Internetde “com, net, org, ru” taryha öwrüler. PDF indir Internet ulgamynda birnäçe ýyl bäri ulanylyp gelinýän “com, net, org, ru..” ýaly tanatmalar bütünleý aradan aýrylýar.Yokary- Gatlak Atlary (Generic Top-Level Domains) maksatnamasyna görä beýle tanatmalar alynman, diňe Esasy At satyn alynar. Täze maksatnama 2012-nji ýyldan amala aşyrylyp başlanar. Internetde Esasy Domain Adyny ilkinji bolyp satyn alan mundan gazanç edinip biler. “www.turkmen” adyny satyn alan adam ýa-da gurama, birnäçe söwda, sosial, habar.. ýaly adreslerem öz içine alyp biler. Meselem “www.turkmen.talyplar” diýip sahypa açyljak haladynda, www.turkmen adyna eýe bolan adama ýada gurama kireý tölemeli bolar. 185 MÜŇ DOLLAR Täze atlar üçin ýüztutmalar 2012-nji ýylyň başynda kabul ediler we ýylň soňunda paýlanmaga başlar. Bahasy 185 müň dollar, ýyllyk kireý bahasy bolsa 25 müň dollar bolar. Iňlis dilinden başga Arapça, Hytaýça, Rusça ýaly dillerde-de internet domain ady satmak meýilleşdirilýär. Internet täzelikleri

Köneler, Yagshy94 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir