Teke-türkmen halysynyň aklyňy haýran edýän sungat eserdigi hakynda dünýä taryhynda belli syýahatçylaryň, sungatöwrenijileriň, taryhçylaryň aýdanlaryny gaty köp ýerde tutaryk edinýärler. Hakykatdanam „zeri zergär tanaýar“. Mysal üçin, futbol hakynda braziliýaly meşhur Peläniň, argentinaly Maradonanyň, germaniýaly Bekenbaueriň, fransiýaly Platiniň… aýdanlaryny ýönekeý janköýeriň aýdanlary bilen deňäp bolmaz. Ussatlaryň beren bahasy jedelsizdir. Şu ýerde meşhur wenger syýahatçysy Arminiý Wamberiniň halylarymyz hakynda aýdan sözüne ünsi çekmekçi bolýarys. „…Reňkleriň haýran galaýmaly arassalygyndan, matasynyň berkliginden başga-da, bu göçüp-gonup ýören ýarym wagşy zenanlaryň şekilleriň simmetriýasyny saklamak başarnyklary hem inçeden duýuşlary ýewropalylaryň gaty köpüsine „Aňry otur“ diýdirip biljek…“ Geliň, meşhur alymyň zenanlarymyzy “göçüp-gonup ýören ýarym wagşy” diýip atlandyrmasyny „Aňry otur“ diýiljek ýewropala düşnükli bolsun diýlip aýdylan hasap edeliň. Çünki simmetriýany inçeden duýmak we ony saklamak başarnygy göçüp- gonup ýören ýarym wagşynyň edip biljek zady däl. Muny taryh subut etdi. Şol döwürlerde ýarym wagşy diýlip göz öňüne getirilen halkyň örän çuňdan gaýdýan medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň, taryhynyň bardygyna hut Wamberiniň özi hem göz ýetiren alym. Biz onuň uly zähmet siňdirip, başardygyça terjime edip Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýewropalylara tanadan alymdygyny bilýäris. Hakykatdanam, simmetriýany inçeden duýup we saklamagy başaryp, hala girizen zenanlar bilen däl, şol zenanlaryň ýörelgesini ýitirmän, arkama-arka öwrenip, olary biziň günlerimizde gaýtalap bilýän halyçylaram ýewropalylary haýrana goýýar. 1996-njy ýylda Ganowerde geçirilen Bütindünýä sergisinde belli halyçymyz Ogulnabat Meredowanyň haly dokaýşyny gören daşary ýurtly synçylar: „Siz barmaklaryňyz bilen erişleri-de sanap alaňyzok. Türkmenler ir wagtlar kompýuter ulgamyna geçipdirler“ diýip baha beripdirler. Halyçylyk sungatymyzy daşary ýurtlular ýöne ýere kompýuter ulgamyna deňemeýärler. Muňa has gowy göz ýetirmek üçin Wamberiniň „simmetriýany inçeden duýmak we ony saklamak“ diýýänine düşünjek bolalyň.

Köneler, sahett tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir