Salam agzalar men bu goshgyda käbir anyk bilmeýän soraglaryma jogap tapdym we meni ol jogaplar pikirlenmäne mejbur etdi.sizem bu goshgyny doly okamagyñyzy maslahat berýän. Diýdi: “Habar ýok sizden” Diýdim: “Pelek, sowal bar”. Diýdi: “Adalat bizden”. Diýdim: “Dünýä giň olar”. Diýdi: “Habar ýok bizden”. Diýdim: “Ol ne don erer?”. Diýdi: “Köpendir biýzden” Diýdim: “Tende ýaram bar”. Diýdi: “Gizläp gez gözden” Diýdim: “Yşka diwana”. Diýdi: “Ýüz tut permana”. Diýdim ki: “Ne permandyr?”. Diýdi: “Geldi Tebrizden”. Diýdim: “Ne çarh aýlanýar?” Diýdi: “Dünýä ýelidir”. Diýdim: “Adam ne gülmez?” Diýdi: “Janly ölüdir”. Diýdim: “Ol ne egrelmez?” Diýdi: “Yslam ýoludyr” Diýdim: “Aldym permany”. Diýdi: “Ýüz tut Kurana”. Diýdim: “Ol ne gapysyz?” Diýdi: “Şeýtan pälidir” Diýdim: “Ol ne şäherdir?” Diýdi ki: “Ýalan jahan” Diýdim: “Kimler şa erur?” Diýdi: “Gury jeset, jan” Diýdim: “Ol kim aglaýyr?” Diýdi: “Ulug Süleýman” Diýdim: “Hak ne isteýir?” Diýdi: “Bagda gül-reýhan” Diýdim: “Bagban aglaýyr” Diýdi: “Bagryn daglaýyr” Diýdim ki: “Alaç eýle!” Diýdi: “Lukman ezizden”. Diýdim: “Bir gözel gördüm” Diýdi: “Mahy-tabyndyr” Diýdim: “Kimse jan bermez?” Diýdi: “Bir hak amandyr” Diýdim: “Kim sürer jahan” Diýdi: “Şa hökmi-rowan” Diýdim: “Perzent öledir” Diýdi: “Haka rowadyr” Diýdim: “Bizge ýetirgil” Diýdi: “Hak diýp otyrgyl!” Diýdim: “Kimde ýok uýat?” Diýdi: “Juwanda-gyzda” Diýdim: “Pyragy ismim” Diýdi: “Pyrkat çeke sen” Diýdim: “Gol-aýak ysmaz” Diýdi: “Daglar çyka sen” Diýdim: “Namart ozadyr” Diýdi: “Mar, sen çyka sen” Diýdim: “Gitdi agmalym” Diýdi: “Garryp çöke sen” Diýdim: “Haka arzym bar” Diýdi: “ Oldur saňa ýar” Diýdim: “Gyşym geçedir” Diýdi: "Habar al güýzden" Beýik shahyrymyz : Magtymguly Atamyzdan
Habar ýok senden
-
ALADIN
13 years ago
- Örän manyly setirler,okap birzatlara düshünersiñiz diýip umyt etýän
-
ALADIN
13 years ago
- Örän manyly setirler,okap käbirzatlara düshünersiñiz diýip umyt etýän
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Bir azajyk dü$ünendirin belki,emma $olam çuññur oýlanmana ýetik boldy.sagja bol älädin ýetireniñe,
-
Tourist
13 years ago
- Sag bol aladin sps
-
flover
13 years ago
- Sheyle manyly setirleri yazanam duzunem sagbolsun
-
ALADIN
13 years ago
- Hemmäñize sag boluñ halap ýazgy edeniñize.
Ýenede shahyrlañ gowudan gowy goshgulary siz bilen paýlashyp duraryn.
-
vesna87
13 years ago
- hak aydylan sozler
ALADIN 13 years ago- Örän manyly setirler,okap birzatlara düshünersiñiz diýip umyt etýän