Bir oglan kakasy bilen daglykdan ýöräp barýardy. Oglan birden ýykylýar we bir ýerini agyrdyp, jynssyz gygyrýar: “AAAhhhhhhhhhhh!!!” Geň galmaly, ol sesiň gaýtalanmasyny eşidýär: “AAAhhhhhhhhhhh!!!” Oglany bilesigelijilikden “Kimsiň?” diýip gygyrýar. Ol dag tarapdan diňe “Kimsiň?” diýen jogaby alýar. Bu jogaba gahary gelen oglan: “Sen gorkak!” diýip gygyrýar. Dagdan oňa “Sen gorkak!” diýen jogap gelýär. Oglan kakasyna garap: “Kaka, bu näme boldugy?” diýip soraýar. Kakasy ýylgyryp: “Oglum, üns ber” diýýär we daga garap, uly sesi bilen gygyrýar: “Men saňa haýran!” Dagdan gelýän ses hem “Men saňa haýran!” diýip jogap berýär. Oglanyň kakasy ýene gygyrýar: “Sen beýik!” Ol ses jogap berýär: “Sen beýik!” Oglangeň galýar, ýöne näme bolýanyna düşünmeýär. Onsoň kakasy oňa düşündirýär: “Adamlar myňa “Ýaň” diýýärler, ýöne bu hakykatda Durmuş. Ol hemişe seniň öz aýdan ýa eden zadyňy yzyna gaýtarýar. Biziň durmuşymyz diňe öz eden işlerimiziň şöhlelenmesi. Eger sen dünýäde köp söýgi, mähir isleýän bolsaň, öz ýüregiňde şonça-da köp söýgi, mähir döret! Egersen öz toparyňda köp başarnyk, ukyp isleýän bolsaň, ukyp-başarnygy ösdür. Bu aragatnaşyk hemme zada, durmuşyň ähli ugruna degişli; durmuş elmydama seniň oňa beren ähly zadyňy yzyna gaýtaryp berýär. Nämälim awtordan terjime.

Köneler, nfs4001 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir