Eneler jomartdyr,giňdir eneler, Olar kyn pursadyň kömege geler. Ömürboýy oňa beren jebriňi Ahyry bir söz üçin bagyshlap biler. Bagyshlar-da,baky ýumar gözüni. Agaç ata müner,zemin gider. Diňe özi gitmez,beren jebiriň, Sütemiňi ýany bilen äkider. Sen onsoň aglarsyň,tutarsyň içiň, Emma seň gözleriň shol bagta zardyr. Ene soňky deminde günäňi öter, Ýöne oň ötdügi saňa jezadyr. Gurbannazar Ezizow “Eneler”

Köneler, ALADIN tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir