Türkmen milletimiz gaty gadymy millet. Ençeme döwletleri hem gurupdyrlar we dolandyrypdyrlar. Şonuň ýaly hem Türkmenistanda gadymy ýadygärliklerdir, mowzeleýlar ýa-da ýagşyzadalaň gubury hem ýerleşýär. Şolardan biri hem şübhesiz Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda gubury ýerleşýän Büreýde babadyr (Büreýde bin Esleme). Men hem şu ýazgymy Büreýde babanyň Yslam dinini kabul edişi bilen baglanyşykly, Pygamberimiz s.a.w. bilen bolan wakany size ýetiräýeýin diýdim.Ýöne aýplaşmaň gazetden göçürilendir.
Büreýde baba (Pygamber dosty, sahaba).
-
Nechka94
13 years ago
- kop sag bol dost. Agzalar mara geleninizde bureyde baban guburyna zyyarat etmegi yatdan cykarman. Cunki ol bir sahaba. Ahyryet guni soraga cekilen hz.bureyde bize bash boljakdyr. Biz ondan hemayat sorajakdyrys.
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Beh, şu zyyarat, öwliya barada tema açmagyñyzy sorapdym weli; büreyde babanyñ baş boljagyny nireden öwrendiñ nechka?
-
ALADIN
13 years ago
- Sag bol mirasymyz men bu barada öñ e$tmändim
-
ALADIN
13 years ago
- Sag bol mirasymyz men bu barada öñ e$tmändim
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagboluň dost, okap peýdalananyňa. Şunuň ýaly peýdalyrak zatlar açylsa gowy bolarmyka diýýän. Isle sport bolsun, edebiýat bolsun, tehnologiýa, haýwanat dünýäsi barada, ýa saglyk barada açylyp ýetirilip dursa-ha gowy boljak. Soňky döwür birhili saýtyň gyzygy gaçyp barýar. Gyzykly temalar açylanok.
Kuraldyşy dost hakykatdanam şonuň ýaly hadys barmyka diýýän. Nechka dogry aýdýar. Kyýamat magşarda şu töweregiň,(ýagny orta aziýa taraplar mysal alynýan bolmagy ahmal) musulmanlaryna ýolbaşçy boljak, Büreýde bin Esleme r.a.
-
byagulechka
13 years ago
- maglumatlarynyz uchin minnetdar menem on eshidip gormandim
-
turkmentalyp
13 years ago
- hemayaty büreyda r.a. berenok nechka. hemayaty dine Huday beryar. yogsam Hudayyn guyjune tohmet atan yaly bolyan.
-
mirasymyz
13 years ago
- Turkmentalyp dostum, dawa gerek däl. Nechka hem tersiräk düşündiňiz.
-
turkmentalyp
13 years ago
- dawa uchin yazamok. nadip dushmeli ona.
mirasymyz 13 years ago- Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem - s.a.w.) Mekgeden Medinä hijret edende, müşrikler Ony (s.a.w.) tutup getirene ýüzlerçe düýe, mal-mülk wada beripdi. Baýlyk arzuwyndaky ençeme adam Onuň (s.a.w.) gözlegine çykypdy. Özlerini küpürden halas edip, Hakykata ýöneltmek üçin dünýä inen Ýol görkezijini öldürmek niýeti bilen ýola düşenleriň biri-de Büreýdedi. Pygamberimiz (s.a.w.) Kuba baranynda, goly gylyçly Büreýde-de gelip ýetipdi. Aralarynda birnäçe ädim galanynda Hz. Ebu Bekir (Allah ondan razy bolsun! – r.a.) Allahyň Resulynyň daşynda perwana bolupdy. Resulullah “Edýäniň näme?” diýip soranda, gözi ýaşly sadyk dost “Saňa zeper ýeter öýdüp gorkýan, ýa Resulullah!” diýip jogap beripdi. Älemlere rehmet diýlip iberlen Nebi (s.a.w.): “Gam çekme, eý Ebu Bekir, Allah biziň bilendir” diýip dostuny teselli edipdi.
Büreýde has golaýlaşyp, aralarynda bir gylyçlyk uzaklyk galýar. Ol gylyjyny gynyndan çekip, ýokary göterýär we ýaňy aşak indirjek wagty, Älemleriň Serweri (s.a.w.) sähelçe yzyna öwrülýär. Nazarlaryny Büreýdäniň nazarlaryna dikýär. Göz-göze gelýärler. Göräýmäge, ýekeje bakyşdy. Emma garşydaky ynsaply we kalby duýgur bolansoň, şol bakyşda giden manyny okapdy. Hakyň Resuly oňa: “Senemmi, eý Büreýde?! Men sany tanaýardym. Sen asylly adamdyň. Ýogsam, senem bu dünýäniň mal-mülküne, zynatyna ynandyňmy? Senem seni diriltmäge geleni öldürjek derejede aldandyňmy? Senemmi?..” diýipdi.
Büreýde ilki saklanýar. Soňra-da, başyndaky sellesini çözüp, ony gylyjynyň ujuna daňýar. Nebiler Serwerine ýakynlaşýar. Elini kükregine urup, göz ýaşlary içinde “Menem, ýa Resulullah, menem. Seniň ýaly Pygamber Medinä tugsuz girmesin; men seniň tugdaryň bolaýyn” diýýär. Şunlukda, Büreýde Resulullahyň ilkinji tugdary, gylyjyň ujuna daňlan şol selle hem ilkinji tug hökmünde yslam taryhyna geçýär.