"Düýşümde-de ýaňagymdan ogşama” Merjen monjuk, ýakut gaşly gülýaka Sowgat alyp dakma oglan döşüme. Söýgiň gudratyndan sergezdan bolup Gijelerem girme meniň düýşüme. Gujak açyp suwly ýaplaň boýunda, Hyýalyňda gujagyňda göterme. Ýok, ýok, sypalama gara saçlarmy Ýalbarýan ýürekden ýanymda durma. Meňzetme sen meni daň säherine Meňzetme sen meni aýly agşama. Mähir bilen demiň çaýyp ýüzüme, Düýşümde-de ýaňagymdan ogşama. Goý, gama batmasyn gara gözleriň, Unut meni, örteme sen bagryňy. Düşün ahyr, meň ýüregim küýseýär, Alyslarda galan şahyr ýarymy.
Annasoltan Kekilowa (gosgulary)
-
ALADIN
13 years ago
- Garşylaň gyzlary
Owadan, siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleň eýesi, guşlaň eýesi.
Hüşermäň, oglanlar, göriplik etmäň,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.
Görýäs biz olary uzak ýollarda,
Görýäris zavodlaň gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlaň her günde.
Gyzlar baş daraýar aýnaň öňünde,
Gün äpet göwresin sallanda ýere.
Goý, olar beslensin, goý,
beslenmesin,
Deňemäň görklerin göwhere-zere.
Gün gizlenýär äpet gomlaň teýinde,
Barýar gyzlar köçelerden howlugyp.
Baýyrlaň üstümi, köprüleň gerşi,
Parhy ýok, oglanlar, garşylaň gülüp.
Garşylaň siz syr saklaman ýürekde,
Boluň siz näzijek gyzlaň eýesi.
Düşüniň, oglanlar, aýaň gyzlary,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.
-
ALADIN
13 years ago
- Biziň gapymyzdan daglar görünýär
Biziň gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglaň hem öz ýüregniň dagy
bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniň
Almaly, injirli gözel bagy bar.
Ugramakçy bolsam alys illere,
Şu daglardan pata alýan hoşlaşyp.
Galýar daglar meniň dogduk ilimde,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Galýar daglar, galýar äpet bürgütler,
Gidýärin, alyslar garşylar meni.
Ýene daglar göz öňümde janlanýar,
Ýatlamda enemiň aýdymlaryny.
"Bu daglaň gerşine näçe guş gondy,
Bu daglardan uçup gitdi näçe guş.
Näçe gezek bu daglarda buz doňup,
Näçe gezek ýuwdy gerşini ýagyş.
Öpdükä, gör, näçe ynsan aýagyn,
Bu daglaň göwsünde uzaýan ýollar?
Näçe gezek açyldyka gunçalap,
Sürçek gaýalarda ýylgyran güller".
Gaýtalap enemiň şu aýdymlaryn,
Bir wagtlar meňem ýumular gözüm.
Şonda daglar pata berer hoşlaşyp,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Biziň gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglaň hem ýüreginiň dagy bar.
Kä egninde paralanyp bulutlaň,
Däli derelerniň joşýan çagy bar.
-
ALADIN
13 years ago
- Biziň gapymyzdan daglar görünýär
Biziň gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglaň hem öz ýüregniň dagy
bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniň
Almaly, injirli gözel bagy bar.
Ugramakçy bolsam alys illere,
Şu daglardan pata alýan hoşlaşyp.
Galýar daglar meniň dogduk ilimde,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Galýar daglar, galýar äpet bürgütler,
Gidýärin, alyslar garşylar meni.
Ýene daglar göz öňümde janlanýar,
Ýatlamda enemiň aýdymlaryny.
"Bu daglaň gerşine näçe guş gondy,
Bu daglardan uçup gitdi näçe guş.
Näçe gezek bu daglarda buz doňup,
Näçe gezek ýuwdy gerşini ýagyş.
Öpdükä, gör, näçe ynsan aýagyn,
Bu daglaň göwsünde uzaýan ýollar?
Näçe gezek açyldyka gunçalap,
Sürçek gaýalarda ýylgyran güller".
Gaýtalap enemiň şu aýdymlaryn,
Bir wagtlar meňem ýumular gözüm.
