Gatnaw ýollaryny gysgalt­ mak maksady bilen dagla­ ry deşip, ýerasty ýollar, gä­ mi gatnawlaryna zyýan ýe­ tirmezlik üçin suwuň aşa­ gyndan ýerasty ýollar gu­ rulýar. Russiýa bilen ABŞ-ny biri- biri bilen baglanyşdyrjak ýerasty ýoluň gurulmagy maksat edinilýär. Berring bogazynda deňziň aşagyn­ dan geçjek ýerasty ýoluň 60 milliard dollar bahada gurulmagy meýilleşdiril­ ýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Nýu- Ýorkdan ýola çykyp, Aziýa we Ýewropany geçip, Lon­ dona gelip bolar. Uzynly­ gy 106 kilometr bolmagy­ na garaşylýan ýoluň gurul­ magy bilen dünýä ýük gat­ nawynyň üç göterimi bu ýerden geçer we ýylda 7 milliard dollar girdeji gaza­ nylar. Hünärmenler kynçylyklara garamazdan, ýerasty ge­ çelgäniň gurlup boljakdy­ gyny belleýärler. “The Ti­ mes” gazetiniň habaryna görä, bu taslama ähli wagt­ laryň iň uly demir ýol tas­ lamasy bolar. Ýerasty ge­ çelgeden ýolagçy we ýük gatnawlary amala aşyrylar. Russiýanyň demirgazyk no­ kadynda ýerleşýän Uly Diomid adasy bilen ABŞ- nyň Kiçi Diomid adasy ara­ lygynda guruljak geçelgä­ niň ýeke-täk meselesi Al­ ýaskada demir ýol ulgamy­ nyň bolmazlygy. Hünär­ menler bu ugruň gurulma­ gy bilen has tiz, ynamly we arzan gatnawyň amala aşyryljakdygyny aýdýar­ lar. Aslynda bu taslama bir asyrdan gowrak wagt bäri gurulmaga çalyşylýar. 1905-nji ýylda rus patyşa­ sy Nikolas II bu taslama­ nyň gurulmagyna rugsat beripdi. Birinji Jahan urşu­ nyň başlanmagy bilen tas­ lama ýatyryldy. Taryhçylar iki yklymyň mundan 21 müň ýyl ozal birleşik bolan­ dygyny çaklaýarlar. Ýewra­ ziýany Demirgazyk Ameri­ ka bilen birleşdirjek tasla­ ma geçen ýyl Şanhaýda geçirilen “World Expo-2010” Medeniýet Fo­ rumynda baş baýragy ga­ zanypdy.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir