Fransiýanyň rowaty oýunçysynyň ogly ýaşlar komanda-da parlaýar we Mourinionyň türgenleşdirýän klubynda türgenleşige çykdy. Futbol dünýäsinde täze bir ýyldyz dogmagy ahmal.
Enzo Zidane Fernandez 1995-nji ýylyň 24-nji martynda Fransiýanyň Bordo şäherinde futbol maşgalasynda ýagny, rowaýaty oýunçy Zidanlarda eneden doguldy. Ol döwürler onuň kakasy Ýuwentusda “ot ýakdyranokdy”. 1998-nji ýylda bolsa Dünýä çempiony boldy we futbol karýerasyny tamamlajak ýeri bolan Real Madride transfer bolýar.
Şeýlelikde Zidan ulaldygyça Enzo-da ulaldy. Zidanyň entek ogluna futbol tärlerini öwredere wagty bardy. Futbolçy boljak çaga üçin Zidandan gowy mugallym bolup bilermi?
Kakasynyň Ýuwentusda we Realda parlaýşyna tomaşa eden Enzo-da futbola uly höwes döredi we kakasynyň aýak yzlaryny yzarlap ugrady.
Enzo Zidane
-
mirasymyz
13 years ago
- Yaşy: 16
Dogulan yeri: Bordo
Kluplary: Juventus, Liceo Frances, San Jose, Real Madrid Ýeri: Hüjümçi,ýarym goragçy
Boýy: 1m 76
Milli Ýygyndysy: Entek kararyny bermedi. Fransiýa, İspaniya ya-da Alžir aralaryndan saýlap bilýär.
Ýagdaýy: Umyt beriji ýagdaýda.
Meňzeýän oýunçysy: Zinedine Zidane
-
Friendship
13 years ago
- Tüweleme! Zidanyñ yzyny ýöretjek tapylan bolsa, özem hut oñ öz ogly bolsa, bu zidan üchin uly bagt! Ýöne enzo kakasynyñ derejesine chykmak üchin entekler köp der dökmeli bolaýmasa!
-
byagulechka
13 years ago
- Byeeeeh (( menem kakam zidan bolan bolsa realda oynardymay, ay bahbidinedirlay bu zatlar ((
-
idealman92
13 years ago
- natdinay?Zinedin kakan ogly bolsa bir zady bardyr,kakasy hazir realda menedjer oydyan,tanyshlyk bilen oglunam salandyr.Nomeram uly Zidane-nky yaly 5-lik bolsa bet bolar.
Zinedinyn Bawariya salan owadan goly yadymdan chykmaz...
-
Warsaky
13 years ago
- Zidan yaly oyunçy yokdur! Zidanyn in gowy oyny diyip sheyle oyny hasaba girizdiler:
Haysyn yadyna dushyan bolsa, 2006-njy yylda dunya çempionatynda Fransiya bilen Braziller 8-den 4-de çykmak uçin yaryshypdy. Shonda hemmeler Brazil utar diyen umytda-dy emma Zidanyn oynuny goren tomashaçylar shol gun uytgeshik oynun shayady boldular. Asla orta polyadan anryk pokgem yoredip bilmedi Brazil oyunçylar. Shonda her kim pikir edipdi, "indi Zidan garrady, oyun gorkezibilmez" oytduler. Yagday tersine boldy, Zidan yenede yashlygyna dolanyp geldi. Zidanyn shonda yekeje yalnyshlygy, gaharyn erk edip, finalda Italyan oyunçysyny susup yykmadyk bolsa, karyerasynda ikinji çempionlyk kubogynam asmana gotermelidi. Elbetde 98-daki çempionatda Zidan Brazillerin hotdesinden gelip kubogy almagy basharypdy. Zidanyn ogly hem kakasynyn bu shanly taryhyny gaytalarmyka?? Elbetde, muny dine wagt gorkezer, belki one geçmegem mumkin. Zidan oyunda kellesini çalt ishledip traektoriyany haysy tarapa owurmelidigini bilyan oyunçydy. Eger dunyade in gowy oyunçy kim: Zidanmy, Pelemi, Maradonamy, Messimi, Ronaldomy diyseler, gonumel Zidana ses bererdim. Zidan super luçshi the best hemme yerde!
-
Tourist
13 years ago
- Ata kesbi-ogla halal diýsene...
-
Ezba
13 years ago
- Zidane=enzo zidane=messi
-
idealman92
13 years ago
- Warsaky,eger reyting boyuncha alsak Leonyñ Altyn Pökgüleri köpräk ýaly
-
doslyk
13 years ago
- parawbibä zyýarata çagyryň ony.
mirasymyz 13 years ago- Zidan bu belentlige Kann, Bordo ýaly klublaň üsti bilen ýetipdi. A Enzo bolsa eýýäm Real Madridde.
Ýarym goragda hereketli we kämil oýuna eýýe bolan Enzo, üç sany milli ýygyndydan birini saýlamak hukugyna hem eýýe. Olar Ispaniýa, Fransiýa we Alžir.
Zidandan oglunyň gelejegi hakynda soralanda “ Onuň ady Zidan däl ahyry” diýip jogap berdi. Elbetde däldir. Ýöne bu ýaş oýunçy eýýämden Mourinionyň ünsüni özüne çekipdi. Portugaliýaly tälimçi Enzony şu gün, ýagny 5-nji sentýabrda Cristiano Ronaldo, Mesut Özil, Angel Di Maria dagylar bilen topyň yzyndan ylgatdy. Futbol ýyldyzlary bilen der dökýärkä real Madridiň degişli ýolbaşçylaryndan bolan ýagny, Enzonyň kakasy Zineddin Zidan hem ony elbette synlaýardy. 16 ýaşyndaky ýaş oýunçy kakasyna meňzemäge gaty ýakyn. Ýaş Zidanyň topa kämil kontrol etmegi, haýran galdyryjy tehnikasy, topa ünsliligi kakasyny ýatladýar. Jerime urgularyny üstünlikli ýerine ýetirýär, birnäçe goragçyň içinden özüni alyp çykyp bilýär we hatta kakasynyň “Rulet” hereketini hem başarjaňlyk bilen ýerine ýetirýär.
Elbetde futbolistleriň ogly elmydama beýik futbolist bolup bilmez. Ýöne Zidan bilen Mourinionyň golastyndaky Enzo ýokarylara dyrmaşjak derejede talantly.