Şonda daglar pata berer hoşlaşyp,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Biziň gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglaň hem ýüreginiň dagy bar.
Kä egninde paralanyp bulutlaň,
Däli derelerniň joşýan çagy bar.
-
ALADIN
13 years ago
- Biziň gapymyzdan daglar görünýär
Biziň gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglaň hem öz ýüregniň dagy
bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniň
Almaly, injirli gözel bagy bar.
Ugramakçy bolsam alys illere,
Şu daglardan pata alýan hoşlaşyp.
Galýar daglar meniň dogduk ilimde,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Galýar daglar, galýar äpet bürgütler,
Gidýärin, alyslar garşylar meni.
Ýene daglar göz öňümde janlanýar,
Ýatlamda enemiň aýdymlaryny.
"Bu daglaň gerşine näçe guş gondy,
Bu daglardan uçup gitdi näçe guş.
Näçe gezek bu daglarda buz doňup,
Näçe gezek ýuwdy gerşini ýagyş.
Öpdükä, gör, näçe ynsan aýagyn,
Bu daglaň göwsünde uzaýan ýollar?
Näçe gezek açyldyka gunçalap,
Sürçek gaýalarda ýylgyran güller".
Gaýtalap enemiň şu aýdymlaryn,
Bir wagtlar meňem ýumular gözüm.
Şonda daglar pata berer hoşlaşyp,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Biziň gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglaň hem ýüreginiň dagy bar.
Kä egninde paralanyp bulutlaň,
Däli derelerniň joşýan çagy bar.
-
ALADIN
13 years ago
- Köpden gidipdir bagyshlarsyñyzda
-
sahett
13 years ago
- ayalam tuweleme arinden galanok mena hayran tuweleme
-
littil
13 years ago
- aladin gowy goşgular tüweleme.
-
ALADIN
13 years ago
- @sahett dost ol aýal bu ýagty jahanda ýok.Annasoltan kekilowa oñ durmushy agyr kyn ýagdaýda gecen.Oñ durmushy hakada basym tema acaryn.
@littil sag bol
-
Abadan
13 years ago
Söýemok men bu jahanda
Ýaranjaklap gün görmäni.
Ýagşy görýän beýle günden
Öz ajalma jan bermäni.
Niçik bolar şemal ýaly,
Çar tarapa öwsüp dursam?
Ýan bermeli bolar onda,
Garşymda gaý, tupan görsem.
Dönmerin öz pikirimden,
Atsalar-da ýanar oda.
Ömrüm boýy hyzmat etjek
"ynsan" diyen belent zada!
-
Abadan
13 years ago
sahett dost ol aýal bu ýagty
jahanda ýok.annasoltan
kekilowa oñ durmushy agyr kyn
ýagdaýda gecen.oñ durmushy
hakada basym tema acaryn.
@littil sag bol
aladin | 2011-08-01 05:52:23
menem bu sahyr tanamokdym,arada tes.com'da su hakda tema acanlarynda,durmusy hakda aydanlarynda gynandym. Dogrydanam kyn gunleri basynda geciripdir. Gosgylaram yurekde galyan gosgular.
-
ALADIN
13 years ago
- @abadan goshandyñ üçin
-
ALADIN
13 years ago
- *sag bol abadan
ALADIN 13 years ago- Garşylaň gyzlary
Owadan, siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleň eýesi, guşlaň eýesi.
Hüşermäň, oglanlar, göriplik etmäň,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.
Görýäs biz olary uzak ýollarda,
Görýäris zavodlaň gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlaň her günde.
Gyzlar baş daraýar aýnaň öňünde,
Gün äpet göwresin sallanda ýere.
Goý, olar beslensin, goý,
beslenmesin,
Deňemäň görklerin göwhere-zere.
Gün gizlenýär äpet gomlaň teýinde,
Barýar gyzlar köçelerden howlugyp.
Baýyrlaň üstümi, köprüleň gerşi,
Parhy ýok, oglanlar, garşylaň gülüp.
Garşylaň siz syr saklaman ýürekde,
Boluň siz näzijek gyzlaň eýesi.
Düşüniň, oglanlar, aýaň gyzlary,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.