Allaha iman – Allahutagalanyň barlygyna, ýeke-täkligine ynanmak hem-de Ony sypatlary we gözel atlary bilen doly tanamakdyr. Allaha iman ähli dinleriň esasydyr. Allaha ynanmak, Oňa daýanmak we ybadat etmek zerurlygy ynsanyň ýaradylyşynda bardyr. Allahyň barlygynyň delillerinden biri hem şudur. Çünki, ýaradylyş (fytrat) ýalan sözlemeýär. Ynsanyň ýaradylyşynda beýik Ýaradyja ynanmak, Oňa daýanmak, ybadat, doga-dileg etmek mätäçligi bardyr. Allahyň barlygyna hiç bir delil bolmasa-da, fytrat we wyždan delili artykmajy bilen ýeterlikdir. Aslynda, Allahy inkär etmek ýoluna düşenler hem başlaryna bela inen wagty Allahy ýatlap, Ondan pena isleýärler. Ýöne beladan halas bolanlaryndan soň, ýene öňki boluşlaryna ýaşaberýärler. Munuň mysallary sanardan köpdür. Bu ýagdaýy Kurany Kerim şeýle beýan edýär: «Ynsana bir zyýan ýetende ol ýatan, oturan ýa-da dik duran halynda bize ýalbarýar. Ýöne ony şol zyýandan halas edenimizde, hamala, bize ýalbaran özi däl ýaly hereket edýär, öňki bolşuna galýar», (Ýunus, 12). Allaha iman düşünjesi Älemi ýaradan, edara edýän we özüne ybadat edilýän ýeke-täk hem-de iň Beýik barlyk bolan Allaha iman, iman esaslarynyň birinjisi hem-de esasydyr. Ähli ylahy dinlerde Allahyň barlygy we birligi, iň ähmiýetli ynanç esasydyr. Çünki ähli esaslar Allaha iman we Onuň birligi esasynyň üstünde binýat edilýär. Allaha iman etmek, Onuň barlygyna we birligine, Beýik we kämil sypatlara (häsiýetlere) eýeligine, ähli zada güýji ýetýändigine ynanmakdyr. Adam özüni ýaradan Rabbini bilmek we Oňa iman hem-de ybadat etmek üçin ýaradylandyr. Aýatda bu babatda şeýle diýilýär: “Men jynlary we adamlary diňe Meni mabud (özüne ybadat edilýän ) bilip, diňe Maňa ybadat we gulluk etsinler diýip ýaratdym.” (Zariýat 51/56) (Türkmeniň gadymdan gelýän-däp dessurlary kitabyndan)

Köneler, Miskin tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir