Gadyrly agzalar. Türkmen halky taryhy halklaň biri. Türkmen halkynyň içinde beýik-beýik şahsyýetler bolup geçipdir. Olaryň içinde serkerdeler, hanlar-begler, aýdymçy sazandalar, işan-mollalar, belli awçylar, mergenler, yzçylar, ýazyjy-şahyrlar, seýisdir-tebipler bolup geçipdir. Olaryň hem durmuşyndan gyzykly-gyzykly gürrüňler biziň günlerimize ýetip geldi. Şolaryň hem köpüsi halkyň dilinden şu günlere gelip ýetipdir. Geliň bizem şol şahsyýetlerden eşidenlerimizi köpçülik bilen paýlaşalyň. Ýöne myhman bolup gelip okaýanlaram peýdalanar ýaly dawa-jenjeli girmäliň, onsoňam temadan çykmalyň. Hä, ýokarky suratdakylar:Ortada oturan Gurbanmyrat işan. Gurbanmyrat işanyň sag egninden çepine tarap: Çopan kir, Dykma serdar, Atalyk, Gönibek, Nurberdi han. Geçmişi bolmadygyň gelejegi bolmaz.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir