Her zadyň çeni bolşy ýaly bezenmekligiň hem çeni bar. Çenden aşa bezemen aýal-gyzlara erkek kişiniň garaýyşy üýtgeýär. Aýal-gyzlaryň göze ilginç bezenmegi we bunuň netijeleri barada men sizi bir zatlar aýtsam „Diri samsyk däl-ä menem, akylberip aldyň senem“ diýmegiňiz mümkin . Şonuň üçin geliň gowusy bu barada iş salyşýan, köp çaý sowadan medisina ylymlarynyň professoryny diňläliň. Ol Dagystanyň Medisina Merkeziniň direktory, deri keselleri lukmany, urolog, androlog, seksopatolog, medisina ylymlarynyň doktory, professor Azizow Ahmed Pirmagomedowiç. Geliň onuň bilen edilen söhbetdeşliginden bölekleritürkmen diline terjimede okap tanyş bolalyň. Söhbetdeşlikdäki pikirler onuň awtorynyň şahsy pikirleridir.
Gelin-gyzlaryň açyklygy
-
ependi
13 years ago
- hany?
-
Adgjmptw
13 years ago
- Awtor barada
maglumat
Professor Azizow
Ahmed
Pirmagomedowiç:
Dagystanyň döwlet
medisina institutyny 1983-
nji ýylda tamamlady. Deri
keselleri lukmany, urolog,
androlog, seksopatolog.
1996-njy ýylda medisina
ylymlarynyň doktorlygyna
kandidaty, 1998-nji
ýyldan bäri medisina
ylymlarynyň doktory.
Doktorlygyny Moskwada
gorady. 100-den gowrak
ylmy işleriniň awtory.
Professor Azizowyň 4
sany oýlap tapyjylyk
şahadatnamasynyň we
birnäçe medisina
enjamlarynyň hem-de
derman serişdeleriniň
patentiniň eýesi.
-
ruqaya
13 years ago
- xopocxo!!:)
-
Tourist
13 years ago
- Good
-
betyigit
13 years ago
- hen hao:D
-
ependi
13 years ago
- ni hao
-
ependi
13 years ago
- passiba
-
Polkownik
13 years ago
- Berekela Seýran gowy çyky$ etdiñ menem seni golaýan.
Adgjmptw 13 years ago- Erkekler aýal-gyzy görüş
duýgysy bilen kabul
edýär. Hakykatdan hem
açyk ýa-da ýarymaçyk
geýnen aýal-gyz
erkekleriň ünsüni çekýär.
Umuman, şeýle geýnip,
erkekleriň ünsüni özüne
çekmeklik, taryhda ilki
bilen ýeňil gezýän aýal-
gyzlar tarapyndan, ýagny
jelepler tarapyndan
ulanylypdyr. Şeýle niýetli
aýal-gyzlaryň gözi bilen
garaňda, açyk-seçik
geýinmek hakykatdan
hem „müşderi“
gazanmakda öz
peýdasyny berýär. Indi,
häzirki wagtlarymyzda
döwrümiziň ärleri,
kakalary ýa-da erkek
doganlarymyz özleriniň
aýalynyň, gyzlarynyň ýa-
da uýalarynyň köçelere
göze ilginç bezenen we
açyk geýnip çykmalaryna
näme üçin parhsyz
garaýarlarka? Şeýle göze
ilginç, dar ýa-da açyk
geýinmekligiň netijesinde,
aýal doganlarymyz başga
ýat erkekleriň göz
gyzdyrmasyna, bolgusyz
lak atmalaryna, kä
halatlar-da bolsa
zorlanylmaga çenli
sezewar bolýarlar. Beýle
ýagdaýa düşülende hiç
zady geň görmek gerek
däl. Sebäbi ýokarda
aýdyşymyz ýaly geýnip
köçä çykan gyzlary gören
erkek psihologiýasy bu
gyzlary ýeňilkelle
hasaplap, lak atyp ýa-da
aldap bolar diýip kabul
edýär. Köçede gowy
geýinmegi halaýan aýal-
gyzlar öýlerine gelip,
özleriniň üns çekiji
geýimlerini aýyryp, ala-
beder halatlary geýýärler.
Şu ýerde geň hadysa
bolup geçýär. Aýallar öz
ärleriniň öňünde bezemen
geýnip, gowy görünmegiň
ýerine, öýde özleriň
betnyşan halatlaryny
geýip, ärleriniň ünsini
çekmegiň ýerine, öz
aralaryndaky gatnaşykda
sowuklyk emele getirýär.
Emma, ol aýal köçede we
işde ähli erkekleriň ünsüni
çekmek üçin elde baryny
edýär. Ýeri gelende
aýtsak, umuman daş-
töweregimizdäki ýarym
açyk aýal-gyzlar
erkeklerde hyjuw-
duýgylaryny peseldip,
olaryň potensiýasyny
peseldýär. Şeýlelikde
erkekler aýala bolan
höwesli garaýşyny
ýitirýär. Yslam we
musulman ýurtlarynda
ýapyk geýinýän aýallaryň
açykrak geýinmekleri
erkeklerde uly hyjuw
döredýän bolsa, onuň
tersine açyk geýinýän
aýallaryň gurşawynda
bolan erkeklerde
öwrenişmeklik sebäpli
huwuj-duýgylary pesdir.
Bu äçyklyk näçe köp
boldugyça erkeklerde
duýgylar we potensiýa
barha peselýär.
Erkeklerde potensiýanyň
peselmegi, göwnine
ýetilmedik, ýagny, är-aýal
gatnaşyklaryndan närazy
aýallaryň sanyny
köpeldýär, bu bolsa
aýallaryň ärlerine ikilik
etmekliklerine çenli baryp
ýetýär. Elbet-de, bu işe
üns çekiji we açyk-seçik
geýimler bilen başlaýarlar.
Şeýlelikde-de
islenilmeýän netijeler
emele gelmäge başlaýar.
Maşgalasyndan daşarda
öz seksual höwesini
kanagatlandyrmak isleýän
aýal, şeýle ýola düşmek
bilen, ol hakyky sarsgyny
başdan geçirýär. Bu bolsa
onuň durmuşynda yzsyz
galmaýar. Bu sarsgynyň
öwezini dolmak üçin,
edýän ikiliginden aňrujy
lezzet almak isleýär, bu
hem elmydama
başardanok. Bu sebäpli
hem, ol başyndan
geçirýän psihologik
ejirlerini aýyrmak üçin
ýene-de täze zyna
gatnaşyklaryna ýüz urýar
we her gezekde onuň
islegi köpelip,
kanagatlanma derejesi
bolsa peselýär. Bütin bu
zatlaryň netijesinde aýal
her gezek ýat erkegiň
öňünde peselýär we her
kime elýeterli ýaly bolup
görünýär. Ol elmydama
masgaralanmak we
peseldilmek howpy içinde
ýaşaýar. Oňa ýokuşjak
keseller barada gürrüň
hem etmäli.
Biz ýazgymyzyň başynda
açyk-seçik geýnip köçä
çykan gyzlary gören
erkek psihologiýasynyň
bu gyzlary ýeňilkelle
hasaplap, lak atyp ýa-da
aldap bolar diýip kabul
edýänligi barada aýdyp
geçdik. Şeýle aýal-gyzlara
zorluk görkezilende,
olaryň hiç hili garşylyk
görkezmez diýip
hasaplaýarlar. Olaryň
hasaby köplenç dogry
çykýar.
Bunuň tersine, köçede
asylly geýnen aýal-gyzlara
betniýetlilerkelç-külç söz
aýtmaz, birinji bilen ol
aýgytly garşylyga
duşjagyny bilýär, ikinji
bilen onuň asylly aýal
maşgala mahsus bolan
geýnişi, erkekde erbet
pikirleri oýarmaýar, üçinji
bilen bolsa zorluk
görkezilen ýagdaýynda
onuň gerekli ýerlere ýüz
tutjakdygyny bilýär.
Meniň medisina
praktikamda asylly
maşgalalaryň zorlanylan
halatlary gaty seýrek
duşdy...