Ýaramaz kişiler seni halamaýan bolsa, diýmek, gowy adamsyň! * * * Aristotelden – Aleksandr Makedonskiniň daýysyndan sorapdyrlar: – Seniň özgelerden parhly tarapyň näme? – Özgeler iýmek üçin ýaşaýarlar, men ýaşamak üçin iýýärin. * * * Agaja münen görmegeý zenana gözi kaklyşan Sokrat bialaç dillenipdir: – Ähli agaç şeýle ajap miwe beräýse bolmaýarmy?! * * * Ýazyjyny ýazyjy edýän – öz ýazanyna kembaha garamagy başarmagydyr. * * * Özüň döretmek – parlap ýanmak, özgelerden täsirlenmek – sönmekdir. * * * Akmaklyk ýyrtyk içmege çalymdaş, ýamap aňyrsyna çykyp bolmaýar. * * * Abraý-dereje gazanmak üçin, diňe akylly bolmak däl-de, özüňi akylly alyp barmak hem gerek. * * * Edebiýatda ýönekeý ýazyjy-şahyrlaryň gerekligi, goşunda atsyz-derejesiz ýönekeý esgerleriň möhümligi ýalydyr. * * * Iki kişiden ätiýaçly bolmak gerek: ejiz duşmandan, mydama ötünç soraýandan.
Alymlara uýsañ achylar gözüñ...
-
Tourist
13 years ago
- Öran gowy thank's
-
Tourist
13 years ago
- Öran gowy thank's
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, tourist!
-
Medik
13 years ago
- Gowysy matal, tampaca ýaz
-
Medik
13 years ago
- Gowysy matal, tampaca ýaz
-
Maykl
13 years ago
- öňem okapdym, yene-de okadym! =) minnetdar paylashanyň ucin friendship!
-
Ennio
13 years ago
- Ajaýyp sózler, kóp sagbol Friendship! Šeýle sózleriň gymmaty čáksizdir.
-
asiya
13 years ago
- Thanx..
Tourist 13 years ago- Öran gowy thank's