- Adamlar bilmedik ýerlerinde duran bolsalar , hiç wagt azaşmazdylar. Hezreti ALY (r.a.).
-Ýagşylygyň hakyky gymmaty edýän haýryň özidir. Kenan Rifai
-Hakyky durmuş ätiýaçlandyrmasy imandyr. Osman Suroglu
-Rysgallar hem rysgala mätäçdirler. Alladin Başar.
-Nesihatlar peýdasyz bolsa, Allah Pygamber ibermezdi. M.Fethullah Gülen.
-Adamlara oýlandyryjy hikmetli sözler bilen ýüzleniň ki goý olaryň ýürekleri ýadamasyn. H. ALY (r.a).
-Ertirki günüň çöregi üçin hamyrmaýany şu günden taýýarlaýandyrlar. Saady Şirazy.
-Adamlaryň arasynda iki adam hemişe açdyr, Birinjisi ylmyň gözlegindäki adam,ikinjisi puluň. Ýusup Yslam.
-Nebsiňize garşy göreşiň,Rabbiňize boýun egiň. H.Abdulkadyr Geýlani
-Ylym öwrenip ony amal etmeýän adam ýer sürüp,tohum atmaýana meňzeýändir. Saady Şirazy.
-Ýeňşiň açary duşmanyň niýetini bilmekdir. I. Habib SEWUK.
-Ýekeje gar dänesiniň syryny açyp bilsek,bütin dünýäniň syryny açardyk. A.EÝNŞTEÝN.
-Isleýän zydyň bolmaýan bolsa,boljak zady isle. Nowşirwan ADYL.
-Allahy unudan çagyň ýoldaşyň şeýtan bolar. Feridüddin.ATTAR.
-Tygşytlylyk az zady köpelder,isrip bolsa köp zady azaldar. H.ALY (r.a).
-Gamyşlykda gül bitmez. GARAJAOGLAN.
-Her bir adam az saýlan ýolu bilen oz soňuna ýada soňsuzlygyna sary ýörär. Sedat TURAN
-Dunýä nesibesine dälde ahyryýet nesibesine has mätäçdir. Hezreti MUAZ bin Jebel(r.a).
-Tiken güle sygynyp,otdan halas boldy. Hezreti Möwlana.
-Ýagşylyk etmäge güjüň ýetmese,iň bolmanda ýamanlyk etme. Feridüddin ATTAR.
-Seniň geçiren her günüň,ertirki günüň habarçysydyr. M.YKBAL.
-Nämäniň ýesiridigine akyl ýetiren adam erkinligiň bosagasyndadyr. Nuredin TOPÇY.
-Howlukmaçlyk eli keser , ýaňralyk dili. Jahid Zaifogly
çeşme "zaman" gazedinden.
DÜRDÄNE PIKIRLER.
-
Gannibal
13 years ago
- Eline guller bitsin tuweleme
-
muzazzi
13 years ago
- gaty gowy zatlar .sagja bol
-
Servi
13 years ago
- Sag bol mirasymyz!Koprak shular yaly zatlary yetirip dur.
-
Servi
13 years ago
- Sag bol mirasymyz!Koprak shular yaly zatlary yetirip dur.
-
Jemka91
13 years ago
- Sagboluñ Mirasymyz.
-
suvat
13 years ago
- adyna gora gowy zatlar yazypsyn howri kop bolsun
-
MUHAMMETNUR
13 years ago
- Tuweleme dogry öz bileniñi beýlekilerede aýtmaly kömek etmeli belki uly bolmasada kiçeñrak peýdañ deger dost oñarýan berella
-
Bilgi
13 years ago
- ullakan minnetdar!!! Yenede yetirip durun.
Tourist 13 years ago- Gaty gowy