Gyzyl çakyryň peýdalydygy barada köp aýdylýar. Aşa köp ulanylanda onuň bedene zyýan ýetirýändigi hem mälimdir. Üzümi welin, hiç hili ätiýaçsyz iýibermeli. Bu iýmişin saglygy goramakda iňňän uly ähmiýeti bar. IÇKI TÄSIRI: Üzüm ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlar üçin birinji orunda durýan önümdir. Köp mukdarda kaliý duzlaryny saklaýan bu iýmiş ýürek myşsasynyň tonusyny ýokarlandyrýar, ganda holesterinin derejesini peseldýär. Antioksidantlara bay bolmagy üzümi daşky gurşawyň zyýanly täsirinden goramak, ýüzüň derisiniň mydama öwşün atyp durmagyny gazanmak, ýygyrtlaryň wagtyndan ir döremeginiň öňüni almak üçin yzygiderii ulanmaga mümkinçilik berýär. Üzüm suw-duz çalşygyny aktiwleşdirip, peşew turşusynyň endamdan has çalt çykarylmagyny üpjün edýär. Düzüminde köp mukdarda fitonsidleri saklaýandygy üçin üzümiň şiresini zäherlenmä, sowuklama garşy ulanmak maksada laýykdyr. Her gün üzümin 10-12 dänesini iýseňiz, gan basyşyňyz kadalaşar. 1 litr üzüm şiresiniň kaloriýalylygy 1,5 kg almanyňky, şonça şetdalynyňky, 650 gram sygyr etiniňki, 1 kg balygyňky bilen barabar- dyr. Üzümin kaloriýalylygy (1 kilogramda 700-850 kkal) tebigy şokoladyňkydan ýokarydyr. Gara üzüm ganda gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar, süňk ýiliginiň gan dörediji funksiýasyny işjeňleşdirýär. Üzümiň gara reňkli sortlarynda ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýan bioflawonoidler has köpdür.
Üzüm
-
Jemka91
13 years ago
- sagjabol men uzumi gowy goryan hasam bidanani, gelinbarmagy
;-)
-
Younglord
13 years ago
- Klarda$ hemme üzümen erbetdäl. Ýöne menä $ondada monty üzümi gowy görýän.
-
guljagaza
13 years ago
- узумлен хеммесем онат ! но шол шу вагт болсады
-
Younglord
13 years ago
- Wah men eýýäm barsyny iýäýdimdä güljagaz aýdan bolsañ bererdim. Ýeri indiki gezek iýenimde saña-da beräýerin. Gürle$dikmi
-
idealman92
13 years ago
- Menem.shu.wagt.gara.uzum.iydim,wino.uzumi.peydasy.bolar-da
-
Younglord
13 years ago
- Bize paý goýmadyñmy?
-
idealman92
13 years ago
- Goýdum.how
-
Younglord
13 years ago
- Hany onda paýla
-
Younglord
13 years ago
- Hany onda paýla
-
idealman92
13 years ago
- Gapyñ.onda.hop-op-op
-
Younglord
13 years ago
- Dur intäk okara getireýin
-
Younglord
13 years ago
- Dur intäk okara getireýin
-
magnit
13 years ago
- ideal uzumin özi gutaran bolsa *yuwulyp, yenjilip galan suwy bolsada bolya* )))
-
Jemka91
13 years ago
- Siz üzmiñ "özbek öldüren" sortuny iýp gördüñzmi?
-
Younglord
13 years ago
- Ada tany$ bir ýerdä e$dipdim emma iýenimi iýmedigmä bilmedim
-
Younglord
13 years ago
- Ýeri klasda$ özbek öldüreniñ tagamy nähili aýtsana.
-
Jemka91
13 years ago
- Adaty üzüm ýaly ýöne iri-iri. Özbek pahyryñ bokurdagynda galypdyr. Ýogsa-da señ nikiñ manysy nämä? Ýazmaga ýaltanp ýördm "klasda$" ( ym bolp cykanyñ) gowy boldy ;-)
-
Jemka91
13 years ago
- Younglord
-
Younglord
13 years ago
- Molodoýprins
-
Younglord
12 years ago
adikcin adigi bitmez
diyilsi yaly be men oz temama yekejede surat goyaymandyrynay
-
Younglord
12 years ago
-
Younglord
12 years ago
-
aga593
12 years ago
- ***televidenyada gorkezileni uchin paylashmakda ervet pikirler chykmaz diyip pikir etdim
onler mulkdaryn mekdebi programmasy bardy, shonun birinde uzum hakda gurrun berdiler, bir ekeranchyny gurletyaler. ekeranchy oba adamy ve edebi gurlemani bilmeyar oytyan. alyp baryjy ekerancha soraya, nahili gornushdaki uzumleri yetishdiryaniz diyip. dayhan jogap beryar, gechi emjek(gelinbarmak edibi dilde) :), pishik kotak(don dash oytyan edebi dilde) :), yenede birtopar aytdy, yadyma dushenok...
Younglord 13 years ago- DAŞKY TÄSIRI:
Üzüm şänijekleriniň ýagy garylan şampun saçy pugtalandyrýar, berkidýär.
Bu ýag derinin näzik, ýylmanak bolmagyna-da ýardamly. Şonuň üçin ony massaž edeniňde ulanmak maslahat berilýär.
Eger deriňiz sypyrylýan, tozgalanýan, soýulýan bolsa, onda 3-4 däne üzümi mynjyradyň we ony bal bilen garyp, ýüzüňize ýapyň. 20 minutdan soň ýapgyny ýylymsy suw bilen ýuwup aýryň. Ýüzüňize krem çalyň.
Üzüm şänijekleriniň ýagy ornuny tutup bolmaýan ýag turşularyna, hususan-da linol turşularyna baý. Şoňa görä ol öýjükleriň zeperlenen membranalarynyň dikeldilmegine ýardam edip, deriniň tebigy juwanlygynyň uzak wagtlap saklanmagyna itergi berýär.
Bir salkym ak üzümi aýalaryňyz bilen ýenjip, bölünip çykýan şiresine elleriňizi ýuwuň. Üzümiň şiresi bilen yzygiderli ýuwsaňyz, elleriňiziň derisi näzik, ter bolar.
Bir däne üzümi ikä bölüp, gabaklaryňyza ýapsaňyz, gözüň aşagyndaky çişler aýrylar, deri dartylar, çeýe bolar.
Üzümiň ekstrakty garylan wannalar epidermisde (deriniň ýokarky gaty) ganyň mikrosirkulýasiýasyny (kiçi gan aýlanyşy) gowulandyrýar, dokumalardan toksinleriň we alyş-çalyş hadysalarynyň önümleriniň çykarylmagyna ýardam edýär, deriniň gyjynmagyny azaldýar, onuň goraglylygyny güýçlendiryär.
Deriňiz ýuka, duýgur bolsa, üzümiň şiresinden, ary balyndan, tworogdan taýýarlanan ýapgy kömek eder. Tworog bilen suwuk ary balynyň hersinden 1 çaý çemçesini üzüm şiresiniň 2 çaý çemçesi bilen goşup, mazaly garmaly. Garyndyny ýüze galyň çalyp, 10-15 minutdan son sowuk suw bilen ýuwup aýyrmaly.
Mynjyradylan üzüm endigan çalnan esgi bilen endamy dolap ýatmak stresde, ukusyzlykda peýdaly. Ganaýlanyşy gowulandyrýar, endamdaky artykmaç ýaglaryn aýrylmagyna ýardam edýär.