JÜBÜT HEM TÄK 1 "Ýeke dogýar eneden Ýeke de ölýär ynsan" Diýen pelsepäñ bilen Asla ylalaşmaýan. 2 Ekiz taýy hasap däl, Ony mysal aljak däl... Ýöne ýañky pikirñe $ärik bolup biljek däl. 3 Gyz maşgala dogulsa, $übhesiz sheýle bolyar: Şol gyz üçiin nirededir Taý oglanam dogulýar. 4 Şol gyz bilen şol oglan, Alyp görsek, aslynda Dünýäniñ başlangyjy Hem dowamy neslinde... 5 Gep şol gerekli gyzy Ýigidiñ tapmagynda, Iki uly arzuwyñ Ykbaly çatmagynda! 6 Şol gyz tapsa oglany, Oglanam gyzy tapsa, Ölmeýär ömür olar, Müñde bir bela çapsa! 7 Gyz oglany tapmasa, Tapmasa oglan gyzy, Ýitip gidýä dünýeden Olaryñ aýak yzy.
Jübüt hem täk
- 
                TMCELL
                14 years ago
                
 - :-*
 
- 
                ALADIN
                14 years ago
                
 - herkime öz taýyny tapmagy arzuw etýän illde$ler..!
 
- 
                garypjan
                14 years ago
                
 - aydanyñ gelsin alladin dost
 
- 
                URGENCLI
                14 years ago
                
 - gowy goshgy
 
- 
                runner
                14 years ago
                
 - brat şeý aydanyn gelsin ALLADIN!!!
 
YakupYMB 14 years ago- Dogry. Ylalaşýan.