Salam gadyrly doslar, armañ, gowmy okuwlaryñyz, ishleriñiz. Bu günki harasat. Ertir ir bn turdym, ýuwundym, Namazlyga münüp, beýik allama ybadat etdim. Onsoñ ertirlik edinip oturshuma, gözümi bir nokada dikip, durmushda käbir kelle agyrdyjy aladalary kellämde aýlap, pikir ummanyna batyp oturypdyryn. Seretsem sagat 7:30. Birden okuwa gitmelidigim ýadyma düshdi. Ala hysyrdy bolup, egin - eshiklerimi geýip, tahýa bn galstugymy ýatdan chykaryp, gapydan ot ýaly chykyp gaýdypdyryn. Daýym pahyrdan galan, köneje 7-nji wypustka ulagyma otladymda, okuwa ýola rowana boldum. Ýolda hudaý saklady, hälem gai ýok, köp ýol düzgünlerini bozdum, käbir mashynlaryñ eýeleri bn mashynyñ ichinde ysharat bn "bagyshla" diýip, howlugyp zordan okuwyñ golaýyndaky jaýlaryñ arasyna gelip ýetdim. (Okuwam özüñiz bilýäñiz, mashynly barmak, asla talyba mashyn sürmek gadagan.) Ýeri onsoñ, mashyndan düshenimem sholdy, gözlerim eddil ogrynyñ gözi ýalydy, bir zatlar gözleýän ýalak bolup durshuma, shol barmana añyrdan okuwmyzyñ "rektaratdan" diýilýän iki sany mugallym meniñ mashyndan düshenimi görüp, ylgashyp geldiler... dowamy bar.
Bu günki harasat
-
Friendship
13 years ago
- Bu durmush-da, agam! Käwagt sheýleräk ýagdaýlaram bolýar.:-)
-
Selman
13 years ago
- Aý näme, eýtdim beýtdim oglanlardan galstugam tapdym, tahýada tapdym sheýdip amanat baryny geýindimde zordan irdenki nyzama ýetishdim. Ýöne intäk ol habar dekana barmandyr, dekan sesini chykaranok, öz mugallymlarym ýûzûnde hich hili ysharat ýok.
Nyzam gutardy, okuw bashlady. Auditoria sygamok hachan biri geler meni rektarada äkider, ene-atany chagyrar (ýogsa özüm ata :-) ), dushündirish ýene ýene kelle agyrdyjy aladalar bn zordan 3 parany okadym.
Hich hili mugallymlardan ses üýn ýok. Seredip otursam bu jumga güni eken. Gitdim metjide, jumga namazyny okadyk, doga okadyk, sheýdip oturshuma, seretsem meniñ yzymda hälki meni mashynda tutan mugallym bolsa nätjek. Yzyma seretdimde ýylgyrypjyk ysharat bn salam berdim. Olam meni bir ýerde gören geñ seredip bir hili boldy. Sheýdip metjitden chykdyk. Menem näme indi, allah pursat berdi, indi özüme bagly diýdimde hälki mugallymyñ idegine chykdym. Görsem derwezeden chykyp barýa. Yzyndan ylgap ýetdim, "esselemaleýkum mugallym, allah kabul etsin" diýdimde elleshdim...
dowamy bar, namaz wagty boldy, bagyshlañ.
-
Selman
13 years ago
- - "Waleýkumsalam bezzat talyp, ýeri nähili gowmy señkem kabul bolsun. Beee mundan chykdow" diýdide tanap gylgyrdy.
- " sagboluñ mugallym! Nemele mugallym ýañy dekanyñ ýanyna bar diýdiñiz welin, dogrym aýtsam menä barmadymam, ýokush görmeseñiz shu gezeklikche gözüñizi ýomsañyz örän minnetdar bolardym".
-"haý :-) oñarypsyñ, meñ bu gün ishim chykdy, ishden irräk gaýtdym, barmadygyñ gowy bolupdyr. Inim iñ soñky gezegiñ bolsun, indiden beýläk gechirimlik ýok bolýamy, akylly bol, dawaý göze düshmejek bol, sagbol" diýdide gidiberdi. Menem
- "sagbol mugallym tañry ýalkasyn" diýdimde begenip gaýtdym.:-)
ine agzalar seýleräk.
musulman musulmanyñ doganydyr, olar süýtdesh doganyndan hem ýakyndyr.
Jumga namazyñyz kabul bolsun.
-
shirhan4ik
13 years ago
- dost senina bagtyn chuwupdirow...
-
EsCaDa
13 years ago
- bah.. sana ýarlama bolup galar..
-
EsCaDa
13 years ago
- #yatlama
-
Maykl
13 years ago
-
Maykl
13 years ago
-
Maykl
13 years ago
indi bolaydy oydyan, pardon!
-
idealman92
13 years ago
- Selman,alla gorapdyr seni!gowy adam bolsan sheyledirle
Selman 13 years ago- -"howwa, talyp salam".
-"salam mugallym".
Aljyrap mugallymlara birinji salam bermänem unudaýypdyryn.:-)
-"talyp, adyñ familýañ, haýsy fakultet, haýsy hünär,ugur, nächinji ýyl, mashynyñ seriýasy".
-"pylan-pylan fakultet, hûnär, ugur, ýyl" diýip aýtdym.
Onsoñ mugallym mugallym bolýada, olaryñky elmydama dogry. Ýene-de sorag baryny, akul baryny berip, bashymy aýlap bashladylar.
Men aýtdym: "ýoldash mugallym, men shu wagt okuwyñ ichki tertip düzgünini bozanlygymy doly boýnuma alýan, ýöne maña düshüniñ, meni bagyshlañ, gaýdyp mashyn sürmen" diýenimem sholdy welin, ol barmana mugallymyñ biri "hany galstuk, hany tahýa" diýdide bar zady üsti üstüne etdi oturuberdi.
Ichimden "eý allajan görkez gudratyñy, kömek et allam" diýip, durshuma birden ol mugallym "sen häli dekanyñ ýanyna bar diýdide" ötä gitdi...
dowamy bar