren ylmy-bar¬lag Işleri görkezdi.Kofe içilende içki (ýürek, bagyr, içege, beýni...), ýapgy, çalgy görnüşinde ýada tämizleyji serişdeleriň düzüminde peýdalanylanda bolsa, daşky (saç, deri, gabak we ş.m.) beden agzalarynyň yzmatyny işeňleşdirýär. KOFÄNIŇ IÇKI TÄSIRI: 00 Käbir alymlaryň pikirine görä, kofe peşew çykaryjy häsiýete eye bolup, bedeniň suwsuzlanmagyna getirip bilýär. Ýöne gorkup oturasy iş ýok. Görlüp oturylsa, onuň şeýle täsiri diňe bir gezekde 0,5 litrden köp mukdary kabul edilende ýüze çykýan eken. 00 Kofäniň sähelçe mukdary hem ýatkeşligiň gysga wagtlaýyn görnüşini gowulandyr- maga ukyply. Her gün 2 käse kofe içýän bolsaňyz, onda gyssagly meseleleri çözýän wagtyrtyzda ýanyňyzda ýandepderçäňizi götermeseňizem bolar. 00 Kofäniň yzygiderli ulanylmagy Alsgeýmeriň we Parkinsonyň keseliniň döremek howpuny azaldýar" diýip, Fioridadaky Berdift-Alsgeýmeriň institutynyň alymlary hasaplaýarlar. 00 Kofe ýüregiň işini aktiwleşdirýär. Şot bir wagtda arteriýa gan basyşyny ýokarlan- dyrýar. Bir käse kofe içilende, 2 sagadyň dowamynda gan basyşynynň görkezijisiniň simap sütüni boýunça 15 mm galmagy ähtimal. 00 Ölemen kofehalarlaryň arasynda ýogyn tçegäniň ragy seýrek duş gelýär. Ýapon alym¬lary 40-69 aralygyndaky aýallaryň we erkekleriň 96 müňüsini barlagdan geçirenden son şeýle netijä geldiler. 00 Dünýäde kofäniň ulanylyşy boýunça 1-nji orunda durýan Finlandiýada geçirilen ylmy-barlag işleri bu içginiň 2-nji tipli süýjüli diabetiň döremek howpuny azaldýan- dygyna güwä geçýär. 00 Dowamly gastritde, kolitde, enteritde (hatda durnukly remissiýa döwründe-de) kofäni dine süýt bilen içmek maslahat berilýär. Ýekeje saparda köfäniň 10 gramy ula- nylanda, adamyň ölmegi mürnkindir. Şonça kofeden takmynan 100 käse kofe içgisini taýýarlap bolýar. Birbada 100 käse kofäni hiç kimiň içip bilmejekdigi bellidir. 00 Kofe bagyr sirrozyndan goraýar. Kaliforniyaly lukmanlaryň hasaplamalaryna görä, günde 1-3 käse kofe içyän adamlarda sirroza duçar bolmak howpy 40%-e çenli azalýar. 00 Kofäni alkogolly içgiler bilen garyşdyrmak maslahat berilmeýär. Şeýle edilende, adam tiz serhoş bolýar, özem wagty bilen serhoşlykdan açylmaýar. 00 Kofe käbir dermanlar bilen özara täsir edişýär. Meselem, ol analginiň agyry köşeşdiriji täsirini güýçlendirýär. Demir preparatory kofe bilen bilelikde ulanylanda, öňküsindenem kyn özleşýär. 00 Adatça lukmançylykda: "ajy çaý we kofe aşgazanyň nemli bardasyny gyjyn- dyryp, aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyny tizleşdirýär, gyzylödegiňi sfinkterini gowşadýar, umuman, saryňy gaýnadýar "diýen pikir ýörgünli. Şwesiýaly alymlaryň 40 rnüň adamyň gatnaşmagynda geçiren barlaglary şeýle pikiriň dogrudygyna şübhe döredýär. Şeýle-de bolsa, ajy çaý bilen kofäniň saryňy gaýnatmaýandygyny hem gutamyldy tassyklamak mümkin däl.
KOFE PEÝDALYMY ýa-da ZYÝANLY?
-
Jemka91
13 years ago
- Sagja bol maslahatlary peýdlanrn kofäny halaýas ýöne di$leri saraldaýýada derrew ýuwmasañ
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Умуман айданда кофе адам беденине хич хили зыянлы тасири ёк дийен ялыда. Шу кофе бет зат ози, мена окайын дийип елиме китап алдым гони 10минтден уклаян, шонун учин онунден гойы едип кофе ичян.
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Шонда ярым сагатдан говурак елим китаплы отурмана ярдам беряр.
-
muzazzi
13 years ago
- sagja bol
-
idealman92
13 years ago
- irden.turanda.kellan.duynki.alchogoldan.yana.yaryljak.bolsa.ajyja.cofee.ich!
-
Abadan
13 years ago
- Interesno,adamlan nace % kofe,nace % cay icyarka?haysyny kop icyarlerka?
-
Younglord
13 years ago
- abadan kyn sorag eken ýöne meň pikirimçe kofeden çaý köp içilýämikä diýýän (%-inihä bilmedim)
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Туркменистандаха чай ичян кан, а обшы дашары юртларда кофе ичян кан болаймаса.
-
Abadan
13 years ago
- Dasary yurtlarda yagny hytaylarda'da cay icyanem kana
-
Younglord
13 years ago
- däde dünýä boýunça alanyňda çaý içýän kän bolaýmasa
-
Jemka91
13 years ago
- Ýo kofe köp icilýän bolaymasa
-
Younglord
13 years ago
- klasdaş seňkem dogry bolmagy mümkin sebäbi dünýäň köp bölegini hyýatlar tutýa. Olaňam köpüsi kofe içýä. Ýewropa ýurtlarynyň ählisi hem çaýdan kofäni köp içýärler.
-
Jemka91
13 years ago
- Caý kofe hicle seret dwoynigim gelipdirä men cal$ylmaz ýaly nik üýtgetsem öýtýän hä? ;-)
-
Younglord
13 years ago
- Aý menä bilmedim menä seni çalşmaryn klasdaş eger nik üýtgetseň maňada aýtgyn
-
Jemka91
13 years ago
- Inede men 5+5 boldmy?
-
Younglord
13 years ago
- Hawa klasda$
-
Younglord
13 years ago
- Hic zat üýtgänok klasda$ hemme zat öñki öñkülik 5+5=10 bolýa üýtgeýän zat ýok üýtgemezem dü$ündiñmi?
-
Jemka91
13 years ago
- Ok! $eýle bor dýp umydam edipdm ;-)
-
Younglord
13 years ago
- Arkaýyn bol 10 10lygynada galar klasda$ üýtgemez
Younglord 13 years ago- KOFÄNIŇ DAŞKY TÄSIRI:
00Täze taýýarlanylyp, sowadylan kofe bilen boýun töweregini süpürmek maslahat berilýär. Munuň özi deriniň mürşermeginiň öfiüni alýar.
00 Gije çalmak üçin niýetlenen kofeinli kremler ýüzüň ýellenmeginiň öňüni almaga ýardam edýär.
00 Gözüň aşagy halka atanda, ýaňy gaýnadylyp, sowadylan kofede ezilen pamyk bölejiklerini goýmaly.
00 Kofe ýagy garylan gözellik serişdeleri diýseň peýdaly. Onuň düzüminde deriniň çeýeligini artdyrýan, halparmagynyň öňüni alýan, alawlama hadysalaryny aýyr- maga ýardamly linol turşusy köp.
00 Kofäniň burkurýan ysy endorfinleriň(bagt,lezzetgormonlary)işlenilip çykarylyşyna itergi berýär. Onuň bu häsiýetini bilýän satyjylar dükanda kofeli gabyň agzyny açyp goýýarlar. Kate şeýle endik söwdanyň şowly bolmagyna hemaýat edýär: ýakymly ysa imrinen alyjy gerek-ýaragyny alandan soňam dükandan çykmazlyga bahana gözleýär. Satyn almak üçin ýene-de bir zatlary saýlap ugraýar.
00 Düzümi tebigy kofeli sabynlaryň derini tämizlemekden başga-da hyzmaty bar. Ol deri örtüginiň üstki gatlaklarynda maddalaryň alyş-çalşynyň kadaly geçmegine kömek edýär.
00 Kofeiniň sellýulite garşy serişdeleriň köpüsiniň düzümine girmegi tötänden däl. Bu madda ýag öýjüklerine täsir edip, ýaglaryň eremegine (lipoliz) we olaryň organizmden daşary çykarylmagyna itergi berýär.
00 Sellýulite garşy serişdäni öýdede taýýarlap bolýar. Kofe bilen baly deň mukdarda goşup, garyň. Garyndyny ýag gatlaklarynyň toplanan ýerine çalyň. Üstüni ilki iýmit salynýan plýonka haltajyk, soňra polotense bilen örtüň. Ýarym sagatdan soň plýonka bilen polotensäni aýryp, endamyňyzy mylaýym suw bilen ýuwuň.
00 Ýüzüňizi gysga wagtda terlendirmek isleseňiz, kofe löderesini owradylan grek hozy bilen garyp, ýüzüňize çalyň. Barmaklaryňyz bilen ýefňiljek kakyp, onuň oňat siňmegine ýardam ediň. 10-15 minutdan soň ýüzüňizi sowujak suw bilen ýuwuň.
00 Gara saçlarynyzyň refikini täzeläsiňiz gelse, pulwizatoryň (atyrdan, gülapdan boşan çüýşänifikini ulanaymaly) kömegi bilen ajy demlenen tebigy kofäni sowadyp, pürküň. Saçlaryňyzy oňat darap, tä özi guraýança garaşyň.
zUzak ýyllaryň dowamynda kofäniň saglyk üçin , ylaýta-da ýürege erbet täsir edýändigi baradaky ýalňyş pikirlere eyerilip gelindi.Dogry ulanylanda, bu içginiň zyýan ýetirmek beýlede dursun, hatda oňa içden we daşdan oňyn täsir edip, ähli ulgamlaryň işine itergi berýändigini dürli ýurtlaryň alymlarynyň geçiren ylmy-bar¬lag Işleri görkezdi.Kofe içilende içki (ýürek, bagyr, içege, beýni...), ýapgy, çalgyg örnüşinde ýada tämizleyji serişdeleriň düzüminde peýdalanylanda bolsa, daşky (saç, deri, gabak we ş.m.) beden agzalarynyň yzmatyny işeňleşdirýär.
00 Gurak deri üçin peýdaly ýapgyny şeýle taýýarlamaly: 1 çaý çemçesiniň 1/4 bölegi çemesi duzy, 1 çaý çemçe badam ýagyny, 1 çaý çemçe kofe löderesini garyp, ýeňil, owkalaýjy hereketler bilen ýüze çalmaly. 10 minutdan soň ýuwup aýyrmaly.