Ýagtylygyň tizligi ýaly tiz­ lik bilen ylgamagy, şol tiz­ likdäki awtoulaga münme­ gi arzuw etdiňizmi? Şeýle arzuwlar hakykat bolsady, onda dünýäniň bir tarapyn­ dan başga tarapyna sekun­ dyň dowamynda baryp bolardy. Sekundyň dowamynda ýurdumyzyň bir ujundan başga ujuna birnäçe gezek baryp-gelse bolardy. Sebä­ bi ýagtylygyň tizligi For­ mula-1 ýaryşlaryndaky aw­ toulaglaryň tizliginden millionlarça esse uludyr. Ýagny, ýagtylyk sekuntda 300 müň kilometr ýol ge­ çip bilýär. Muny ýönekeý­ je mysal bilen düşündirip bolýar. Aralary 100 metr bolan iki sany gökdiräniň 12-nji gatynyň balkonun­ da duran iki sany adam şol bir wagtyň özünde kiçi­ jik fonary ýaksa, fonarjyk­ laryň ýagtylygyny iki tara­ pam görer. Ýyldyrym ça­ kanda, ilki onuň ýagtylygy­ ny görýäris, soňra sesini eşidýäris. Sebäbi ýagtyly­ gyň tizligi sesiň tizliginden has uludyr. Bize görä örän ýokary bo­ lan ýagtylygyň tizligi “ak maýanyň ýoly” diýlip atlan­ dyrylýan Galaktikamyzyň ululygy bilen deňeşdirilen­ de, ujypsyzja bolup gal­ ýar. Alymlar ýagtylygyň tizligi bilen Galaktikanyň bir ujundan başga ujuna barmak üçin takmynan 100 müň ýyl gerekdigini öňe sürýärler. Ýagtylygyň tizligi bilen Ýer planeta­ myzdan onuň hemrasy Aýa 1,3 sekuntda, Güne bolsa 8 minuta golaý wagtda baryp bolýar.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir