Birnäçe ýyl mundan ozal şeýle bir adaty däl, geň we tolgundyryjy waka bolup geçdi welin, bu barada jikme-jik gürrüň bermäge men özümi borçly hasap edýän. Gündogar şäherleriniň birinde iki dogan bile ýaşaýardylar. Doganlaryň kiçisi eňilkelle durmuşy alyp barýardy: daň säherden tä garaňky gijä çenli günä hezilliklere özüni berip, keýpi- sapalykda ýaşaýardy, göräýmäge olardan el üzesi-de gelenokdy. Doganlaryň ulusy bolsa, tersine, Hudaýdan gorkýan, ýuwaşwe dogry adamdy. Kiçi dogany öz ýaşaýşy bilen ony kän alada goýýanlygy üçin, ol telim gezek kiçii doganyna günäli durmuşdan el çekmegini sorap, gözýaş bilen ýalbarypdy. Şeýle hem bolsa, kiçi dogany agasynyň ýalbarşyna we gözýaşlaryna üns bermeýärdi. Ol öňküsi ýaly öz janynyň we teniniň zeleline ýaşamagyny dowam etdirýärdi. Onuň ýary gije çenli manysyz gezmegi günden-güne gaýtalanýardy. Agasy bolsa, şeýle halatlarda ýatman, ol barada Hudaýdan dileg edip, öýünde garaşýardy. Bir gün gijäniň bir wagty, doganlaryň ulusy gapynyň güýçli kakylandygyny eşidýär. Oll derrew gapyny açan badyna ondan ganly geýimde ýüzi agaryp, saňňyldap duran jigisi içerik kürsäp girýär. “Meni halas et! Meni gizle! -diýip, ol gygyrdy. -Meni polisia yzarlaýar, men adam öldürdim! Ah, seret, ynha, bu onuň gany. Nähili elhenç!”. Emma ony tapmazlyklary we jeza bermezlikleri üçin nirä gizlemeli? Köp wagt ýitirmän, agasy jigisiniň üstünden gana bulaşan geýimlerini çykaryp aldy- da, derrew öz üstüne geýdi. Onsoň züniň arassa geýimlerini jigisine geýdirip, beýlekii otaga itekledi. Gapyny onsoň üstünden gulplap, name bolaryna garaşyp oturdy. Oňa kän garaşmak gerek bolmady. Tiz wagtda aýak sesler eşdilip, polisia etip geldi. “Biz şeýle hem çak edipdik: adam öldüren şu erde!-olaryň biri gygyrdy..-Biziň çaklamalarymyz başga sebäplere görä hem şu öýi görkezýär”. Olar güman edilýän jenaýatkäre golaýlaşdylar. “Adam öldüren senmi?” diýip, olaryň biri hyrsyz seredip sorady.. Emma ol bir sözem diýmedi. “Sorag edip, wagt ýitirmegiň geregi ýok, – olaryň birinjisi böldi,-onuň geýmine serediň, onuň günäkärdigine bular doly güwä geçýär”. Olar bu pahyryň ellerini daňyp, öz yzlary bilen garaňky köçelerden alyp gitdiler. Getirip, ertire çenli türmä dykdylar. Ol pahyr bütin gije ekeje söz hem diýmedi. Ireden olar ony sorag etmäge geldiler, emma onuň eke jogaby şeýle boldy: “Şu jenaýat üçin men özümiň ölmelidigimi bilýärin we bu näçe tiz erine etse, şonça-da gowy bolar”. Birnäçe günden soň ony suda getirdiler. Sudýa onuň ganly eşiklerini gördi-de: “Bu ýagdaýda başga görkezmeleriň geregiiýok, ähli zat aýdyň” diýdi. “Sende aklaýjyň (adwokatyň) barmy?” diýip sudýa sorady. Ol hem, “Mende beýle adam ýok” diýip jogap berdi. Sudýa, “öz goragyňa çykyş etmek isleýärmiň?” diýdi. Ol hem, “Islemeýän” diýip kesgitli jogap berdi-de, özüniň günäsizdigini gözünden duýulmazlygy üçin aşak seretdi. Sud derrew höküm çykaryp, oňa ölüm jezasyny berdi. Suduň hökümi erine etirilmezden bir gün öň höküm edilen gepläp ugrady. Ol türmäniň naçalnigineň gelmegini haýyş etdi. Haçanda, türmäniň naçalnigi gelende, öz islegini aýtdy: “Men sizden tiz wagtda öldürilip ýok boljak adamyň iň soňky islegine razy bolmagyňyzy soraýaryn. Maňa hat ýazar ýaly kiçijik kagyz, sürgüç, syýa hem-de ruçka beriň. Men ölenden soň bukçany açman, ony görkezilen adres boýunça ibermegi Hudaýyň öňünde wada ediň. Bu erde hiç bir erbetlik ýok, maňa ynanaýyň. Mer ertir Hudaýyň alnynda durmaly bolaryn we men ömrümiň iň soňky sagatlarynda-da ýalan gepläp bilmerin”. Naçalnik tussag edileniň ýüzüne üns bilen seretdi. Ol onuň sözlerine nähili ynanjagyny bilmese-de, onuň iň soňky islegine ýok diýip-de bilmedi. Tussag edilen bütin kalby bilen şu haýyşan siňen ýaly göründi. Ol rahat we mähirli seredýärdi we onuz gözlerinden nähilidir bir adaty däl yşyk gelýärdi. Tussa edileniň soran haýyşyny doly eriine etirjekdigine wada berdi. Giçlik türmäni barlag edeninden soň, onuň agzy sürgüç bilen möhürlenen bukjasyny aldy. Gije soňlap gelýärdi. Bu gije, ebediligiň bosagasyna golaýlaşýan we beýleki dünýäni görýän adam ýaly Hudaýa dogada dyz çöken tussag üçin rahat geçse-de, ol ukusyz gijedi. Daň agardy. Ony ölüme äkitjek adamlar hem, beýleki adamlar ýaly, öz işine başladylar. Bir sagatda…bary gutardy. Şondan soň, tiz wagtda eli bukjaly biri ýola düşdi. Ol iki dogan ýaşaýan jaýyň gapysyny kakdy. Gapyny ýüzi howsalaly, gorkudan ak tam bolan bir ýaş ýigit açyp, bukjany kabul etdi. Ol, haman diersiň oňa däl ýaly, bukja geňlik bilen seretdi. Ahyr soňy ony açyp, haty okady. Okap boldy-da zaryn seslendi. Aklynda däl ýaly, ilki gapa tarap, onsoň yza özüni oklady. Ol durşy bilen saňňyldaýardy. Bukjadaky hatda näme ýazylgydy? Diňe birnäçe söz: “Ertir, seniň geýimiňde, seniň deregiňe men ölerin. Sen bolsa meniň geýmimde täze, dogruçyl durmuşda ýaşap bilersiň. Seniň eriňe men ölerin!”
Jana jan
-
Demokrat01
13 years ago
- Meniň gürrüňim
soňuna etdi. Emma biziň
günlerimizde-de, biziň her
birimiz üçin onuň täsiri bar,
şeýle-de şu setirleri okap
duran gadyrly dostum.
sen üçin hem. Belki-de,
eliňde Injil tutmaga
seeniň mümkinçiligiň
bolandyr, ony okansyň
ýa-da ol hakda eşidensiň.
Emma sen ony ähli
beýleki zatlar ýaly ýüzleý
kabul edensiň. Injiliň Isa
Mesih baradaky,
Halasgäriň ýaşaýşy we
ölümi baradaky
taglymatyny kabul
etmegiňi haýyş edýärin.
Ol seni eke bir geljek
jezadan we baky
dowzahdan halas etmek
üçin däl, eýsem Ol seni
günälilikden we günäniň
güýjünden azat edip, saňa
dogry ýaşaýşa güýç
bermek üçin hem Öz
janyny berdi. Onuň gany
bilen ýuwlup, Onuň
dogrulygyna geýinmegiň
üçin, Onuň Ruhundan
doglup, seniň päk we
günäden azat bolan
Hudaýyň perzendi
bolmagyň üçin Ol seniň
deregiňe öldi (Tit.3:5-7,
Filip.2:14-15). Bu barada
ýürekde pikirlen-de aýt,
bular saňa ýönelen
Biribaryň sözleri dälmi-kä?
Oýlan, nähili edip Ol, seniň
günäler ýüküňi Öz üstüne
almak bilen, seniň
geýmiňde, seniň deregiňe
öldi. Olmuny seniň halas
bolma geýmini geýnip,
Onuň dogrulygynda we
päkliginde ýaşap bilmegiň
üçin etdi. Reb Isa bize:
“Özümiň doganlarym”
diýmekden utanmaýar..
(Ewr.2:11) Ol bize meňzeş
bolupdy, emma bizi
günäniň höküminden
gaňryp almak we
“Hudaýlyk tebigata şärik
etmek, şeýle hem Onuň
şalygynyň mirasçylary
etmek üçin Ol günäsiz
bolupdy! Injil seniň
günäleriň üçin seniň eriňe
ölen Isa Mesihden hatdyr.
Onuň hatyna seniň
jogabyň nahili bolar?
Ölüm Isany elinde saklap
bilmedi. Ol ölümi eňip
direldi we senden Özi üçin
kalbyňy açmagyňy
soraýar: “Ine, Men işikde
durun, gapyny kakýaryn,
biri sesimi eşidip, gapyny
açsa, içerik girerin.” (Ylham
3:20)
-
Demokrat01
13 years ago
- “Biz Oňa bagly bolup,
Hudaýyň
dogrulygyndan paý alar
ýaly, Ol günäni
tanamaýan Mesihi biziň
üçin günä gurbany
etdi”. (2 Kor. 5:21)
-
Demokrat01
13 years ago
- “Ol ýaşaýan artykmaç
özleri üçin däl-de, olar
ugrunda Ölen we
Direlen üçin ýaşasyn
diýip, hemmäniň
ugrunda öldi”. (2Kor.
5:15)
-
Demokrat01
13 years ago
- “Günälere ölüp,
dogrulykda
ýaşamagymyz üçin, Ol
biziň günälerimizi Öz
bedeninde haça äkitdi;
siz Onuň ýaralary arkaly
şypa tapdyňyz”.
(1Pet.2:24)
-
Demokrat01
13 years ago
- “Ol biziň günälerimiz
üçin alnypdy we biziň
jenaýatlarymyz üçin
gynalypdy; dünýäniň
jezasy Oňa ýüklenipdi
we biz Onuň ýaralary
arkaly şypa tapdyk”.
(Işaýa pygamber 53:5)
-
Demokrat01
13 years ago
- “Şunluk bilen, öňki
ýaşaýşyňyza degişli
bolup, aldawçy
höwesler bilen çüýrän
köne ýaradylyşy
egniňizden çykaryň…
Çyn dogrulyk hem
mukaddeslikde
Hudaýyň
meňzeşliginide
döredilen täze
ýaradylyşy geýniň”.
(Efes.4:21-24)
-
Demokrat01
13 years ago
- “Isa iman eden her
kesiň Onuň ady bilen
günäsiniň ötüljegine
ähli pygamberler güwä
geçýär”.
(Resul.işl.10:43)
-
ashykoglan
13 years ago
- barde-de bosh habarcylar barmay?!
-
byagulechka
13 years ago
- Demokrat okadym gaty gyzykly eken ,yenede eden gunan un toba gelmek hicem gich daldigine dushundim Alla razy bolsun minnetdar
-
Tourist
13 years ago
- Hmmmmmmmmmm
-
bellaragazza
13 years ago
- алла адамзады төлег аркалы халас этмекчи боляр. Төлег нәме? Бу сөзүң манысыны ики зат дүшүндирйәр. Биринҗиден, төлег — бу бир адамы туссагдан бошатмак я-да гиреви ызына алмак үчин берилйән баха. Оны бир есири бошатмак үчин берилйән баха билен деңешдирсең болар. Икинҗиден, төлег — бу бир зат үчин төленилйән баха. Муны йитгиниң өвезини долмак билен деңешдирсе болар. Мысал үчин, бир адам аварияда гүнәкәр болса, ол етирен зыянының өвезини долян баха төлемели боляр.
Адам атаның әхлимизе етирен улы зыянының өвезини долуп, адамлары гүнәниң ве өлүмиң гулчулыгындан нәдип азат эдип болар? Гел, Ехованың төлег төлемек үчин нәме эденини ве онуң бизе нәхили пейдасының бардыгыны билели.
худай төлег төлемек үчин нәме этди? Ол кәмил рухы огулларының бирини сайлап, ер йүзүне иберди. Ол онуң Ол онуң ялңыз Оглуды (1 Яхя 4:9, 10). Оглы гөкдәки өйүни гоюп гайтмага разы болды (Филипилилер 2:7). худай мукаддес рухы аркалы гудрат билен Иса Месихиң җаныны Меръемиң гөвресине гечирди. Иса кәмил адам болуп догулды ве гүнәден азатды (Лука 1:35).
Бир адам көп адамы нәдип сатын алып билер? Миллионларча адам нәдип гүнәли болдука? Ядыңа дүшйән болса, Адам ата гүнә эдип, гымматлы кәмил җаныны йитирипди. Шонуң үчин ол кәмиллиги неслине берип билмеди. Ол неслине диңе гүнәдир өлүм берди. Инҗилде «соңкы Адам» дийип атландырылян Иса Месихиң кәмил җаны барды, ол хич хили гүнә этмеди (1 Коринтослылар 15:45). Ол бизи халас этмек үчин, Адам атаның орнуны эеледи дийсе болар. Иса Месих Худая долы гулак асып ве өз кәмил җаныны гурбан эдип, Адам атаның гүнәси үчин төлег төледи. Шейдип, Иса Месих Адам атаның неслине умыт берди (Римлилер 5:19; 1 Коринтослылар 15:21, 22).
-
Friendship
13 years ago
- Salam, demokrat! Wakañyz-a gyzykly eken welin, sizden bir zat soraýyn-la?! Siz olimpiadachylañ saýtyndaky "diplomat", ertir.com'daky "sylapmen" agza gerek?
-
mensylap
13 years ago
- friendship men "Demokrat01" dal!
Bu oglan taze bir oglan we goryan ol hakykata dushunen oglan bolmaly!
Berekella Demokrat dost makalany paylashanyng uchin hem kop sagbol!
-
Demokrat01
13 years ago
salam, demokrat!
salam Friendship! Bagyshlang, Men sizing goz ongunde tutan adamyngyz dal.
wakañyz-a gyzykly eken
welin, sizden bir zat
soraýyn-la?! siz
olimpiadachylañ
saýtyndaky "diplomat",
ertir.com'daky
"sylapmen" agza gerek?
friendship | 2011-10-05
12:57:02
-
ADALATLY
13 years ago
- Demokrat sen teskomdaky demokratmy ?
Demokrat01 13 years ago- -Ol
eňildi. Bu sözler günäden
we gorkudan daşa
öwrülen, duz ýaly ýüregini
eretdi we ony doldurdy.
Indi, ýaňy ukudan açylan
ýaly, batly gygyrdy:
“Seniň deregiňe men
ölerin!… Belki, on heniz
ölen däldir!”. Ol agasyny
halas etmek üçin daşaryk
ylgap çykdy. Ol türmä
gelende ony sakladylar.
Ol özüniň naçalngiň
ýanyna goýberilmegini
talap etdi. Onuň şeýle bir
janygyp soraýanlygy üçin
türmäniň sakçysynyň
rehmi gelip, ony
naçalnigiň ýanyna
goýberdi. “Seniň deregiň
men ölerin!”-Bu sözleri
okanda olar naçalnigiň
hem kalbyny gozgady.
Ölüme höküm edileniň
haýyşy, özüniň oňa garşy
çykyp bilmedik mylaýym
we rahat seredişi
naçalnigiň ýadyndady.
Güýçli tolgunma bilen ol
haty sudýa getirdi. Sudýa
haty okap, bar zady
boýun alan we öz
gürrüňini: “Maňa jeza
beriň, men günälidim”
diiýip soňlan, hakyky
günäkäri sorag etdi. Şeýle
hem bolsa, ölen agasynyň
sözleri öz güýjüni
ýitirmändi. Ol sözler sudýa
üçin mukaddesdi. Ol ret
edip bolmajak we manysy
peselmejek gurbanlyk
getiripdi. Sudýa şeýle
beýik söýgä eýe bolan
ýaş ýigide onuň ýürek
agyrysyny paýlaşýan ýaly
seretdi. Ol ölüm jezasy
barada aýdybam oturman,
hatda ony günäkär
etmäge-de hakynyň
ýokdugyna düşünýärdi.
Şeýlelikde, doganlaryň
kiçisine ýaşaýyş we azatlyk
üpjün edilipdi. Günäsi üçin
jeza berilmedik
jenaýatkär eli hatly öýüne
dolanyp geldi. Ol perişan
halda, günä ýüküniň
astynda perýat edip,
Hudaýa ýüzlendi. Öz
derdini toba etmek bilen
Oňa açdy. Ol gözýaş
döküp doga etdi:
“Taňrym- Hudaý, meni
günälerimde heläk
bolmaga taşlama! Olar
üçin başga biri öldi.
Maňa ýamanlyga garşy
durmaga kömek et.
Meniň erime öleniň
geýimlerini geýmäge
meni mynasyp et. Men
geýmimi arassa saklaar
ýaly maňa rehim et we
meni her bir günäden
gora!”Şol pursatdan
başlap adamlar ony
tanamaýardylar. Ol
özgerdi. Ol adamlaryň
arasynda ýat ýurtly
adama meňzeýärdi. Şeýle
hem bolsa ol olara
söýgüden we
duýgudaşlykdan doludy.
Ilkibaşda dostlary ony
ozalky ýaşaýşyna çekjek
bolup dyrjaşdylar, emma
ol hemmelere mylaýym,
ýöne aýgytly jogap
bererdi: “Bu geýimde
men gelip biljek däl.
Meniň doganym onuň
ýally erlere barmazdy”.
Ýuwaş-ýuwaşdan olar zat
diýmediler, beýleki
adamlar bolsa oňa we
onuň geýmine hormat
bilen seredýärdiler. Köp
adamlar onuň Hudaýa
bagş edilen durmuşyny
görüp, özleri-de günäden
ýüz öwürdiler. köp ýyllar
geçdi, onuň durmuşy oňat
miweleri getirdi. Soňra
Hudaý onuň: “Maňa
ölmäge rugsat ber” diýip,
has ir eden haýyşyna
jogap berdi. Haçanda bu
dünýädäki ýaşaýyş
tamamlananda, baky ýa-
da ebedi ýaşaýyş
başlanýar. Wagt geldi we
bu iki doganlar ebedilikde
(bakyýetde) duşuşdylar.
Indi olara hiç wagt biri-
birinden aýrylmak gerek
bolmaz!