Aba serdar 16-njy asyrda Türkmenistanyň Etrek, Gürgen etrapynda ýaşap geçen görnüklitürkmen serdary bolupdyr. Aba serdar okly taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Ol Türkmenistanyň geçmişinde Aba serdaryň gozgalaňy ady bilen belli bolan halk gozgalyňyna başarjaň serkerde hökmünde ýolbaşçylyk edipdir. Bu gozgalaňyň döremegine halk köpçüliginiň çykgynsyz jebir-sütemlere sezewar edilmegi sebäp bolupdyr. Türkmen halkyna syýasy taýdan uly abraý getiripdir. Soň-soňlar Astarabat ülkesinde türkmenleriň täsiri güýçli bolupdyr. Umuman, Aba serdar türkmen halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda jan aýaman göreşen gaýduwsyz serkerde hökmünde taryhda yz galdyran şahyslaryň biridir.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir