eşdişime görä, horasanda muhallap atly diýseň täsirli ýigit, sarpaly, alçak, şan-şöhratly bir adam bolupdyr. ol bir gün köçeden gidip barýarka, gawun paçagynyň üstünden basyp ýykylypdyr. ýaňky adam dergazap bolup, pyçagyny çykarypdyrda, paçagy dogram-dogram dipdir. oňa: “hojaýyn, şunça sarpaly we hilegär halyňa gawun paçagyny sümmülläp oturmany utanaňokmy?” diýipdirler. muhallap: “meni ýykan gawun paçagy, ony sümmüllemän men kimi sümmülläýin? meni ýykan meniň duşmanymdyr, duşmany bolsa, her näçe ýigrenji hem bolsa, äsgermezlik etemek bolmaz, çünki duşmanyny ejiz hasap eden adamyň basym özi hem ejiz bolar” diýipdir.
Duşmandan ätiýaç
-
Selman
13 years ago
- Adam aga, manyly mowzuk eken, ýene paýlashyp dur.
-
garypjan
13 years ago
- dushmanlaryñdan dynmagyñ iñ gowy ýoly olary özüñe dost etmekdir!
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagjabol Hezretli aga, manyly hekaýa eken. Paýlaşyp dur.
pgs 13 years ago- Ýalñyshmasam Kowusnama kitabyndan alypsyñyz öýdýän.