Ejemjan. Aýlansam diň jahany. Tapmaryn seň ýyly mähriňi. Küýsesem geler gursagyň ýylysy. Mähribanym ejemjan. Bolmaz özge eller. Bolmaz özge sözler. Seň ýyly sözleriň deýin. Jan jigerim ejemjan. Gün ýylatsa älemi. Aý bezese gijäni. Sensiň öýümizin ýylysy. Sensiň eneleriň seresi Aýlansam elleň degen ýerlerini. Tapmaryn hiç kemini. Bişirseň ýyly nahary. Unutman onuň tagamyny. Dünýämi däl, bütün dünýäni. Gurşaýar seniň söýgiň ejemjan. Alys ýurt, uzak bolsada aramyz. Seň ýylgyrşyň köňülümde ejemjan. Saklasamda aýamda. Ulaldyk seň saýaňda. Az näçe dursak huzuruňda. Saňa karzym kän eje. Baky bolsun uzyn ýaşyň. Gözüňden aksa bagtly gözýaşyň. Şoldyr biziň bagtymyz. Uzak ýaşa ejemjan. Batyr Şabasanow:“ Ejemjan” goşgysy. Aşgabat 2011 ýyl.

Köneler, BATYRAVALON tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir