aň agaryp ugrandan gündogardan gün hem gyzaryp dogdy.Gün bilen tebigat hem bile oýandy.Ähli janly- jandarlar herekete geldi.Han-ha, bir adam bolsa ýaňy dogan güni ýüzüne sylyp dur.Kekeçleri köz ýaly horazlar bolsa, günüň doganyny biri- birinden öň habar berjek bolup sesleriniň ýetdiklerinden gygyryşýarlar.Akly- gyzylly al-elwan güller hem öňküsinden gözelleşip, ertiriň çygyna has ter, owadan görünýardi.Gün öz täsirini al- asmandan görüp guwandy. ... Birdenem, gülleriň arasyndan özüne garap ösüp oturan ,beýlekilerden owadan, ter akja güle gözi düşdi.Gül boýy ýerden galaly bäri güne aşykdy.Emma uzakdan al-asmandan seredýän gün, mundan ozal bu güli görmändi.Ol ilkinji gezek görenden gülüň sagdyn baldaklaryna, ter ýap-ýaşylja ýapraklaryna yşky düşdi.Ol yşkyny beýan etjek bolup öz ýyly gyzgyn mährini şol güle gönükdirdi.Gözüni akja gülden aýyrmady.Gül bolsa günüň özüni beýleki güllerden saýlap seçendigini bildi.Gül günüň ýyly mährinden çoýunyp öňküsinden hem gözelleşdi.Kä mahallar günüň öňüni bulutlar tutup tebigaty biraz suwarjak bolsa-da gün göýçligollary bilen bulutlary öz öňünden syryp aýyrýardy-da öz akja gülüni gözläp tapardy. Akja gül hem öz güýçli hökümdaryny biraz görmese, derrew saralmak solmak bilen bolýardy. Bir gün bolsa gülüň daşynda bir kebelek peýda boldy.Kebelek gülden güle gondy.Ahyry hem gelip akja gülüň daşyndan aýlandy-da, onuň üstüne gondy.Kebelegiň ýaýan ganatlarynyň aşagyndan gül indi görünmänsoň, asmandan seredýän günüň gahary ýetjek derejesine ýetdi.Ol güli görenden bäri bir salym ony görmese oňup biljek däldi.Emma gülüň ýerdäki aşygy kebelek hem gülüni sypdyrmady.Gün öz ýanyndan golaýdaky gara bulutlara güýji ýetse-de, ol iň ejizje kebelege güýjüniň ýetmeýändigine gahary geldi. Emma aşyk kebelegiň bu zatlardan habary ýokdy.Ol öz söýgüsi hakyndaakja güliň gulaklaryna aýdym aýdyp berýärdi.Akja güle-de öz daşynda pelesaň kakyp aýlanýan kebelegiň söýgüsi hoş ýakman durmady.Ol kebelegiň süýji sözlerinden ganyp güni ýatdan çykardy.Ol indi günsüz oňup biljekdi.Sebäbi onuň daşynda, ony günden hem gowy görýän perwanasy bardy.Kebelek gün ýaly uzakdan däl- golaýdan Söýgi aýdymlaryny aýdýardy. Gün her gün öz akja gülüni görmäge howlugyp daňyň ataryna garaşýýardy.Bu günem ol ir dogdy- da güle bakdy.Emma perwana günden öňürtiläpdir.Ol ýene akja gülüň daşynda-dy. Gün mundan artyk çydap bilmedi. Özüniň ýatdan çykarylanyna çäresizligine , gülüň biwepalygyna gahary ýetjek derejesine ýetdi-de gyzardy, ýandy.Onuň ýakyp,ýandyryp barýan gahary ýer ýüzüne-de täsirini ýetirdi.Bar zat gyzgyna çydaman saralyp soldy. Kebelek hem akja gülüň daşyndan aýryldy-da başga ýerlere uçup gitdi.Gün zemine seredende akja gülüň özüne naýynjar bakyşyny gördi.Onuň ýapraklary saralyp süllerip galypdyr.Ol sessiz haýyş etdi Maňarehimiň insin?! Gazaply gün öňküden-de beter gyzdyrdy.Gül bu gyzgyna çydaman beýleki gülleriň arasynda ýitip gitdi. Ertesi ir bilen gahar- gazaby ýýatyşan Gün ýene oýanan badyna ýere seredip, Akja güli gözledi. Düýnki gahar- gazabynyň zarbyna çydamadyk akja gülüniň solandygyny bilip, öz öňüne gelen gara bulutlara ýol berdi.Bulutlar aglap-aglap diňenden soň, ol ýene- de gülüni gözledi.Emma indi akja gül ýokdy... Oňa derek başga gülleriň daşynda pelasaň urup,söýgi aýdymyny aýdýan kebelegi gördi...
Günüñ söýgüsi
-
hallboy
13 years ago
- Howwa, shular yaly zat menin yashayyshymda bolupdy. Mana nesip eden rol kebelek, yone men aydymam aytmandym, pulam sechnandim. Bet yazylypdyr, minnetdar dost!
-
Senem
13 years ago
- Waheý, gûljagaza gynandymda. Gûnem beýle uzakda durmaly dål-då øzi
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Aladin ösüş bar, tüweleme dowam ediber
-
ALADIN
13 years ago
- Tüweleme abadan,bu hekaýa düshüneniñize gaty begendim.Pikiriñiz hem dogry,ýöne bu hekaýa köp zady mysal getirip deñeshdirseñ boljak...
Elbetde bu ýerde güni oglan hökümünde akjagüli hem gyz hökümünde gelýär,ýöne näme ucindir akjagül bashga özüne ýakyn we añsat oglany (kebelek) saýlaýar,we soñundan aldanyp saralyp solup galýar...
-
Abadan
13 years ago
- Menin pikirimca aladin saylan gyzyna bagly. 5barmagyn den bolmaysy yaly gyzlanam hemmesi den dala. Yurekden cykan soyga dusunyan bar,dusunmeyan.
Abadan 13 years ago- Tasirli yazylypdyr aladin. Okap bir durmusda bir oglan bir gyza asyk bolsa,gyzanyma asyk bolana dalde kebelegin aydym aydysy yaly,aydxm dalda pul ecilyan oglana seredip asyk oglany gormeyan yaly wakalar yadyma dusdi. Bu tema gun,gul .kebelek hakda bolsda,manysyna dusunsen bir oglanyn bir gyza asyk bolsy hakda diysenem bolyar.