Söýgä Ýanyp-köýüp otyranym düýndi-le, Bu gün buza döndüm, nämüçin beýle?! Öñem käbir gülüp bakmaýan ykbal, Diýdi: "Sen indi bir dogry ýol saýla!". Ýogsa entek söýjekdim men bagrymy paralap hem agaçlary gujaklap, Ýok,sen birden beýdip öçmelem däldiñ, Goýduñ neçüýn aýaklarmy dushaklap?! Söýjekdim-ä onuñ ýylgyryshlaryn, Oýnaklaýan gözleriniñ agyny. Ony ýüregime ýat kyldyñ, indi kim çekisher ýüregimiñ dagyny. Ýok,men entek bu söýgüden irmändim, Beribem görmändim ýekeje posa. Söýgüsinden jyda düshen kishiniñ Durmushy dönäýen ekeni ýasa. Ysgamandyñ senem meniñ güllermi, Ýatyr olar gül meñzini solduryp, Ýoluñ açyk,ýöne dünýäme,siñen, Çyn söýgimi gitseñ bolar galdyryp. Hosh ýakman duranok bu buza dönmek, kösheshmek.Onda-da sessiz aglaýan. "Men seni söýemok!",ynanmañ maña! Adamlar,men öz-özümi aldaýan

Köneler, ALADIN tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir